'Bizi hem işsizlik, hem-de pulsuzlyk köseýär'

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlaryň işsizlikden we işe ýerleşende talap edilýän kepilnamalary almak üçin pulsuzlykdan kösenýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri aýdýarlar.

“Men we men ýaly başga-da ençeme adam birnäçe aýlap iş tapman, gaty garyp hala düşdiler. Islendik ýere işe girjek bolsaň, Saglyk kepilnamasy gerek. Ol hem garyp işsizlere gymmada düşýär. Sprawka üçin banka 30 manat tölemeli, soňra iki-üç gün gatnap barlagdan geçmeli. Mundanam başga, etrabyň Narkologiýa we Psihologiýa bölümlerinden sprawkalary almaly. Oňa-da 10 manat çykýar. Ýol kireýinem hasaplasaň, jemi 50 manat harçlaýarsyň” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, ol resminamalary öz wagtynda taýýarlap ýetişmeseň, tapylan işe hem dokumentleri taýýar başga adamlaryň alynýandygyny aýdyp, şol sebäpli käbir adamlaryň dokumentleri gyssagly almak üçin, doktora para bermäge-de mejbur bolýandygyny belleýär.

“Käbir adamlar tapylan işi sypdyrmajak bolup, doktorlara 100 manat para berip, resminamalary alýarlar. Sebäbi käte Aşgabatdaky ýa-da Awazadaky gurluşyk firmalaryna iki-üç günüň dowamynda işe başlar ýaly gyssagly işgär gerek bolýar. Şonda iki-üç günde resminamalaryňy taýýarlap gelmeseň, ýeriňe başgasyny işe alýarlar. Bu resminamalary düzetmek, galyberse-de, käte ony gyssagly taýýarlatmak üçin para bermek, öňem aýalyna berilýän kömek pulunyň hasabyna ýaşaýanlara ýa-da günlükçilik edip gün görýän raýatlara gaty gymmat düşýär” diýip, çeşmämiz raýatlaryň köpüsiniň öz tanyş-bilişlerinden karz alyp, işe ýerleşýändigini aýtdy.

Şeýle-de, ol “başga şähere gidip işläniňde, wagtlaýyn ýaşamak üçin kireýine jaýyň gymmatlygy bolsa, bularyň üstesine ýene bir alada bolýar” diýip, öz ýazan hatynda belleýär.

Galyberse-de, ol welaýatlardan paýtagta baryp işleýän türkmenistanlylaryň ýaşaýan jaýlarynyň hem “mal ýataga” çalym edýändigini, gurluşykda işleýänlere ýörite jaýlaryň berilmeýändigini ýa-da ýaşamak üçin lagerleriň döredilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Gurluşykçylar uly gazany ýa-da bir suw boçogy suwdan dolduryp, aşagyna gorelka ýakyp goýup, üstünden suw akdyryp ýuwunýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Türkmen resmileri ýurtdaky işsizligiň görkezijileri barada hiç hili statistiki maglumat bermän gelýärler. Emma 2017-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar bir çeşmesi Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60%-e golaýdygyny, bu mesele barada ýurduň Merkezi bankynda bolan maslahatda gürrüň edilendigini habar beripdi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýurduň dürli künjeklerindäki raýatlaryň, şol sanda ýokary bilimli ýaşlaryň iş tapyp bilmän kösenýändikleri dogrusynda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Zähmet biržasyna ýüz tutan maryly ýaşlaryň biri bu edaranyň ýerli resmileriniň özünden hamana “iş hödürlendi” diýen galp dokumente gol çekmegi talap edendigini, Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

“Iş sorap Zähmet biržasyna bardym. Ähli zatdan öňürti, maňa bir dilhatynyň nusgasyny berip, ony öz adymdan göçürmegimi talap etdiler. Ol dokumentde men, hamana, maňa üç iş ornunyň hödürlenendigini tassyklamalydym” diýip, maryly Çary aýtdy.

Işsizlikden kösenýän ýaşlaryň käbiri alan hünäri bilen ilteşikli ýerli edaralara, Bilim ministrligine ýüz tutanlarynda, olara “ekerançylyk bilen meşgullanmagyň” maslahat berlendigini hem aýdýarlar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidentiniň “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek” üçin 2018-2020- nji ýyllar boýunça ýörite maksatnamany kabul etmegine, ýurduň gazetlerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli spesialistleriň ýetmezçilik edýändigi barada, ýygy-ýygydan bildirişleriň çap edilýändigine garamazdan, ýurtda işe ýerleşmek meselesinde tanyş-biliş we para almak-bermek tejribesiniň giňden ýol alandygyny, şol sebäpli ýaşlaryň köpüsiniň işiň gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygyny, ýagdaýdan habarly ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýarlar.