Daşary ýurtlara goýberilmedik türkmenistanlylar ‘gara sanawa alyndy’

Aşgabadyň aeroportunyň öňünde duran howpsuzlyk işgärleri. Illýustrasiýa suratlary

Aşgabadyň halkara aeroportyndan Türkiýä we Dubaýa gitmegine rugsat berilmedik türkmen raýatlarynyň atlarynyň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň “gara sanawyna” goşulandygyny, uçara goýberilmedik türkmenistanlylar aýdýarlar.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň iýun aýynyň başynda, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň ençemesi özlerine “hiç hili düşündiriş berilmezden”, Stambula we Dubaýa uçjak uçara goýberilmän, yzyna gaýtarylandyklaryny gürrüň beripdiler.

“Dubaýa, Türkiýä gitmekçi bolanda uçara goýberilmedik raýatlaryň ählisini diýen ýaly Migrasiýa gullugy özüniň “gara sanawyna” goşdy. Mysal üçin, şol raýatlar gaýtadan başga ýurda gitmekçi bolanda, ýekelikde ýanyna çagyryp, öňki gidip bilmedik gezeklerini ýatladyp, ‘sen öňem bellikde dursuň. Bizi bizar etme, gidip bileňok sen’ diýip jogap berýärler. Hiç hili günäň bolmazdan, bizi we biz ýalylary beýdip gara sanawda saklamaklary gaharyňy getirýär” diýip, anonim şertde habarlaşan türkmen raýaty aýtdy.

Şeýle-de, ol mundan ýarym ýyldan gowrak wagt öň Dubaýa gitmekçi bolanda, yzyna gaýtarylan türkmenistanlylaryň ýygy-ýygydan soraga çekilip, olaryň häzirki wagt näme bilen meşgullanýandygy barada sowallaryň berilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Bikanun yzyna gaýtarylan raýatlaryň köpüsiniň öýüne Geňeşlikden ýörite adam gelip, näme edýändiklerini we nirede gezip ýörendiklerini soraýarlar. Käbirlerini bolsa, Geňeşliklere çagyryp soraga çekýärler. Öz hökümetimiziň bizi beýdip, nähak kösemekleri uly adalatsyzlyk” diýip, türkmen raýaty rugsat berilse, köp adamyň daşary ýurda gidip işlemekçidigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça maglumat almak üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen habarlaşanda, edaranyň jogapkär resmileri bu maglumaty tassyklamakdan ýa-da inkär etmekden ýüz öwrüp, haýsydyr bir kommentariý bermekden saklandylar.

Geçen ýylyň iýun aýynyň 5-ne türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň we başga-da birnäçe adamyň ähli resminamalarynyň hem-de iş we syýahat wizalarynyň bardygyna garamazdan, Stambula we Dubaýa uçjak uçara goýberilmändiklerini habar beripdiler.

Şonda uçara goýberilmedik ýolagçylar özlerine näme sebäpden ýurtdan çykarylmaýandygy barada anyk resmi düşündiriş berilmändigini, muňa derek, 2 ýyl türme tussaglygy bilen haýbat atylandygyny gürrüň beripdiler.

Ýurtda hereket azatlygy raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara Konwensiýa tarapyndan kepillendirilýär we Türkmenistan bu konwensiýany baryp 1997-nji ýylda tassyk etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň öz kanunçylygy hem raýatlaryň ýurtdan erkin çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklaryny kepillendirýär.

Muňa garamazdan, soňky aýlarda daşary ýurtlara sapar etmek isleýän käbir türkmenistanlylaryň syýahat mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi, ýagny olaryň uçara goýberilmeýändigi barada, Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gowuşýar.

13-nji fewralda Aşgabadyň halkara aeroportynda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybarat ortaça 70 ýolagçynyň Stambula sapar edýän uçara goýberilmändigini, munuň netijesinde olaryň kiçi çäkde protest geçirendigini Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleri habar beripdiler.

Geçen ýylyň awgust aýynda “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat-Stambul aralygyna sapar edýän iki gatnaw reýsi boýunça azyndan 20 ýolagçynyň uçara goýberilmändigi, türkmenistanlylaryň ençemesi gürrüň beripdi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda, Türkmenistan ençeme ýyl bäri dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalyp gelýär.