"Olary diri görkeziň" kampaniýasy diri ýitenler baradaky BMG kararynyň ýerine ýetirilmegine çagyrýar

Türkmen tussaglary

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy Türkmenistany BMG-nyň Boriş Şyhmyradowyň işi boýunça iki ýyl mundan öň kabul eden kararyny ýerine ýetirmäge çagyrýar.

9-njy noýabrda çap edilen beýanatyň başynda kampaniýanyň Türkmenistanyň hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky Komitetiniň Boris Şyhmyradowyň işi baradaky kararyna esasly jogap bermezligi bilen baglylykda çuňňur lapykeçligi we gynanjy bildirilýär.

“Biz Türkmenistanyň hökümetiniBirleşen Milletler Guramasyna we Şyhmyradowyň maşgalasyna haýal etmezden jogap bermäge hem-de Komitetiň agzalan kararyny kabul etmek we Şyhmyradowyň we onuň maşgalasynyň hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin gyssagly çäre görmäge çagyrýarys” diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasy aýdýar.

2014-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda BMG-nyň adam hukuklary baradaky Komitetiozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýana Şyhmyradowanyň Şahsy şikaýaty boýunça karar kabul etdi. Komitet Boris Şyhmyradowyň bir topar çynlakaý hukuk bozulmasynyň pidasy bolandygyny kesgitledi.

Hususan-da Komitet Şyhmyradowyň zorlukly ýitirim edilmegiň pidasy bolandygyny we Türkmenistanyň hökümetiniň onuň janyny goramandygyny, şeýle-de onuň gynalmakdan azat bolmakhukugynyň, adalatly sud edilmek hukugynyň we kanunyň güýjüni yzlygyna ulanyp jezalandyrylmazlyk hukugynyň bozulmagyndan goralmandygyny belledi diýip, beýabatda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, ozalky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda Aşgabatda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen türkmen raýatlary barada olaryň garyndaşlaryna 15 ýyl çemesi wagt bäri ýeterlik maglumat berilmeýär.

BMG-nyň Komiteti gürrüňi edilýän kararynda Türkmenistanyň hökümetiniň Boris Şyhmyradowyň hukuk goragy babatynda çäre görmäge borçludygyny belledi, şol sanda bu çäräniň onuň haýal etmän azatlyga goýberilmegi, eger-de ol ýogalan bolsa, jesediniňmaşgalasyna berilmegi we onuň maşgalasyna kompensasiýa tölenmegi arkaly görlüp bilinjekdigi aýdyldy.

“Gynansak-da, Türkmenistanyň hökümeti ne Komitete, ne-de Şyhmyradowyň maşgalasyna jogap berdi, hakykatda bu talaba jogap bermegiň möhleti 2015-nji ýylyň 9-njy noýabrynda doldy we ondan bäri eýýäm iki ýyl geçdi” diýip, hasabatda aýdylýar.

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy Boris Şyhmyradow babatyndaky sud işiniň we aýyplaw höküminiň prosessual normalara laýyk gelmeýändigine doly ynanjyny beýan edýär we25 ýyllap azatlykdan mahrum etmek barada berlen ilkinji jezanyň ömürlik tussaglyk bilen çalşyrylmagyny, hukuk düzgüninde kanunyň yzlygyna güýjüniň bolmaly däldigi baradaky düýp ýörelge nukdaý nazaryndan, şeýle-de adam hukuklary barada Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan halkara şertnamalary we milli kanunçylyk nukdaý nazaryndan düýpden bikanun hasaplaýar.

Boris Şyhmyradowyň işi "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy tarapyndan dokumentleşdirilen we Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolan diýlip hasaplanylýan 112 adamyň diňe biriniň işi bolup durýar. Soňky wagtlarda zorlukly ýitirim edilmeler problemasy has-da ýitileşýär, sebäbi ýyl yzyna ýyl geçýär, emma türkmen häkimiýetleriniň resmi ýollar we düzgünler arkaly zorlukly ýitirim edilenleriň hiç biriniň işini derňändigi bellidäl diýip, beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýiten adamlar baradahalkara guramalaryna tassyklap bolýan hiç bir maglumat bermedi, şeýle-de ol adamlaryň ýanyna barlyp görülmegi, olaryň garyndaşlary, halkara Gyzyzl Haç komitetiniň wekilleri, diplomatlar bilen görüşdürilmegi baradaky talaplary ret etdiler. Şu aralykda "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy tarapyndan türkmen türmelerinde ýiten tussaglar hökmünde resmileşdirilýän adamlaryň sany köpelýär (20013-nji ýylda 66 bolanlygyndan häzir 112-ä ýetdi), olaryň 23 sanysynyň türmede ýogalandygy barada tassyklanan maglumatlar bar.

Soňky iki ýylda 2000-nji ýyllarda türkmen türmelerinde ýitirim bolanlaryň arasynda ýogalýanlaryň sany köpeldi we şol bir wagtda täze tutda-baslyklar esasynda daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýan täze pidalaryň sany artýar diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasy belleýär.