BMG: Merkezi Aziýa ýurtlarynda 5,6 million adam doýa-gana naharlanmaýar

Türkmen zenany. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda we Merkezi Aziýa ýurtlarynda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy ýaramazlaşýar we bu regionda 5,6 million adam doýa-gana naharlanmaýar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba-hojalyk programmasynyň täze hasabatynda aýdylýar.

Guramanyň “Merkezi Aziýada we Ýewropada azyk howpsuzlygynyň hem-de iýmitlenişiň ýagdaýy – 2017” at bilen 4-nji dekabrda ýaýradan hasabatynda, Türkmenistanda 0,3 million adamyň ýa-da ýurduň ilatynyň 5,5%-niň doýa-gana naharlanmaýandygy bellenilýär.

Bu görkeziji Täjigistanda 2,6 million adama ýa-da ilatyň 30,1%-ne, Özbegistanda 1,9 million adama ýa-da ýurduň ilatynyň 6,3%-ne, Gyrgyzystanda 0,4 million adama ýa-da ýurduň ilatynyň 6,4%-ne barabardyr.

Hasabatda aýdylmagyna görä, 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende, regionyň ýurtlary doýa-gana naharlanmaýan ilatyň sanyny kemeltmek boýunça ep-esli öňe gidişlik gazandylar. Ýöne häzirki wagt regiondaky ýagdaý durnukly bolup, görkezijiler adatça üýtgemeýär we adamlaryň ýeterlik derejede iýmitsizlenmegi bilen bagly problemalar has-da güýçlenýär.

Munuň bilen bagly, soňky ýyllarda Türkmenistanda ýagdaýyň has-da ýaramazlaşandygy, ýurtda 2005-nji ýylda ilatyň 4,6%-i doýa-gana naharlanmadyk bolsa, 2016-njy ýylda bu görkeziji 5,5%-ne barabar boldy diýlip, raportda bellenilýär.

BMG-nyň Azyk we oba-hojalyk programmasy özüniň täze hasabatynda Merkezi Aziýa ýurtlaryny (Gazagystandan başga) “ilaty doýa-gana naharlanmaýan we mikroelementleriň ýetmezçiliginden ejir çekýän” kategoriýada ýerleşdirýär.

Belläp geçsek, ilatyň ýeterlik derejede naharlanmazlygy boýunça bu hasabat, Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlaýan we un, şeker, ösümlik ýagy ýaly käbir gündelik harç edilýän önümleriň gytçylygynyň dowam edýän döwrüne gabat geldi.

Şu aýyň başynda Aşgabadyň we Marynyň döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýurduň içinde we daşary döwletlerde öndürilen ýokary hilli unuň tapdyrmaýandygyny, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berdiler.

Mundanam başga, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýylyň başynda zähmet haklary, kömek pullaryň, pensiýa we talyp haklary 10% ýokarlandyrylsa-da, azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň soňky bir ýylda azyndan iki esse gymmatlandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, soňky aýlarda döwlet tarapyndan býujet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi hem ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Ýurtda diňe bir adamyň aýlygyna garaşly maşgalalaryň sanynyň bolsa az däldigini, şol sebäpli käbir hojalyklaryň ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerini satyn almakda kynçylyk çekýändigini, bu ýagdaýyň oba ýerlerinde has-da gözgynydygyny ýaşaýjylar belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň bazarlarynda “azyk howpsuzlygyny” we “azyk bolçulygyny” üpjün etmek barada degişli resmilere wagtal-wagtal tabşyryklar berseler-de, ýurtdaky gymmatlamalar ýa-da azyk gytçylygy hakda häzire çenli mesele gozgamaýarlar.

Munuň tersine, türkmen häkimiýetleri azyk harytlarynyň nyrhyny öňküsi ýaly saklamak üçin käbir çäreleri görüp, bazarlarda ýa-da söwda nokatlarynda söwdagärleri harytlara döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhlary ýazmaga mejbur edýärler.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda “Azyk howpsuzlygy” hakynda kanunyň rejelenen görnüşi mundan bir ýyl öň, ýagny 2016-njy ýylyň 7-nji dekabrynda güýje giripdi.