Lebapda prezidenti garşy aljaklar ak uniforma geýmeli edildi

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba etjek saparynyň dowamynda, ony garşy aljak adamlaryň uniforma, ýagny ýörite geýim geýmelidigini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylary aýdýarlar.

“Aýal-gyzlar mekdepde geýilýän sport formasynyň ak reňkdäki ýokarky bölegini geýmeli. Ak reňkde ýubka we ak kepka – papak hem geýmeli. Erkek kişiler bolsa, mekdepde geýilýän sport formasyny doly geýmeli. Olar şu ak reňkdäki eşiklerde durmaly” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady köpçülige mälim edilmeýän habarçymyz belledi.

Şeýle-de, ol Berdimuhamedowy garşy aljak döwlet işgärleriniň ýa-da studentdir mekdep okuwçylarynyň bu ak reňkdäki egin-eşikleriň aşagyndan gara ýa-da beýleki reňkde hiç zat geýmeli däldigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Döwlet işgärleri we çagalar bu eşikleriň üstünden penjek geýmän, nädip sowuk howada durarlar – muny hiç kim bilenok. Galyberse-de, aýal-gyzlara täze ýubkanyň näçä düşjekdigem häzirlikçe belli däl” diýip, beýleki bir habarçymyz aýdýar.

Belläp geçsek, türkmen prezidentiniň 26-njy fewralda ýurduň gündogar welaýatyna etjekdigi aýdylýan saparyna görülýän taýýarlyklara mundan bir aý çemesi ozal başlanyp, bu çäre geçen hepdäniň başyndan bäri has-da güýçlendirildi.

Azatlygyň habarçylary welaýatyň döwlete degişli we söwda edaralarynyň ählisinde diýen ýaly barlaglaryň güýçlendirilip, raýatlaryň aw tüpeňleriniň ýygnalýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, polisiýa işgärleri haçan-da bir wagt polisiýanyň, psihiatrik ýa-da narkologik bejergiler baradaky keselhanalaryň sanawyna düşen ähli adamlary saklap, olary gözegçilik astyna alýarlar.

Mundanam başga, býujet işgärleri ýowarlara gatnaşdyrylyp, şäheriň köçelerine täze asfalt düşemek işleri geçirilýär. Prezidentiň geçmegine garaşylýan köçelerdäki ýaşaýyş jaýlary ak, üçegi bolsa ýaşyl reňke boýalýar. Ýöne bu çäre jaýlaryň diňe ýola görünýän tarapynda amala aşyrylýar, ýagny onuň beýleki tarapy öňki durkunda galýar.

Lebap welaýatynda prezidentiň geçmegine garaşylýan köçeleriň birinde üçegi ak reňke boýalan ýaşaýyş jaýy

Türkmen prezidentiniň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň öňýanynda, býujet işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň mejbury gatnaşmagynda, köpçülikleýin arassaçylyk işlerini we ony garşylamak boýunça taýýarlyk çärelerini geçirmek adaty tejribä öwrüldi.

Türkmen mediasynda ýurduň regionlarynda prezidentiň aýdym-saz we sahnalaşdyrylan çykyşlar esasynda “uly şowhun we şatlyk” bilen garşy alynýandygy görkezilse-de, oňa raýatlaryň mejbury gatnaşdyrylmagy, şeýle-de bu dabaranyň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada mesele gozgalmaýar.

Galyberse-de, Berdimuhamedowyň bu sapary barada häzirlikçe türkmen mediasynda maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri we habarçylary türkmen lideriniň Türkmenabatda täze aeroportyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny aýdýarlar.

Mundan öň prezidentiň ýurduň gündogar welaýatyna saparynyň, başda 20-nji ýanwarda, soňy bilen 25-nji ýanwarda geçiriljekdigi aýdylypdy. Azatlygyň çeşmeleri prezidentiň saparynyň gaýta-gaýta yza tesdirilmeginiň sebäpleriniň Lebapda açyljak täze aeroportyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan wagtda tamamlanmazlygy bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler.

Berdimuhamedow soňky gezek Lebap welaýatynda geçen ýylyň 27-nji noýabrynda iş saparynda bolupdy. Şonda türkmen lideri bu welaýatda üç etrabyň pagta planyny dolman, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edip bilmändigini aýdyp, ençeme resmini, şol sanda Lebap welaýatynyň häkimini wezipesinden boşadypdy.