Türkmen aktiwistiniň ejesiniň kwartirasy nämälim adamlar tarapyndan daşlandy

"Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy we “Hronika Türkmenistan” neşiriniň redaktory Farid Tuhbatullin we onuň ejesi Halida Izbastinowa

Oktýabr aýynyň 28-den 29-na geçilen gije "Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy we “Hronika Türkmenistan” neşiriniň redaktory Farid Tuhbatullinyň ejesi, Türkmenistanyň ýaşaýjysy Halida Izbastinowanyň kwartirasy nämälim adamlar tarapyndan daşlandy.

Tuhbatullin 2-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda wakanyň netijesinde, ejesiniň Daşoguz şäherindäki “Merkezi 1” mikroraýonda ýerleşýän kwartirasynyň penjireleriniň döwlendigini aýdyp, Izbastinowanyň özüne zyýan ýetmese-de, soňy bilen onuň öýüne Tiz kömegi çagyrmaly bolandygyny gürrüň berdi.

“Bu waka 28-den 29-na geçen gije, sagat 2-3 aralygynda boldy. Ol uklap ýatyrka, şeýle ýagdaý bolupdyr. Elbetde, ol ýeke özi ýaşaýar hem-de ol ýaş adam däl, Hudaýa şükür, 76 ýaşynda. Gorkup, başda goňşularyny turzupdyr. Sebäbi onuň telefonyny şol güni öýlän öňünden kesipdirler. Goňşulardan jaň edip, polisiýany çagyrypdyr. Ondan soňam Tiz kömegi çagyrmaly bolupdyrlar. Sebäbi onuň gan basyşy galyp, özüni gowy duýmandyr. Doktorlary çagyryp sanjym etdiripdir. Şular ýaly ýagdaý bolupdyr” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Onuň sözlerine görä, wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri kwartiradan gurluşyk daşlarynyň we kerpiçleriň ençemesini tapyp, hüjümçileriň sanynyň iki ýa-da üç adam bolmagynyň mümkindigini aýdypdyrlar.

“Indi derňew bolmaly. Derňew geçende, onuň netijesi bolarmy ýa-da ýok – belli däl. Ýöne ejem polisiýa baryp, arza ýazypdyr. Häzir derňew işleri geçip dur. Indi näme netijä geljeklerine garaşyp göreris” diýip, Tuhbatullin belledi.

Azatlyk Radiosynyň “soňky döwürde ‘Hrnoika Türkmenistan’ neşirinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ýaňsylaýjy wideolar peýda boldy. Siz bu hüjümi şular bilen baglanyşdyrýaňyzmy? diýen soragyna, Tuhbatullin munuň arabaglanyşygyň bolmagynyň mümkindigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Bular ýaly wideony, birinjiden, öňem çykarýardyk. Ikinjidenem, bu wideolar özümiziň düşüren wideolarymyz däl. Olary döwlet telewideniýesinden alnan wideolardan döredýäris”.

Ýöne ol özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, mundan bir hepde çemesi öň ýurduň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz şäherindäki bölüminiň başlygynyň çalşyrylandygyny, hüjümiň bu waka bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Şol täze gelen adam özüni görkezjek bolýarmy ýa-da ony bu wezipä bellemezden öň şeýle bir zady öňünde goýupdyrlarmy, ony aýdyp biljek däl. Bu ýerde her hili wariantlar bar. Ýöne esasy şol döwleti tankytlaýarys. Näçe ýyldan bäri işleýäris. Indi her hili ýol yzarlap gördüler. Interneti ýapan boldular. Türkmenistanyň içinde biziň bilen işleşýän adamlary yzarlan boldular. Munuň netijesi bolman, indi biziň özümize ýa-da maşgalamyza şeýle hüjüm edip başlapdyrlar” diýip, Tuhbatullin belledi.

Şeýle-de, ol özleriniň bu hüjüm barada “Human Rights Watch” ýaly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalaryny habarly edip, bu wakanyň hemmetaraplaýyn derňelmegine çagyryş edendigini nygtady.

Ýeri gelende bellesek, 40 ýyldan gowrak wagt mekdepde taryh mugallymy bolup işlän we 76 ýaşyndaky pensioner Halida Izbastinowa edilen bu hüjüm Aşgabatda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek barada BMG-niň geçirýän maslahaty başlamazdan iki gün öň boldy.

Resmi metbugatda Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary babatdaky resminamalara goşulmak bilen, Türkmenistanyň olaryň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýandygy aýdyldy.

Türkmenistan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda, indi ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär.