Visa kartlary togtadyldy; diňe ýurduň daşyndaky studentler $300 alyp biler

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlaryň Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdäni daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak düzgünleriniň togtadylandygyny, türkmen banklarynyň jogapkär resmileri aýdýarlar.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Senagat bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär resmileri ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Visa bank kartlarynda öňden bar bolan pul serişdeleriniň doňdurylandygyny hem gürrüň berdiler.

“Häzir daşary ýurtlarda ulanyp bolýan Visa bank kartlary doly doňduryldy. Bu bank kartlaryna pul geçirmek üçin gelýän raýatlaryň hem pul serişdeleri kabul edilmeýär. Bu çäklendirmäniň haçana çenli dowam etjekdigi barada bize-de hiç hili maglumat berilmeýär” diýip, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär resmisi aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, 22-nji fewraldan bäri türkmen banklarynda diňe daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň Türkmenistandaky hossarlary “Money Gram” we “Western Union” hyzmatlary arkaly 300 amerikan dollaryny öz çagalaryna ugradyp bilýärler. Munuň bilen bagly, paýtagtdaky banklaryň we bank şahamçalarynyň öňünde ýüzlerçe adamdan ybarat uzyn nobatlar emele geldi.

“Bankyň merkezi ofisleriniň öňündäki nobatlar uly. Meselem, Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Senagat bankyň merkezi ofisiniň öňünde 400-500 aralygynda adam nobata dur. Nobatlaram juda haýal süýşýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň hossarlary öz çagalaryna pul ugratmak üçin ilki bilen Türkmenistanyň degişli bankynyň merkezi ofisinde nobata durup, ýörite güwänamany almaly. Şondan soň olar bu güwänamany degişli bankyň “Western Union” ýa-da “Money Gram” hyzmatlaryny hödürleýän şahamçasyna tabşyryp, puly ugratmaly.

Bu aralykda, 23-nji fewralda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Gazagystanda okaýan türkmen studenti hem özüniň Visa kartynyň işlemeýändigini aýdyp, bu mesele boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşandygyny, jogapkär resmileriň “indi daşary ýurtlarda bu kartlary ulanmagyň düýbünden gadagan edilendigini” aýdandygyny gürrüň berdi.

“Häzirki wagt Gazagystanda okaýan türkmenistanly studentleriň her biriniň Visa bank kartlarynda 400-den 1000 amerikan dollaryna çenli pul galdy. Bu puly ne nagt alyp bolýar, ne-de nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bolýar. Bank resmileri bize ‘garaşyň, puluňyzy başga bank hasabyna geçireris ýa-da yzyna bereris’ diýdiler” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan türkmen studenti aýtdy.

Onuň sözlerine görä, studentleriň käbiri gündiz okap, gije işläp gününi görýän bolsa, käbiri doly ene-atasynyň ugradýan pul serişdesiniň hasabyna ýaşaýar. “Bu ýagdaý işlemeýän studentlere has-da ýaramaz täsir ýetirýär” diýip, Gazagystanda okaýan türkmen studenti belledi.

Belläp geçsek, daşary döwletlerde okaýan türkmen studentleriniň Türkmenistandaky hossarlarynyň çäkli möçberde pul ugratmagyna rugsat berilmegi we Visa bank kartlarynyň işiniň doly ýatyrylmagy, türkmenistanlylaryň agzalýan bank kartlaryndan ýurduň daşynda peýdalanyp bilmeýändigi we türkmen banklarynyň ýurduň daşynda Visa kartlaryndan peýdalanmagy ýatyrmaga taýýarlanýandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan bir hepde çemesi ozal Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndaky bölümleriniň işgärleri Azatlyk Radiosyna anonim şertde maglumat berip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bu barada ýörite ýygnaklary geçirýändigini, daşary ýurtlarda öz Visa bank kartlaryndan pul çekmäge synanyşyk edenlere garşy kanuny çäräniň görüljegini aýdypdylar.

Şu hepdäniň başynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) müşderileriň dürli, şol sanda Apple, PayPal, Kiwi, Webmoney we Yandex-money ýaly halkara hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak mümkinçiligini togtatdy.

Şonda agzalýan bankyň resmisi munuň sebäplerini “häzirki wagt bankda reformalaryň geçirilýändigi” we onuň wagtlaýyn çäredigi bilen düşündirse-de, bu hyzmatlaryň gaýtadan haçan işläp başlajakdygy barada maglumat bermekden saklandy.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine döwrüň öňdebaryjy mümkinçiliklerini hödürleýändigini resmi websaýtynda habar berýär. VISA kartlarynyň “pul serişdeleriniň howpsuzlygyna, islendik bankomatda, şol sanda ýurduň daşynda puly nagtlaşdyrmaga, tutuş dünýäniň millionlarça söwda nokadynda tölemäge” kepil geçýändigini nygtaýar.

Halkara töleg sistemasy VISA Türkmenistanda ilkinji operasiýalaryny 1994-nji ýylda başlapdy. Şol döwürde VISA kartlaryndan diňe daşary ýurtlular peýdalanyp bilýärdi. 1998-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA kartlaryny öz ýerli müşderilerine berip başlady.