Türkmenistan: Welaýatlaryň arasyndaky barlag nokatlarynda howpsuzlyk güýçlendirildi

Türkmenistanda polisiýa işgärleri we awtoulag sürüjileri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda welaýatlaryň özara serhetleşýän ýerlerindäki we beýleki sebitlerindäki barlag nokatlarynda howpsuzlyk çäreleriniň we barlaglaryň güýçlendirilendigi barada habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu barlag nokatlarynda geçirilýän barlaglara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň neşä garşy göreş bölüminiň iki işgäri, ýörite gulluklaryň işgäri diýlip çaklanylýan üç sany raýat eşigindäki adam we Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň azyndan iki inspektory we ýörite tälim berlip taýýarlanylan ys alyjy itler gatnaşýar.

“Olar saklaýarlar. Soňra ähli adam awtoulagdan düşmeli. Onsoň olar ys alýan itiň kömegi bilen ilki adamlary barlaýar. Şol it gaçgak geçirilýän çilim, nas, spirtli içgiler ýa-da neşe serişdeleri bar bolsa, olary tapýar hem-de habar berýär. Soňundan hem maşynyň salonlary hem-de ýük ýüklenýän ýörite bagažlary barlanýar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, barlag nokatlaryndaky käbir jogapkär resmiler indi oktýabr aýynyň soňky hepdesinden bäri dowam edýän bu barlaglaryň sebäbini “ýurda gaçgak getirilýän harytlaryň öňüni almak üçin amal edilýän çäre” diýip düşündirýärler.

“Resmiler gaty gysga jogap berýärler. ‘Biz ýurda gaçgak harytlaryň gelmeginiň öňüni almak üçin, döwlet tarapyndan işlenilip düzülen ýörite programmany amal edýäris. Bu adamlaryň howpsuzlygy, ýurda adamlaryň saglygyna täsir etjek zyýanly gaçgak harytlaryň gelmezligi üçin edilýän hereket’ diýýärler” diýip, Bugaýew belledi.

Ol bu maglumaty ýurduň daşyndan “çilim önümlerini” gaçgak getirýän söwdagärleri tanaýan adamlaryň hem tassyklaýandygyny, barlaglaryň güýçlendirilmeginiň sebäpleriniň ýurda getirilýän gaçgak harytlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Ýurtdaky kanunçylyga laýyklykda, çilimiň diňe çäkli görnüşi ýurda getirilýär. Onuňam hili öwerlikli däl. Maliýe ýagdaýy oňuşykly çilimkeşler bolsa, ýokary hilli çilime isleg bildirýärler. Munuň netijesinde, käbir söwdagärler goňşy ýurtlara gidip, ol ýerde käbir türkmen harytlaryny çilim, spirtli içgiler ýaly ýurtdaky gyt harytlara çalyşýarlar. Olaram ýurda getirip, gymmat bahadan satýarlar. Bu barlaglar şu gizlin söwdanyň öňüni almak we döwlet tarapyndan satylýan harytlary geçginli etmek üçin edilýän çäre” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Ahalyň ýaşaýjysy Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi. Şol ýylyň başynda spirtli içgileriň söwdasyna hem ençeme tapgyr çäklendirme girizildi. Munuň netijesinde, ýurtda çilimiň we spirtli içgileriň “gara bazary” emele geldi.