Ukrain ÝOJ-y: Türkmen diplomatlary Nasyrlaýewa bilen bagly uniwersitete ýüzlenmedi

Mukaddas Nasyrlaýewa

Türkmen diplomatlary student Mukaddas Nasyrlaýewanyň wizasynyň möhletini uzaltmak we ýaşaýyş rugsatnamasyny tassyklamak meselesi boýunça kömek etmegi sorap, Ukrainanyň Aleksandr Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetine resmi taýdan ýüz tutmadylar diýlip, agzalýan ÝOJ-yň Facebook sahypasyndaky beýanatynda aýdylýar.

“Şu ýylyň 18-nji ýanwaryndan 19-njy fewrala çenli aralykda Türkmenistanyň ilçihanasy ýa-da konsulhanasy Mukaddasyň meselesi boýunça Ukrainanyň Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetine hiç hili resmi ýüzlenme bilen ýüz tutmady” diýip, agzalýan ÝOJ-yň 19-njy fewralda çap eden maglumatynda bellenilýär.

Belläp geçsek, Kiýewiň Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersitetiniň 1-nji kursunda okan türkmenistanly özbek studenti 19 ýaşly Mukaddas Nasyrlaýewa 30-njy ýanwarda Kiýewde ýitirim bolandan soň, 19-njy fewralda onuň öz janyna kast edendigi mälim boldy.

Ukrain prokuraturasy türkmenistanly gyzyň 30-njy ýanwarda Kiýewde “Dnepr” metro stansiýasyndan çykyp, ol ýerden Paton köprüsine çenli pyýada ýöräp, köprüden derýa böküp öz janyna kast edendigini tassyklady.

16-njy fewralda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň konsuly Rejebow özleriniň ukrain häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, şeýle-de, ilçihananyň Nasyrlaýewnyň Kiýewdäki hossarlaryna her dürli kömegi berip biljekdigini aýdypdy. “Elbetde, her dürli kömek berlip bilner” diýip, Rejebow aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, bu mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň 22-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň konsuly Rejebow bilen gaýtadan habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Uniwersitetiň beýanatynda Nasyrlaýewanyň hadysadan öň okuwdan çykarylandygy aýdylyp, onuň wizasynyň möhletiniň dekabr aýynyň 17-ne tamamlanandygy, soňra oňa üç gezek – iň soňkusy 30-njy ýanwarda – duýduryş berlendigi we şondan soň okuwdan çykarylandygy aýdylýar.

“Studentiň migrasiýa kanunçylygyny bozmagy onuň uniwersitetden çykarylmagyna sebäp bolup biljek esaslaryň biridir diýlip, Nasyrlaýewa bilen ÝOJ-yň arasynda baglaşylan ylalaşykda ‘berk bellenilýär’” diýlip, Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersitetiň beýanatynda nygtalýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Kiýewde halas edijiler ýitirim bolan türkmenistanly studentiň jesedini gözleýärler

Kiýewde halas edijiler ýitirim bolan türkmenistanly studentiň jesedini gözleýärler

Türkmenleriň Ukrainadaky diasporasynyň ýolbaşçysy aklawçy Rowşanbek Rozmetowyň sözlerine görä, dekanat Mukaddasyň Ukrainada ýaşamagyna wagtlaýyn rugsatnama üçin zerur dokumentlerini migrasion gullugyna wagtynda tabşyrmandyr. Ukrainanyň habar beriş serişdelerinde bu ýagdaýa dekanyň orunbasary Tatýana Timohinanyň jogapkärdigi aýdyldy.

19-njy fewralda Kiýewiň prokuraturasy agzalýan uniwersitetiň türkmenistanly özbek studenti 19 ýaşly Mukaddas Nasyrlaýewany öz janyna kast etmäge itermek boýunça iş açdy. Munuň yz ýany, Kiýewiň Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersiteti Nasyrlaýewany öz janyna kast etmek ýagdaýyna ýetirmekde güman edilýän dekanyň orunbasary Tatýana Timohinany işden çetleşdirdi.

Bu aralykda, “Ukrainski Nowini” neşirinde Ukrainanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň 20-nji fewralda çykaran karary esasynda agzalýan ÝOJ-yň rektory Ýekaterina Amosowanyň wezipesinden wagtlaýyn – iki hepdelik – çetleşdirilendigi habar berildi.

Mundan bir gün soň, ýagny 21-nji fewralda bolsa, Kiýewiň Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersitetiniň 100 çemesi studenti we mugallymy Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň edarasynyň öňünde protest geçirip, rektoryň gaýtadan wezipä dolanmagyny we ýurduň saglyk ministriniň orunbasary Aleksandr Linçewskiýniň işden çetleşdirilmegini talap etdi.

​Galyberse-de, Nasyrlaýewanyň ýitirim bolmagy bilen bagly agzalýan ÝOJ-yň daşary ýurtly studentler bilen işleşmek boýunça dekanatynyň işgärlerine telefon jaňlarynyň gelip gowuşýandygy, olara hem-de maşgala agzalaryna fiziki kemsitmeler we gorkuzmalar bilen haýbat atylýandygy barada habarlar hem peýda boldy.

21-nji fewralda Kiýewiň Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersitetiniň websaýtynda çap edilen maglumatda aýdylmagyna görä, fakultetiň dekany Wolodymyr Sulik bu jaňlaryň dürli telefon belgilerinden gelýändigini aýdyp, bu ýagdaýlar bilen bagly Ukrainanyň Milli polisiýasyna arza tabşyrylandygyny belledi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Kiýewde türkmenistanly student Mukaddas Nasyrlaýewanyň ne ýitirim bolandygy, ne-de öz janyna kast edendigi barada Türkmenistanyň media serişdelerinde haýsydyr bir maglumat berilmedi.