Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň pagtaçylaryna “ak pata” berip, olaryň bu ýyl uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna “berk ynam” bildirdi.
Bu waka ýurduň käbir welaýatlarynda döwlet işgärleriniň pagta ýygymyna eýýäm çekilip başlanandygy barada, resmi derejede tassyklanmadyk, maglumatlaryň ýaýramagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Prezident Berdimuhamedowyň anna güni hökümet maslahatynda beren ak patasyna görä, pagta ýygym möwsümi 30-njy awgustda, ilki Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda başlanar, ýurduň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguzdaky pagtaçylar ýygyma 6-njy sentýabrda başlarlar. Türkmenistan bu ýyl 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy planlaşdyrýar.
Adat bolşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin pagta ýygymyna ilki prezident tarapyndan ak pata berilmegi, soň welaýatlarda ýaşulularyň gatnaşmagynda ýygym dabaralarynyň gurnalmagy bilen başlanýar.
Emma “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri bu çärä eýýäm 15-nji awgustdan girişilendigini, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň Mary we Lebap welaýatlaryndaky döwlet işgärlerini pagta ýygym kampaniýasyna çekip başlandygyny habar berýär.
Neşiriň 25-nji awgustda beren maglumatyna görä, orta mekdeplerde pagta meýdanlaryna häzirlikçe tehniki işgärler, şol sanda tam süpürijiler we garawullar ugradylýar.
“Geçen ýyllardakysy ýaly bu ýyl hem adamlar irden sagat 6-da ýerli häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen ýere barmaga mejbur edilýär. Olary awtobuslara mündürip, pagta meýdanyna alyp gidýärler. Olara bilim edarasynyň işgärleri, polisiýa we raýat eşigindäki adamlar tarapyndan gözegçilik edilýär” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazýar.
“Dürli mekdeplerden we çagalar baglaryndan ýygnan 37 adamy, ýagny hemmämizi Wekilbazar etrabyndaky bir pagta meýdanyna getirdiler. Öňküsi ýaly hemme adam ýörite eşikli we fartukly bolup, olaryň iýjek naharlary hem ýanlarynda. Pagta alnyp gidilen döwri aýlyk hem berilýär. Geçen ýylkydan tapawutlylykda, bu ýyl kärendeçiler 1 kilogram pagta üçin 40 teňňe töleýärler. Bu geçen ýyl munuň ýarysyna barabardy. Galan zatlar öňküsi ýaly saklanyp galýar” diýip, neşir Marydaky çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.
Şeýle-de, ol häzirki wagtda pagta hasylynyň azdygyny sözüniň üstne goşýar. Geçen ýyl ýurduň gündogarynda we günortasynda pagta ýygymyna awgust aýynyň ahyrynda, demirgazykda bolsa, sentýabr aýynyň ikinji hepdesinde başlanypdy diýip, neşir belleýär.
Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, Mary we Lebap welaýatlarynyň Baş bilim edaralary bilen habarlaşanda, orta mekdepleriň tehniki işgärleriniň pagta ýygymyna alnyp gidilýändigi baradaky maglumatlary häzirlikçe tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Türkmen hökümetiniň pagta möwsümi döwri on müňlerçe raýaty zor bilen ýygym işlerine çekýändigi aýdylyp, Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň şu ýylky “Adam gaçakçylygy” hasabatynda aýdylmagyna görä, türkmen hökümeti býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary we lukmanlary temmi bermek haýbatlary bilen mejbury ýagdaýda pagta meýdanlarynda ulanýar. Şol bir wagtda, bu kampaniýany hasaba almakçy bolýan garaşsyz gözegçileriň her dürli basyşlara, jerimelere we gynamalara sezewar edilýändigi-de nygtalýar.