Aşgabadyň ‘Garaşsyzlyk’ seýilgähinde eýesiz itler köpeldi

Aşgabatda köçä kowlan it

Soňky iki hepdäniň dowamynda Aşgabadyň “Garaşsyzlyk” seýilgähinde eýesiz itleriň sanynyň göze ilerlik derejede köpelendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky biri-birinden garaşsyz çeşmeleri bu ýerde eýesiz itlere, esasan, ir ertir we agşamlyk duş gelse bolýandygyny, olaryň käte öz aralarynda uruşýan halatyny hem görse bolýandygyny aýdýarlar.

“Soňky 10 günüň dowamynda Garaşsyzlyk seýilgähinde uly türkmen itleriniň, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly alabaýlaryň sany köpeldi. Özem alabaýlaryň sany 10-15 töweregi bolup, olar bir topar däl-de, iki-üç topar bolup bölünip gezýärler. Olaryň hijisiniň ýanynda-da eýesi ýok” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ol bu seýilgähe gezelenje baran ýaşaýjylaryň aglabasynyň alabaýlaryň göwresinden we olaryň guduz açan bolaýmagyndan howatyrlanyp, itleriň töwereginden aýlanyp geçýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň çeşmeleri paýtagtyň Garaşsyzlyk seýilgähinde eýesiz itleriň köpelmeginiň sebäplerini şäherde köpçülikleýin jaý ýykylyşygy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle jaý ýykylyşygyň bolsa, şu aýyň başynda öňki Hudaýberdiýew, häzirki Atamyrat Nyýazow köçesiniň günortasynda amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

“Köçelerde eýesiz itler köpçülikleýin jaý ýykylyşygy bolan döwri peýda bolýarlar. Ýakynda Hudaýberdiýew köçesiniň ugrundaky jaýlar ýykyldy. Şol ýerde bir gatly howly jaýlar bardy. Şol jaýlary ýykdylar, ýöne olaryň eýelerine kwartira jaýlaryny bermediler. Jaý eýelerem öz dogan-garyndaşlarynyň öýünde ýaşap, jaý berilmegine garaşýarlar. Itleri näme etmeli? Itlerem köçede galmaly boldy. Köpçülikleýin jaý ýykylyşykda her gezek şol bir ýagdaý gaýtalanýar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts 30-njy awgustda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Azatlygyň çeşmeleri “Garaşsyzlyk” seýilgähi olimpiýa şäherçesinden 200 metr çemesi uzaklykda ýerleşse-de, bu ýerde eýesiz itleriň köpelmegi bilen baglanyşykly häzirlikçe şäher häkimliginiň işgärleri ýa-da beýleki resmiler tarapyndan haýsydyr bir çäre görülmeýändigini, olaryň ýörite penahanalara ýerleşdirilmeýändigini aýdýarlar.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu waka Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, Türkmenistanda eýesiz it-pişikler üçin ilkinji penahananyň resmi taýdan hasaba alnandygy barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda bar bolan sosial problemalar, adam hukuklarynyň depelenmegi we öýsüz hawanlar babatyndaky rehimsizlikler barada maglumat bermegi bilen tanalýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts türkmen häkimiýetleriniň Aşgabadyň dürli etrapçalarynda eýesiz jandarlary zäherläp öldürmek çäreleriniň henizem dowam edýändigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, Türkmenistanda öňden bar bolan penahananyň resmi derejede hasaba alynmagyny, ýurtda eýesiz haýwanlara garşy amala aşyrylýan rehimsizlikden üns sowmak üçin edilýän çäre diýip häsiýetlendirýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar dogrusynda, Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi we Aşgabadyň şäher häkimligi bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Bu barada Türkmenistanyň resmi media serişdeleri hem häzirki güne çenli dymyp gelýärler.