Türkmenistan: Çagasy bolan býujet işgärlerine basyşlar dowam edýär

Türkmenistandaky köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşýan çagalar

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlere çagalaryny çagalar bagyna öwürmek barada basyşlaryň dowam edýändigi habar berilýär. Bu waka geçen aý türkmen häkimiýetleriniň çagalar baglarynyň töleglerini 10 esse gymmatlatmagy bilen ene-atalaryň köpüsiniň çagasyny öýünde alyp galýandygy barada maglumatlaryň ýaýran döwrüne gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri şu günler welaýat häkimliginiň resmileriniň Saparmyrat Türkmenbaşy we Akdepe etraplarynda 10-a golaý ýygnak geçirip, döwlet-edara kärhanalarynyň işgärlerinden, çagalaryny çagalar bagyna gatnatmalydyklary barada duýduryş berýändigini aýdýarlar.

“Akdepe etrabyndaky 1-nji, 3-nji we 4-nji çagalar baglarynda geçen ýygnaklarda ‘çagalaryňyzy çagalar bagyna gaýtaryň’ diýipdirler. Ilatyň köpüsi ‘pulumyz ýok, günümizi görüp bilemizok. 80 manat köp maşgalanyň ýarym aý maşgala býujeti’ diýip jogap beripdir” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, muňa soňky günlerde ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň sanynyň göz-görtele azalmagy sebäp boldy.

“Mundan öň, meselem, her çagalar bagyna 200 çaga gatnan bolsa, häzir olaryň sanynyň 15-den geçmeýändigi aýdylýar. Olaryň hem býujetden aýlyk alýan işgärleriň çagalarydygy aýdylýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.

Mundanam başga, ol ýurtda çagalar baglarynyň tölegleriniň gymmatlamagynyň ýygym döwrüne gabat gelendigi sebäpli, çagasyny çagalar bagyna tabşyrmaýan eneleriň ýaş çaga bilen pagta meýdanlaryna gatnaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýatlap geçsek, bu waka ýurduň Balkan welaýatynda we Aşgabat şäherinde türkmen resmileriniň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärler bilen ýygnaklary geçirip, olardan öz perzentlerini çagalar bagyna öwürmegi talap edýändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Geçen hepdäniň ahyrynda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan balkanly we aşgabatly mugallymlar döwlet edarasynda geçirilen ýygnaklarda, çagalaryny çagalar bagyna öwürmedik işgärlere işden kowulmak haýbatynyň atylandygyny aýdypdylar.

Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleri Aşgabatda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan, 80 manada duýdansyz ýokarlandyryldy. Munuň ýurtda ene-atalaryň köpüsiniň nägileliklerine, Daşoguz welaýatynda bolsa çagalary çagalar bagyna gatnaýan raýatlaryň ençemesiniň protest ýörişini geçirmegine, şeýle-de çagalar bagyndaky çagalaryň sanynyň azalmagyna sebäp bolandygy habar berildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda, ilata indi 25 ýyla golaý bäri ‘mugt’ berilýän hyzmatlar tölegli edildi we çagalar baglarynyň, şeýle-de ýöriteleşdirilen mekdepleriň, Dil merkezleriniň tölegleri gymmatladyldy.

Bu aralykda, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň 50% ýokarlandyrylandygy, munuň üçin indi býujet işgärleriniň aýlyklarynyň 3%-niň saklanyljakdygy barada maglumatlar hem peýda boldy.

“Hronika Türkmenistan” neşiri özüniň 13-nji noýabrda beren maglumatynda bu görkezijiniň öň 2%-e barabar bolandygyny aýdyp, döwlet edara-kärhanalarynda işlemeýän raýatlaryň saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň bolsa, 15 manatdan 21 manat 50 teňňä ýokarlandyrylandygyny habar berdi.

Bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri, iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen häkimiýetleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda geçirilýän Ýaşulular maslahatynda we hökümet mejlislerinde ilatyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň dowamly ýokarlanýandygyny öňe sürseler-de, ýurtdaky bu gymmatlatmalaryň ilata ýetirýän täsirleri barada, hiç zat aýtman gelýärler. Şeýle-de, bu barada ýurduň media serişdelerinde hem häzirlikçe mesele gozgalmaýar.