Aşgabatda ulaglarda egin-eşikleri asmak gadagan edildi

Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleri awtoulaglaryň yzky oturgyçlarynyň gapdalyndaky ildirgiçlerden egin-eşikleri asan sürüjileri saklap, olara 50 manat möçberinde jerime salyp başladylar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, mundan öň goňşy etrapdyr welaýatlara iş saparyna ýa-da toýa barýan awtoulag sürüjileri ýa-da ondaky beýleki ýolagçylar egin-eşikleri ýygyrt bolmaz ýaly olary oturgyçlaryň gapdalyndaky ildirgiçlerden asyp bilýärdiler. Emma bu tejribe geçen hepdäniň ilkinji günlerinden başlap güýje girizilen täze talap esasynda gadagan edildi.

“Şäher içindemi sen? Şäheriň daşyndaky etrapara ýa-da welaýatara barýaňmy? Munuň tapawudy ýok, saklaýarlar hem-de ‘näme üçin egin-eşikleri asyp barýarsyňyz? Dessine aýryň’ diýýärler. Sürüjiler ýa-da şol awtoulagda barýan ýolagçylar närazylyk bildirip, ‘O nähili? Awtoulag zawoddan çykarylanda, egin agajy asmak üçin ýörite asgyçlar göz öňünde tutulypdyr. Biz şondan çykamyzok’ diýsek, ‘Ýok üst-başyňa seretjek bolsaň, başga ýerde seret. Ýöne maşynyň ýörite niýetlenen asgyçlaryndan egin agaçlara ildirilen penjekleri, köýnekleri asmak gadagan’ diýip, olary aýyrmagy talap edýärler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew awtoulag sürüjileriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, adatça PÝGG-niň işgärleri sürüjilere awtoulagyň salonyndaky ýörite niýetlenen ildirgiçlerden egin-eşikleri asmagyň gadagan edilýändigi baradaky resmi karary görkezmegi ret edip, dessine pul jerimesini ýazýarlar.

“Ýolagçylar awto-inspeksiýanyň işgärlerinden ‘şuny asmaklygyň gadagandygy hakynda bize kabul edilen karary görkez’ diýseler, olar ‘şol karar – men. Meniň aýdanym-da, siziň üçin kanun’ diýip, dessine özleriniň ýan sumkalaryna ýapyşýarlar. Şonuň içindenem jerime ýazylýan protokollary çykaryp, dessine wakany resmileşdirip, awto-inspektoryň beren görkezmesine boýun egmedik adam hökmünde, 50 manat möçberinde jerime salýarlar. Onsoň adamlar bialaç jerimäni tölemeli bolýarlar” diýip, Bugaýew belleýär.

Şeýle-de, ol PÝGG-niň awtoulagynyň salonundaky ýörite ildirgiçden egin-eşikleri asan sürüjilere ýazýan jerime kagyzynda hem “köçe-ýol hereketiniň düzgünini berjaý etmändigi” üçin diýlip, kesgitleme berilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu girizilen täze düzgün ýa-da onuň sebäpleri barada öňünden metbugatda we radio-telewideniýede ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosyna degişli türkmen häkimiýetlerinden hem kommentariý almak başartmady.

Belläp geçsek, bu soňky bir aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan hususy awtoulag eýelerine garşy girizilen çäklendirmeleriň ikinjisidir.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda güýje girizilen talaba laýyklykda, ýurtda awtoulaglarda doga-bagjyklary, alajalary ýa-da käbir ýazgylar ýazylan tumarlary asmak gadagan edilip, bu düzgüni bozan sürüjilere 50 manat möçberinde pul jerimesi salnyp başlandy.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen häkimiýetleri hususy awtoulag eýelerinden öz ulaglarynyň aýnalaryndaky, hatda öndüriji zawod tarapyndan ýerleşdirilen garaňkyradýan ýörite plýonkalary, gara diskleri, spoýlerleri aýyrmagy talap etdiler.

2015-nji ýylda bolsa, gara reňkli maşynlary ýurda getirmäge düýbünden gadagançylyk girizildi. Şeýle-de, şol ýylda airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – red.) bolmadyk awtoulaglary hem ýurda goýbermek gadagan edildi.

Sözümizi jemläp aýtsak, türkmen häkimiýetleri ýokarky ulag gadagançylyklary barada ilata düşündiriş bermän gelýärler. Bu gadagançylyklar hakynda ýurduň metbugatynda hem häzirlikçe mesele gozgalmaýar.