Aşgabat: Eýesiz jandarlary ‘awlamak' çäresine gaýtadan girişildi

Aşgabadyň köçelerinde eýesiz jandarlary 'awlamaga' gelen döwlet işgärleriniň ulagy. Arhiwden alnan surat

Şu günler Aşgabadyň kommunal gullugynyň işgärleri tarapyndan şäheriň käbir köçelerinde it-pişikleri ‘awlamak’ çäreleriniň gaýtadan güýçlenendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 31-nji awgustda sagat 17:00 töweregi mämişi reňkdäki uly ulaglarda gelen işgärler paýtagtyň Görogly (öňki Şewçenko) we Nurmuhammet Andalyp (öňki “Mir”) köçeleriniň çatrygyndaky jaýlaryň töwereginde eýesiz jandarlary tutmaga girişipdirler.

Gürrüňi edilýän sebitde ýaşaýan we öýsüz hawanlar babatyndaky rehimsizlikler barada maglumat bermegi bilen tanalýan graždan aktiwisti Galina Kuçerenko özüniň bu ulaglary gören badyna köçä çykandygyny we olary yzyna ugratmak üçin, başaran ähli zadyny edendigini aýdýar.

“Men ulagyň golaýyndaky adamlaryň biriniň ýanyna baryp, ‘Ulagyň sürüjisi senmi?’ diýip soradym. Olam maňa ‘Hawa, men’ diýdi. Menem oňa men seni surata düşürjek we wideo ýazgy etjek diýdim. Şondan soň ol meni paýyş sözler bilen kemsitmäge başlady. Men näme üçin gelendiklerini soranymda, ol maňa ‘haýwanlary öldürmek üçin geldik. Bizde ýörite buýruk bar. Bizi şu ýere çagyrdylar” diýdi. Şeýle-de, ol özlerine haýwanlaryň ählisini tutmaly we olary haýwanat bagyna alyp gitmeli diýlendigini hem aýtdy” diýip, Kuçerenko gürrüň berdi.

Aktiwist şondan soň özüniň olary wideo düşürmegi dowam etdirendigini we işgärlere bu maglumatlaryň internetde çap boljagyny duýdurandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Olar maňa ‘Nirä isleseň ýazyber. Biz diňe prezidentimiziň diýenini edýäris’ diýdi. Soňra olaryň käbiri bir ýerlere jaň etdi we şondan soň olar gitdiler. Biz bu ýerde ýene iki sagat ýaly garawullyk etmegi dowam etdirdik” diýip, Kuçerenko belledi.

Ol bu çäreleriň Görogly köçesi bilen Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda Türkmenistanyň döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň täze okuw binasynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşyklydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Mundanam başga, Kuçerenko howpsuzlyk gullugynyň işgärleri ýaly bolup görünýän adamlar tarapyndan gyzy Waleriýa haýbat atylandygyny, oňa ‘ejeň şu gün näme etse-de, ertir sesini çykaraýmasyn’ diýlip duýduryş berilendigini gürrüň berdi.

Kuçerenko 1-nji sentýabrda daňdan sagat 5:00 töweregi döwlet ulagyndaky kommunal gullugyň işgärleriniň gaýtadan öz ýaşaýan sebitine gelendigini, şondan soň pişigiň gykylyk sesiniň eşidilendigini hem belledi.

Aşgabatda kommunal gullugyň işgärleri tarapyndan köçedäki eýesiz jandarlaryň gaýtadan tutulyp başlanmagy, şäheriň käbir sebitlerinde itleriň göze ilerlik derejede köpelendigi barada habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Maý aýynda bolsa, Aşgabatdaky graždan aktiwistleri türkmen häkimiýetleriniň paýtagtyň ähli künjeklerinde öýsüz haýwanlary ‘awlamak’ boýunça giň göwrümli çäre geçirýändigini, olaryň zäherlenip öldürilýändigini habar beripdiler. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky söhbetdeşleri ýerli häkimiýetleriň bu çäreleri paýtagty Aziada-2017 halkara sport çäresine taýýarlamak üçin amala aşyrýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy öýsüz haýwanlaryň awlanmagy bilen bagly soňky ýagdaýlar barada garaşsyz çeşmelerden gowuşýan maglumatlary Aşgabadyň häkimiýetleri tarapyndan resmi derejede tassyklatmaga synanyşdy. Aşgabadyň şäher häkimligi, şol sanda jemagat hojalygy edaralarynyň, öý hojalyk gulluklarynyň işgärleri bu ýagdaýy kommentirlemediler. Bu mesele Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdelerinde-de düýpden gozgalmaýar.