Aşgabat: Parahadyň köçelerinde gazuw işleri geçirilýär, ýene-de...

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynyň birinde turbalary çalyşmak bilen bagly gazuw işleri geçirilýär.

Aşgabadyň Parahat etrapçalaryň käbirinde mundan bir ýarym ýyl çemesi ozal täzelenen ýyladyş turbalary gaýtadan çalşyrylyp, köçelerde ýene gazuw işleri geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şu günler Parahat-1 we Parahat-2/1, Parahat-2/2, Parahat-2/3 etrapçalaryndaky azyndan 12 köçede birbada gazuw we turbalary çalyşmak işleri amala aşyrylýar.

“Bu köçeleriň ählisem mikroraýonyň içindäki ýollar. Olaryň atlary ýok, ýöne aňyrdan gelýän Ýunus Emre, ‘Ýaşlyk’ ýa-da beýleki köçelere çykmak üçin şol köçeleri kesip geçmeli bolýar. Gazylýan köçeleriň hem gündogarynda, hem-de günbatarynda awtoulaglara girmekligiň gadagandygyny görkezýän we ýüzüne kese çyzyk belgisi goýlan nyşan oturdylan. Bu ýerdäki gazuw işleri indi bir hepde çemesi wagt bäri dowam edýär” diýip, Parahat-2 etrapçasynyň ýaşaýjysy, synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ýatladyp geçsek, agzalan etrapçalaryň köçelerinde turbalary çalyşmak we munuň bilen bagly gazuw işleri 2015-njy ýylyň ikinji çärýeginde geçirilipdi. Şonda 30 çemesi köçede bölekleýin alty aýlap gazuw işleri geçirilip, ýaşaýyş jaýlaryna barýan ýyladyş sistemasyna degişli turbalaryň we telefon aragatnaşygy bilen bagly kabel liniýalarynyň dolulygyna täzelenýändigi aýdylypdy.

2015-nji ýylyň ahyrynda turbalar we kabel liniýalary çalşyrylandan soň, köçeler düzlenip, täzeden asfalt düşeldi. Ýöne şonda edilen işleriň talabalaýyk amal edilmändigine, 2016-njy ýylyň başynda, ýagny gyşyň güni bu sebitdäki ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş sistemalarynyň işlemezliginiň we şol köçelerde täzeden gazuw işleriniň geçirilmeginiň şaýatlyk edýändigini, Parahadyň ýaşaýjylary Azatlyga gürrüň beripdiler.

Aşgabadyň şäher we Köpetdag etrap häkimligi, şeýle-de bu ýerde abatlaýyş işlerini geçirýän işgärlere gözegçilik edýän resmiler şol bir köçelerde her ýyl diýen ýaly gaýta-gaýta gazuw işleriniň geçirilmegini “gyşa taýýarlyk işleri” diýip, munuň anyk sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler.

Bu sebitiň käbir ýaşaýjylary bolsa, 2016-njy ýylda ýüze çykarylan kemçilikleriň geçen gyşyň dowamynda düzedilmändigini, olaryň şu ýyl gyşyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galanda ýatlaryna düşendigini aýdýarlar.

“Geçen gyş iki-üç aýlap biziň jaýlarymyz ýylamady. Şol jaýlar ýylamandygy sebäpli elektrik toguny, gazy ulanmaly bolduk. Onuň üçinem göz öňünde tutulandan artykmaç tölegleri tölemeli bolduk. Ýöne şu wagtky edýän işleriniňem soňy haýyr bolsun. Iki gün işläp soňundan ýene-de iki aýlap turbalaryň öçüp durmagy ýa-da ýarylmagy bolmaýadyr diýip, ýaşaýjylar dileg edýärler. Hakykaty gyşy sowuk otaglarda geçiren ýaşaýjylar aýdýarlar” diýip, Bugaýew ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň berdi.

Galyberse-de, ol gazuw işleri sebäpli köçeleriň ýapylmagynyň ilatyň awtoulag gatnawyna, şol sanda sebite Tiz kömek ýaly zerur ulaglaryň gelmegine-de bökdençlik döredýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Mundanam başga, gazuw işleriniň geçirilýän köçeleriniň golaýynda çagalar baglarynyň we mekdepleriň ondan gowragynyň ýerleşýändigine üns çekilip, gazylýan çukurlaryň töwereginde tehniki howpsuzlyk çäreleriniň doly amal edilmändigi aýdylýar.

“Ata-eneler [çagalary köçelerde] işleýän tehniklardan şikes alaýmasyn ýa-da gazylyp, daşyna hiç hili germew edilmedik çukurlara ýykylaýmasyn diýip, gara derde galýarlar” diýip, Bugaýew belleýär.

Ýatladyp geçsek, agzalýan köçeleriň aglabasy şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna birnäçe aý galanda abatlanyp, olarda täze asfalt düşemek işleri geçirilipdi.

Dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň millionlarça maliýe serişdesi harçlanan bu köçelerdäki asfaltlaryň sökülmegine we olaryň gaýtadan abatlanmagyna döwlet býujetinden goýberilýän puluň möçberi barada kelam agyz söz aýdylmaýar. Bu barada resmi metbugatda hem mesele gozgalmaýar.