Aşgabatda ‘marşirowkalar’ bilen baglanyşykly onlarça köçe ýapyldy

Aşgabatda ýapylan köçeleriň biri. Arhiwden alnan surat

Şu günler Aşgabatda 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk çäreleri, ýagny “marşirowkalar” bilen baglanyşykly Döwlet tribunasynyň töweregindäki onlarça köçe her gün ençeme sagatlap ýapylýar.

Ýatladyp geçsek, geçen hepdäniň ahyryndan bäri Garaşsyzlyk güni geçiriljek esasy baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyklar Döwlet tribunasynyň öňünde geçirilýär. Oňa döwlet işgärleri bilen bir hatarda, studentler, mekdep okuwçylary we medeniýet işgärleri gatnaşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Döwlet tribunasynyň gündogarynda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň, günortasynda Oguzhan köçesiniň, günbatar-demirgazygynda Bitaraplyk şaýolunyň, demirgazyk-gündogarynda Görogly köçesiniň aralygyndaky ýollar her gün azyndan 7 ýarym sagat ýapylýar.

“Şu ortalykda emele gelýän dörtburçluk bar. Şu dörtburçlugam onlarça kwadrat kilometr meýdany tutýar. Aýyň 17-sinden bäri her gün hiç hili awtoulagyň gatnawyna rugsat edilmeýär. Günortan sagat 12-ä 10-15 minut galandan, tä agşam iňrik garalyp ugraýança, ýagny 19:00-a çenli rugsat edilenok” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ol 26-njy oktýabra çenli dowam etjek bu taýýarlyk çäreleri we köçe ýapyşlygy sebäpli jemgyýetçilik transportlarynyň, taksileriň, hususy awtoulaglaryň hereketiniň göz-görtele çäklendirilendigini, olaryň öz barjak ýerine ýetmek üçin, ençeme kilometri aýlaw edip geçmeli bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Awtobuslar çem gelen ýerden gatnaýarlar. Ýolagçylar kösenýärler. Hatda hususy awtoulagy bolan adamlar hem şäheriň gündogar böleginden günbatar bölegine, ylaýta-da, günorta-gündogaryna ýa-da günorta-günbataryna geçjek bolsalar, ägirt uly aýlaw etmeli bolýarlar. Şeýdip, garaz, öň 5-10 kilometr aralykda ýol ýöreýän bolsaň, häzirki wagtda şol ýoluň uzynlygy, ýagny şol aralykda geçilmeli ýol 35-40 kilometre çenli uzady” diýip, Bugaýew belleýär.

Galyberse-de, Döwlet tribunasynyň öňünde geçirilýän taýýarlyk çäreleri sebäpli ýapylan köçelere we olaryň çatryklaryna awtoulagly ýörite polisiýa işgärleriniň gözegçilik edýändigi, olaryň bu sebitde pyýadalaryň hereketini hem çäklendirýändigi aýdylýar.

“Döwlet tribunasyna ýanaşyk köçelerden ‘Yzyňyza öwrüliň, aňyrky köçeden gidiň’ diýip, pyýadalary-da goýberenoklar. Meniň ýaňky sanan dört sany uly köçäni hem-de şolara birikýän kiçi köçeleri goşsaň, orta hasap bilen köçeleriň 30-dan köpräk çatrygy ýapylan” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ol bu sebitde ýaşaýan ýaşaýjylaryň awtoulag ýa-da jemgyýetçilik transporty gatnaýan köçä çykmak üçin, ortaça 2 kilometri, käte 3-4 kilometri pyýada geçmeli bolýandygyny hem belledi.

Şeýle-de, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýollaryň ýapyljakdygy we jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnaw ugurlarynyň üýtgediljekdigi barada radio-telewideniýede ýa-da gazet-žurnallarda halk köpçüligine öňünden hiç hili maglumat berilmändigini aýdýarlar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda bellenilýän uly baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän döwri we onuň öňýanynda köçeleriň köpçülikleýin ýapylmagy bilen baglanyşykly ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Ýatladyp geçsek, geçen aýyň başynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilmeginiň öň ýanyndan, onlarça köçe ýapyldy. Şonda paýtagtda merkezi köçeleriň tas bir aýa golaý ýapylmagy netijesinde, uzynlygy 2 kilometre çenli ýetýän awtoulag dykynlary emele geldi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümine bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna “ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini” tekrarlasalar-da, paýtagtda köçeleriň ýapylmagy we onuň raýatlara ýetirýän täsirleri barada, kelam agyz söz aýtmaýarlar. Şeýle-de, bu taýýarlyk çärelerine döwlet işgärleriniň, studentleriň we mekdep okuwçylarynyň mejbury gatnaşdyrylýandygy hakda-da mesele gozgalmaýar.