Aşgabatda ýaramlylyk möhleti geçen azyk harytlary köpelýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň gymmatlamagynyň we käbiriniň gytalmagynyň fonunda, Aşgabatda soňky ulanyş möhleti geçen önümleriň satylyp başlanandygyny, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri aýdýarlar.

Ýagdaýdan habarly aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, ýaramlylyk möhleti geçen harytlaryň arasynda, ýerli hususy firmalar tarapyndan öndürilen süýt-gatyk we kolbasa, ýagny şöhlat önümleri bar.

“Olaryň ählisini garalamak niýetim ýok. Ýöne alyjyny aldawa salyp, ýaramlylyk möhleti üç-dört gün ozal öten tworog, gaýmak, kefir, süzme, çekize ýaly süýt-gatyk önümlerini satýarlar. Şonuň ýaramlylyk möhletiniň geçendigini aýdanoklar. Alyjylaram satyjylaryň ynsabyna bil baglap, soraman harydy alyp gaýdýarlar” diýip, Bugaýew bu harytlaryň, esasan, hususy söwdagärler tarapyndan paýtagtyň bazaralarynyň we söwda nokatlarynyň ählisinde diýen ýaly satylýandygyny gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol soňky hepdelerde öndürilen wagty we soňky ulanyş möhletiniň tamamlanýan wagty görkezilmeýän süýt-gatyk we kolbasa önümleriniň hem köpelýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Şony süpürip alýarlarmy ýa-da alyjylaryň gözüne çöp atmak üçin edilýärmi, muny bilmedik. Ýöne soňky döwürde öndürilen wagty we ýaramlylyk möhletiniň tamamlanýan wagty görkezilmeýän, ýazylmaýan harytlar köpelýär” diýip, Bugaýew belledi.

Ýerli synçylaryň, ýaşaýjylaryň we söwdagärleriň ençemesiniň pikirine görä, bazarlarda ýaramlylyk möhleti geçen harytlaryň satylmagyna sebäp bolýan birnäçe faktorlar bar. Birinjiden, ýerli hususy firmalar tarapyndan öndürilýän süýt-gatyk önümleriniň ýarysyndan gowragynyň soňky ulanyş möhleti öndürilenden 36 sagat soň tamamlanýar. Bu bolsa, söwdagärleriň harydy öz wagtynda satyp, ýerlemegini çäklendirýär.

Ikinjiden, soňky aýlarda ýurtda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gymmatlamagy, şol sanda süýt-gatyk önümleriniň bahasynyň 100%-den hem gowrak ýokarlanmagy netijesinde, bazarlardaky alyjynyň sany göz-görtele azaldy. Bu hem harytlaryň satylman galmagyna getirýär.

“Maryda öndürilen gaýmak ýa-da çekize ulaga ýüklenip, Aşgabadyň bazaryna getirilýänçä, olaryň ýaramlylyk möhletiniň ýarysyna golaýy geçýär. Mundanam başga, bazarlarda alyjylaryň sany az. Şonuň üçin söwdagärler köplenç bu önümleri satyp ýetişmeýärler. Onsoň olar zyýana galmajak bolup, harytlaryň möhleti geçse-de, olary bazar ýa-da dükan tekjelerinden aýyrmaýarlar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran we Aşgabadyň “Mir” bazarynda söwda-satyk işleri bilen meşgullanýan söwdagärleriň biri aýtdy.

Aşgabatlylaryň käbiri bu ýagdaýa bazar administrasiýasy tarapyndan ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigini, özleriniň eden şikaýatlarynyň hem netije bermeýändigini aýdyp, bu ýagdaýdan diňe alyjylaryň ejir çekýändigini belleýärler.

“Harydy käte barlaman alýarsyň. Satyjynyň özem onuň möhletiniň geçendigini aýtmaýar. Soň öýüňe gelip ony açanyňda, zaýalanandygyny bilip galýarsyň. Birnäçe gezek harydy yzyna getirdim. Satyjylar ‘mundan näçe gün öň satyn alansyň. Muny yzyna alyp biljek däl’ diýip, gaýtam üstüňe gatyrganýarlar. Harydy satyn alýan raýata berilmeli kagyz çekler hem dükanlaryň 90%-de ýola goýulmadyk. Bazar administrasiýasy bu ýagdaýlardan habarly bolsa-da, oňa göz ýumýar’” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly zenan gürrüň berdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň 12-ne Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, döwlet komissiýasyny döretdi. Emma döwlet baştutanynyň hökümet mejlislerinde yzygiderli tabşyrmagyna garamazdan, türkmen bazarlarynda azyk bolçulygy we howpsuzlygy döremeýär we bu ýagdaý ýokarda gürrüňi edilen meseleler, bahalaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen tassyk bolýar.

Maglumat üçin aýtsak, fewral aýynyň başynda Aşgabatda daşary ýurtlardan import edilýän süýt-gatyk önümleriniň bahasy 100% gymmatlady. Geçen aýyň ortalarynda daşary ýurtlardan import edilýän senagat we käbir azyk harytlary ortaça 80% gymmatlan bolsa, şu aýyň başynda, şol harytlaryň bahasy ýene-de ortaça 50% ýokarlandy.

Munuň bilen bir wagtda, Aşgabatda we ýurduň dürli sebitlerinde un, şeker we ösümlik ýagy ýaly käbir günübirin ulanylýan azyk harytlarynyň gytçylygy-da dowam edýär. Ýurduň döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň, käte basa-baslyklaryň emele gelýändigini Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.

Bularyň ählisi, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, ýurtda benziniň bahasynyň 50% gymmatlan, dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 13 manatdan hem aşan döwründe, şeýle-de, ilata 25 ýyla golaý wagt bäri mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagyndan birnäçe aý soň bolup geçýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Aşgabat şäher häkimligi we "Mir" bazarynyň administrasiýasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.