Dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy ýene üýtgedi

Dollar satyn almak üçin nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene üýtgedi. 23-nji ýanwarda söwdagärler 1 amerikan dollaryny 10,60-10,80 manatdan satyn alyp, 11,50-11,60 manatdan satýarlar.

Ýatlap geçsek, düýn, has takygy 22-nji ýanwarda paýtagtda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy soňky ençeme ýylyň dowamynda rekord derejesine baryp ýetip, 1 amerikan dollary 12 manatdan satyldy. Şol bir wagtda, dollaryň Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan kesgitlenen resmi kursy bolsa, 3,50 manat möçberinde saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri dollar söwdagärlerine salgylanyp, dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň birneme pese gaçandygyny aýdyp, onuň türkmen manadyna görä hümmetiniň häli-şindi üýtgemeginiň dollara bolan talaba, ýagny ony satyn alýan müşderileriň sanyna baglydygyny belleýärler.

Şol bir wagtda, dollar söwdagärleri daşary ýurtlardan harytlary import edýän telekeçileriň öňki getiren önümleriniň ählisini satyp gutarmagy bilen, dollaryň has-da gymmatlamagyna garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, 17-nji ýanwara çenli “gara bazarda” söwdagärler 1 amerikan dollaryny 9,80-10 manatdan satyn alyp, 10,20-10,40 manatdan satýardylar.

Ýöne geçen hepde Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň daşary ýurtdan harytlary import edýän telekeçileriň aglabasyna manatlaryny dollara konwertasiýa edip bermegi togtatmagy bilen dollaryň “gara bazardaky” nyrhy 12 manada çenli baryp ýetdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda dollaryň “gara bazardaky” söwdasy ýa-da onuň gymmatlamagy barada häzire çenli dymyp gelýärler.

Bu aralykda, Türkmenistanda daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň öz ýany bilen alyp gidýän nagt pulunyň möçberine hem çäklendirmeleriň girizilendigi barada maglumatlar peýda boldy.

“Indi türkmenistanlylar daşary ýurtlara öz ýany bilen 3000 amerikan dollaryndan artyk nagt pul serişdesini alyp gidip bilmeýärler. Öň bu mukdar 10 000 amerikan dollaryna barabardy” diýip, 22-nji ýanwarda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Aşgabadyň halkara aeroportyndaky Gümrük gullugy bilen habarlaşanda, bu edaranyň jogapkär resmisi türkmen raýatlarynyň öz ýany bilen daşary ýurtlara çykaryp bilýän nagt pulunyň möçberiniň üýtgedilmändigini, bu düzgüniň öňküsi ýaly saklanyp galýandygyny aýtdy.

“Ýok, ýok üýtgemedi. Deklarasiýa boýunça 10 000 dollar [alyp gidip] bolýar” diýip, Türkmenistanyň Aşgabadyň halkara aeroportyndaky Gümrük gullugynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi aýtdy.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy togtadyldy. Munuň bilen baglylykda, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň bankdan konwertasiýa edip bilýän ýa-da öz hasabyndan alyp bilýän daşary ýurt walýutasyna, şeýle-de olaryň “Western Union” we “MoneyGram” arkaly daşary ýurda ugradyp bolýan pulunyň möçberine we import bilen meşgullanýan telekçilere ençeme tapgyr çäklendirme girizildi.

Munuň netijesinde, ýurtda walýutanyň iki - döwlet we “gara bazar” kurslary emele geldi. Häzirki wagtda türkmenistanlylar üçin dollaryň “gara bazary” ýurtda islendik mukdardaky daşary ýurt walýutasyny satyn almak üçin ýeke-täk çeşme bolup durýar.