Dollar gymmatlandan soň, dükanlar ýapyldy

Ýapyk hususy dükan. Arhiwden alnan surat.

Amerikan dollarynyň “gara bazarda” bahasynyň ýokarlanmagy bilen Türkmenistanda söwda dükanlarynyň köpüsiniň işini togtadyp başlandygy habar berilýär.

Mary şäheriniň ýaşaýjysy, 50 ýaşly öý hojalykçy Maralyň aýtmagyna görä, Mary şäheriniň hem-de onuň etraplarynyň çäginde ýerleşýän söwda nokatlarynyň köpüsi indi 4-5 günden bäri dükanlaryny ýapyp, öz söwdalaryny togtadypdyrlar.

Ol satyjylardan soran wagtyňda olar özleriniň hususy dükanlarynda satýan harytlaryny daşary döwletlere gidip, alyp gelýändiklerini, ýa bolmasa Aşgabadyň “Altyn Asyr” lomaý söwda bazaryndan alýandyklaryny, dükana getiren harytlaryny satyp, täzeden haryt almaga “Altyn Asyr” bazaryna baranlarynda ozalky satyn alan nyrhyndan hem ýokary bahadan haryt satyn almaly bolýandyklary bilen düşündirýändiklerini aýdýar.

Şeýle-de, Maral telekeçiler daşary ýurtlardan haryt alyp gelenlerinden soňra, ony ozalky dollaryň “gara bazaryndan” satyn alnan nyrhyndan ýerläp, täzeden dollar satyn almakçy bolanlarynda “gara bazarda” dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen ozalky satyn alan dollarlarynyň möçberini hem ödäp bilmeýändikleri barada telekeçileriň aýdýandyklaryny hem sözüne goşýar.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, dükan eýeleriniň dükanlaryny ýapyp goýmaklary bilen, ilatyň güzeran ýagdaýlarynyň kynlaşýandygy hem görünýär.

“Golaý goltumyňdaky dükanlardan gerek harydyňy satyn almaga barýarsyň, dükanlar ýapyk bolandan soňra özüňe gerekli harydy satýan dükan gözläp, şäheriň dürli künjeklerine gitmeli bolýarsyň. Onda-da özüňe gerekli harydy satýan dükany tapaýmak aňsat däl. Olaryň aglabasy ýapyk. Açyk dükany gözläp tapýançaň taksä hem birnäçe puluň gidýär. Bu bolsa maşgala býujetine artykmaç agram salýar” diýip, maryly ýaşaýjy Batyr aga hem söhbetdeşlige goşulýar.

Batyr aganyň aýtmagyna görä, ýapyk dükanlar esasan gurluşyk we senagat harytlaryny satýan dükanlar bolup, azyk harytlaryny satýan dükanlarda hem daşary ýurtlardan gelýän azyk harytlary gytalypdyr. Bar bolan azyk harytlarynyň hem bahasy juda ýokarlanypdyr.

“Bu bolsa işsiz hem ujypsyz pensiýa, ujypsyz aýlyk alýan maşgalalaryň güzeran ýagdaýlaryny kynlaşdyrdy” diýip, Batyr aga aýdýar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda hem bu ýagdaýlaryň ýüz berýändigi görünýär. Etrap merkezinde köp dükanlaryň ýapylyp, oba ýerlerinde bar bolan hususy dükanlaryň hem öz işlerini togtatmaga mejbur bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Ýaşaýjylar üçin dörän iň bir kyn ýagdaý bolsa, indi işläp duran dükan eýeleri hem ozal ýazga berýän harytlaryny indi ýazga bermesini togtatdylar” diýip, etrabyň ýaşaýjysy Näzli aýdyýar.

Wagtynda aýlyk alyp bilmeýän ýaşaýjylar, ýa-da ujypsyz pensiýasy bilen ol aýdan ol aýa ýetirnip bilmeýän pensionerler ozal harytlary, esasan hem azyk önümlerini dükanlardan ýazga ýazdyryp, alýan ekenler.

Näzli dükan eýeleriniň harydy ýazga bermek düzgünlerini ýatyrmaklary bilen, köp maşgalalaryň çörek, ýag, unaş önümlerini, kartoşka, sogan ýaly gök önümlerini satyn alyp bilmän, aç oturandyklaryny, oba aralarynda dilegçileriň köpelip başlandygyny aýdýar.