Öz janyna kast eden türkmen studentiniň okan ÝOJ-y parahorlykda aýyplanýar

Ukrainanyň Aleksandr Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetiniň girelgesi

Ukrainanyň iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri hasaplanýan we türkmenistanly ýaşlar tarapyndan hem ýykgyn edilýän Aleksandr Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetinde parahorlyk faktlarynyň bardygy barada ukrain media serişdelerinde habar berilýär.

“Narodna Prawda” neşiriniň 4-nji martda beren maglumatyna görä, bu barada agzalýan uniwersitetde okaýan studentler gürrüň berip, hat-da olar “alynýan paranyň möçberiniň we görnüşiniň” hem üstüni açdylar.

“Ikilik bahany düzetmek üçin 200 griwen ýeterlik bolýar. Moduly, ýagny ekzameni üstünlikli tabşyrmak üçin bolsa, 1000 griwen gerek bolýar. Şeýle-de, anyk harytlar hem talap edilýär. Olaryň arasynda elit alkogollar we ekzotik miweler bar. Studentler Bogomoles adyndaky uniwersitetde korrupsiýanyň gülläp ösýändigini aýdýarlar” diýip, agzalýan neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda öňe sürülýän ýagdaýlar dogrusynda, Kiýewiň Aleksandr Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersiteti bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Geçen aý agzalýan ýokary okuw jaýynda okan 19 ýaşly türkmen studenti Mukaddas Nasyrlaýewanyň ýitirim bolup, soňra-da öz janyna kast edendigi mälim bolanda, Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetiniň ady metbugat habarlarynda peýda bolupdy.

Ukrain prokuraturasy türkmenistanly gyzyň 30-njy ýanwarda Kiýewde “Dnepr” metro stansiýasyndan çykyp, ol ýerden Paton köprüsine çenli pyýada ýöräp, köprüden derýa böküp öz janyna kast edendigini tassyklady.

19-njy fewralda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Ukrainadaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçysy aklawçy Rowşanbek Rozmetowyň maglumatyna görä, Mukaddas Ukrainada galmagy üçin rugsadyň uzadylmagyna zerur dokumenti okan ýokary okuw jaýynda alyp bilmänsoň öz janyna kast edipdir.

Öz gezeginde agzalýan uniwersitet hem 19-njy fewralda ýörite beýanat ýaýradyp, Nasyrlaýewanyň hadysadan öň okuwdan çykarylandygyny, onuň wizasynyň möhletiniň dekabr aýynyň 17-ne tamamlanandygyny, soňra oňa üç gezek – iň soňkusy 30-njy ýanwarda – duýduryş berlendigini we şondan soň okuwdan çykarylandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, beýanatda türkmen diplomatlarynyň Nasyrlaýewanyň wizasynyň möhletini uzaltmak we ýaşaýyş rugsatnamasyny tassyklamak meselesi boýunça kömek etmegi sorap, Ukrainanyň Aleksandr Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetine resmi taýdan ýüz tutmandygy hem bellenilýär.

16-njy fewralda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň konsuly Rejebow özleriniň Nasyrlaýewanyň işi boýunça ukrain häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, şeýle-de, ilçihananyň studentiň Kiýewdäki hossarlaryna her dürli kömegi berip biljekdigini aýdypdy.

Kiýewiň prokuraturasy Mukaddas Nasyrlaýewanyň işini “adamy öz janyna kast etmäge itermek” maddasynyň esasynda derňeýär. 19-njy fewralda Kiýewiň A.A.Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersiteti türkmenistanly student Mukaddas Nasyrlaýewany öz janyna kast etmek ýagdaýyna ýetirmekde güman edilýän dekanyň orunbasary Tatýana Timohinany işden çetleşdirdi.

20-nji fewralda bolsa, “Ukrainski Nowini” neşiri Ukrainanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň çykaran karary esasynda agzalýan ÝOJ-yň rektory Ýekaterina Amosowanyň wezipesinden wagtlaýyn – iki hepdelik – çetleşdirilendigini habar berdi. Amosowanyň işden çetleşdirilmegine, diş lukmanlary, ýagny stamotologlar üçin niýetlenen “Krok” diýlip atlandyrylýan lisenziýa ekzamenleriniň ýurduň ähli ýokary okuw jaýlarynda geçirilip, diňe Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetinde geçirilmezliginiň sebäp bolandygy mälim edilipdi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde halas ediş gullugynyň işgärleri ýitirim bolan türkmenistanly studentiň jesedini gözlemek işlerini geçirseler-de, häzire çenli onuň jesedi tapylmady. Häzirlikçe Nasyrlaýewanyň ölümi bilen baglanyşykly alnyp barylýan derňew işi barada hem ukrain media serişdelerinde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.