Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan ýurduň Maliýe we ykdysady ösüş ministrligine girdeji getirmeýän edara-kärhanalara goýberilýän döwlet dotasiýasyny, ýagny maliýe ýardamyny azaltmak barada anyk görkezme berildi diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýärler.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Türkmenistanyň maliýe pudagyndaky ynamdar çeşmämiz bu görkezmäniň ýurtda girdejiler we çykdajylar boýunça döwlet býujetinde defisitiň duýulýan mahaly berlendigini, ýöne prezidentiň bu tabşyrygynyň güýç edaralaryna degişli däldigini tassyklady.
“Döwlet gaznasyna dürli çeşmelerden, şol sanda salgytdan, döwlet ätiýaçlandyryş pudagyndan gelýän girdejiler baradaky hasabat 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda taýýarlandy. Şonda öňki aýlardaky girdejä laýyklykda, ortaça san alyndy. Ýöne bu san dekabr aýynda girdeji artar diýen umyt bilen, bolşundan has ulaldylypdy. Şol bir wagtda, dekabrda döwlet hususy pudaga hiç hili töleg geçirmedi. Ýogsam bolmasa, hususy pudak bu töleg esasynda öz kreditorlaryna tölegleri amala aşyryp bilerdi. Bu bolsa, bank hasaplaryna pul serişdesiniň gelmegine we maliýe dolanşygynyň artmagyna täsir ýetirerdi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Şeýle-de, onuň tassyklamagyna görä, ýurtda pul jerimesini salmak arkaly döwlet gaznasyna gelýän girdejini artdyrmak barada, Ýol gözegçilik gullugyna görkezme berildi. Bu edara öz girdejisi barada dekabr aýynyň başynda hasabat tabşyrany üçin, häzir hem dekabr, hem-de ýanwar aýy üçin jerimeleri ýygnamaly bolýar.
“Şu sebäpden Aşgabatda we Ahal welaýatynda köçäniň her çüňkünde diýen ýaly Ýol gözegçilik gullugynyň iki-üç işgäri awtoulag sürüjilerini saklap, olara jerime salýarlar. Meselem, Bäherden we Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň merkezi şäherlerinden etraplaryna ençeme polisiýa işgäriniň gelip, adamlara jerime salmak üçin, ýola patrullyk edýändigini aýdýarlar. Olar gijelerine-de işleýärler. Olar welaýat merkezlerinde tamamlanmadyk protokollary etraplarda doldurjak bolýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.
Mundanam başga, ol Aşgabatda Içeri işler ministrliginiň 800 işgärini wezipeden boşatmak planlary barada gürrüň edilýändigini we olaryň aglabasynyň Ýol gözegçilik gullugyna degişlidigini belleýär.
Galyberse-de, Azatlygyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi geçen ýyl ýurduň nebit-gaz pudagyndaky işgärleri köpçülikleýin kemeltmek barada aýdylandan soň, häzir bu pudakda işleýänleriň üç aýlyk tölegsiz zähmet dynç alşyna mejbury ugradylýandygyny belleýär.
“Bu çäre ‘Türkmengaz’ we ‘Türkmennebit’ döwlet konsernleriniň ähli, şol sanda regional bölümlerinde amala aşyrylýar. Işgärleriň boşadyljakdygy mälim edilen bolsa-da, häzirle çenli bu çäre amala aşyrylmady. Munuň sebäbi belli däl. Ýöne nebit-gaz işgärleri munuň ýurduň abraýyny saklamak üçin edilýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Sebäbi bu ýurtdaky krizis ýagdaýyň internetde ýaýramagyna we munuň halkyň arasynda howsalanyň döremegine sebäp bolup biler diýýärler” diýip, çeşmämiz nebit-gaz işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi dünýäde energiýa serişdeleriniň nyrhynyň pese gaçan döwründe, esasy girdejisi tebigy gazyň eksportyna bagly Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri, iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Ýurtda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň köplenç öz wagtynda berilmezligi, käbir pudaklarda işgärleriň sanynyň kemeldilmegi, bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik etmegi ýaly ýagdaýlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda ozal mugt bolan kommunal hyzmatlar ýatyrylyp, azyk harytlaryň gymmatlamagy we gytalmagy hem dowam edýär.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada häzire çenli ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler. Munuň tersine, resmi metbugatda gymmatbaha gurluşyklaryň “doly güýjünde” dowam edýändigi we ýurduň “bedew bady bilen öňe” barýandygy barada reportažlar görkezilýär.