Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişilen mahaly, daýhanlar döwletiň indi ençeme ýyl bäri gallany şol bir nyrhdan satyn alýandygyndan we öz girdejileriniň azlygyndan nägile bolýarlar.
Mälim bolşy ýaly, 23-nji awgustda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada bugdaý ekişine girişildi we şu ýyl ýurt boýunça 760 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçylar 2018-nji ýylda 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Resmi mediada ýurtda daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin, ähli zerur şertleriň döredilendigi tekrarlansa-da, daýhanlaryň onlarçasy özleriniň alan galla hasyly üçin döwlet tarapyndan tölenýän tölegiň ençeme ýyl bäri şol bir mukdarda saklanyp galýandygyny aýdýarlar.
“Daýhanlara gaty gitse 2-3 gektar ýer kärendesine berilýär. Her gektardanam hasyl gowy boldy diýlende, ortaça 2 tonna bugdaý alyp bolýar. Döwlet 1 tonna bugdaýy 400 manada satyn alyp, onuň 200 manadynam tehnika, dökün we suw üçin diýip saklap galýar. Şeýle bolanda, 1 gektar ýeri bolan daýhanyň bir ýyllap çeken azabynyň zähmet haky 400 manat bolýar. Bagtyň çüwüp, 2-3 gektar ýerden 4-6 tonna galla hasylyny alan bolsaň, onda 800-1200 manat girdejiň bolýar. Bu 500 amerikan dollaryna-da ýetenok” diýip, balkanly gallaçy daýhanlaryň biri Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesine gürrüň berdi.
Adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu gallaçy türkmen telewideniýesinde kärendeçi daýhanlaryň alan hasylyndan baýaýandygy, olaryň kem zadynyň ýokdugy hakynda gepleşikleriň berilýändigini, emma özleriniň bir ýyllap çeken azaby üçin alan hasyl pulunyň bir maşgalany bir aý eklärden hem azdygyny belleýär.
“Bazarlarda harytlaryň bahasy gün-günden gymmatlaýar. Hatda döwlet işgärleriniň zähmet haklary, studentleriň stipendiýalary, pensiýalar, kömek pullary hem her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrylýar. Döwlet bolsa indi ençeme ýyl bäri bizden her 1 tonna bugdaýy 400 manatdan satyn almagy dowam etdirýär. Bu ýagdaý daýhanlary kärendesine ýer almaga, ekin ekmäge höweslendirenok” diýip, balkanly daýhan gürrüň berdi.
Mundanam başga, ol remi mediada “kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär” diýilse-de, bu ýagdaýyň metbugatda mahabatlandyrylyşy ýaly däldigini aýdyp, şeýle diýýär:
“Ýokary wezipelerde tanşyň bolsa, dökün we tehnika wagtynda berilýär. Ýok bolsa, onda hemme zat wagty geçensoň berilýär, olam çäkli möçberde. Bu bolsa hasylyň pes bolmagyna getirýär” diýip, daýhan belleýär.
Ýatladyp geçsek, mundan sanlyja gün ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet assosiasiýasynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi. Şonda bu assosiasiýanyň daýhanlary gerekli himiki dökünler bilen üpjün etmekde birgiden kemçiliklere ýol berýändigi aýdyldy.
Şonda bu kemçilikleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmasa-da, bu waka, şu ýyl türkmen daýhanlarynyň döwlet tarapyndan planlaşdyrylan 1 million 600 müň tonna bugdaýa derek, bir million tonna galla hasylynyň almagynyň we prezidentiň welaýat häkimlerine hem-de wise-premýere käýinç bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanda ýer uzak möhletleýin kärendesine berilmän, köplenç 2 ýyl möhlet bilen daýhanlara paýlanýar. Şeýle-de, kärendeçi daýhanyň ýere ekjek ekini hem köplenç döwlet tarapyndan kesgitlenip, ol alan hasylyny hem diňe döwlet edarasyna satyp bilýär.
Munuň bilen bir wagtda, kärendeçileriň bir ýyllap çeken zähmetinden soň, döwlet harmanyna tabşyran galla hasyly üçin, öz plastik kartlaryna geçirilen puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi, olaryň bankomatlardan günde diňe 300 manady alyp bilýändigi barada habar berlipdi.