Daşoguzda namaz okaýanlary soraga çekip, sakgallaryny syrýarlar

Türkmenistandaky metjitleriň biri. Arhiwden alan surat

Daşogzuň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri namaz okaýan ýa-da metjide gatnaýan adamlary soraga çekip, olardan namaz okamazlygy talap edip başladylar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.

“Daşoguzda howpsuzlyk gullugy metjide gatnap namaz okaýanlar ýa-da pensiýa ýaşyna ýetmedik býujet işgärleri öýünde ýa iş ýerinde namaz okaýan bolsa, olary soraga çagyrýarlar. Olara ‘Näme üçin namaz okaýarsyň? Kimler bilen gatnaşýarsyň? Ata-babalaryň kimler?’ diýen soraglary berýärler we namaz okamazlygy hem-de metjide barmazlygy berk tabşyryp başladylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, ýurduň demirgazyk welaýatyndaky howpsuzlyk gullugynyň işgärleri soraga çekilen adamlara “iş ýeriňde ýa-da metjitde namaz okanyňy bilsek, işiňden aýryldym diýip hasap edäý” diýip, haýbat atýarlar.

“Hiç ýerde işlemeýän ýaş raýatlara bolsa, ‘öň Türkiýede işlediňmi ýa-da ýakynlaryň işleýärmi? Nähili telefonyň bar? Telefonyňda dini wagyzlar barmy?’ diýen soraglary berýärler. Soraga çekilen adam öň Türkiýede işlän bolsa, onda ony berk soraga çekýärler. Onuň öň gatnaşan dost-garyndaşlaryny derňäp başlaýarlar. Eger ýaş adamlar sakgally bolsa, onda olaryň sakgalyny syryp, soňra öýlerine goýberýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Mundanam başga, ol welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň çetki obalarynyň arçynlaryna hem obada namaz okap, dine ynanýan adamlaryň sanawyny tabşyrmak barada ýörite görkezme berlendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň habarçylarynyň tassyklamagyna görä, haja gitmek üçin arza tabşyran hem-de etrap häkiminiň orunbasary ýa-da daýhan birleşiginiň başlygy ýaly wezipelerde işleýän adamlara “öz işiňizde işlejek bolsaňyz, onda arzalaryňyzy yzyna alyň” diýlipdir.

Soraga çekilen daşoguzly raýatlaryň käbiriniň Azatlygyň ýerli habarçylaryna we çeşmelerine aýtmaklaryna görä, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bu çäräniň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky bölümi bilen habarlaşanda, ýurtda sakgal goýberýän ýa-da namaz okaýan raýatlar babatynda nähilidir bir gadagançylygyň girizilendigini ýa girizilmändigini ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip boldy.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi dine ynanýan adamlara şübheli garamagyň soňky bir ýylyň dowamynda has-da güýçlenendigini aýdyp, bu çäräni türkmen häkimiýetleriniň “Yslam döwleti” toparynyň ideologiýalaryny goldaýanlara we wahabistlere bolan gorkusy bilen düşündirýärler.

“Bu gerek hüşgärlik däl, gerekmejek hüşgärlik. O näme üçin sen meniň dini ynanjyma goşulmaly? [Namaz okaýan ýa-da haja gitmek üçin nobata duran adamlar] ilki welaýat, soňra-da ýurt derejesindäki hasaba alynýar. Şu adam dine ynanýar, bir yrga, başga adam bolaýmasyn diýip, bu adam şahsyýetine ynamsyzlyk” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda, hususan-da Daşoguzda sakgal goýberýän ýa-da namaz okaýan raýatlaryň dürli kynçylyklara sezewar bolýandygy hakynda Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gowuşýar.

2016-njy ýylyň awgust aýynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daşoguzly ýaşaýjylaryň ençemesi welaýatyň “komitetçikleriniň” namaz okaýan ýa-da sakgaly sähel ösgün ýaşlary tutup, olara garşy dürli çäreleri görýändigini habar beripdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dünýäde din azatlygy boýunça ýaýradylýan ýyllyk hasabatlarda, 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistan “aýratyn alada döredýän ýurtlaryň” arasynda saklanyp galýar.