Türkmenistanly tanymal graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsa hüjüm edildi

Nataliýa Şabunts

Türkmenstanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Aşgabatda hüjüme sezewar edildi.

Adam hukuklaryny goraýjy Şabuntsyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, 20-nji awgustda irden iki sany nätanyş zenan oňa kemsidiji we paýyş sözler bilen topulypdyr, haýbat atypdyr we daşlapdyr.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, Size edilen hüjüm barada gürrüň beriň, näme boldy?

Nataliýa Şabunts: Bu, ýekşenbe güni irden boldy. Men adatdakysy ýaly ir sagat ýediniň ýarynda itlerimi gezdirmek üçin köçä çykdym. Men yzyma gaýdyp gelýärkäm, iki sany çagaly zenany gördüm. Käbir adamlaryň itleri gowy görmeýändigini we gorkýandygyny bilip, olaryň deňimden geçmegine garaşyp, itlerimi gyra çekip durdum. Zenanlar ýanyma golaýlanynda, olaryň biri birden gygyryp başlady: “Rus doňuzy, goýun”, diýip. Men olara: “Muny maňa aýdýaňyzmy?” diýdim. Ol hem: “Sen itleriňi gezdirýäň, çagalarymyz itden gorkýar, bar git Orsýete we şol ýerde it sakla” diýip gygyrdy.

Çynymy aýtsam, alasarmyk ýagdaýa düşüpdim. Beýle zada garaşmandym. Çetde bir ýigit duran eken, men ony irden hem görüpdim, emma ähmiýet bermändim. Onuň ýanyna baryp: “Kömek ediň, maňa azar berýärler” diýsem, ol sesini çykarmady. Zenanlar bolsa: “Biz seni türmä basarys, häzir polisiýany çagyrarys” diýdiler. Olaryň ýanynda iki sany kiçi ýaşly çaga bardy, aýallar gygyryp başlanda, bir çaga aglady. “Ine, meniň çagam itden gorkýar” diýip, zenan kemsidiji zatlary aýdyp topuldy.

Men olardan daşlaşjak bolýan, olaram yzymdan eňýär. “Itden gorkýan bolsaň näme üçin yzyma düşýäň?” diýdim. Öýüň deňinden geçjek bolsam, hälki ýigit hem yzyma düşdi. Meniň ony öýümiň golaýynda öň hem ençeme gezek görenim ýadyma düşdi. Öz goňşularymyň gözüniň öňünde bolaýyn diýip, öýe golaýlanymda, maňa iki sany daş atdylar. “Nirä barýaň gel gepleşeli” diýip olar özlerini örän agressiw alyp bardylar. Şol iki aýalyň biri - has ýaşragy gygyryp, meni ençeme gezek çümmüklemäge synanyşdy. Meniň ýanymda iki sany it bardy - biri kiçijik pekines elimdedi, beýlekisi türkmen tazysy ýanymda. Şol zenan elimdäkini urup, tazyny hem aýagy bilen depmäge topuldy. Meniň pikirimçe, ol itleriň ses etmegini ýa-da dişlemegini isläpdi, emma itim gorkak bolup çykdy.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, Siz ol ýagdaýdan nädip gutuldyňyz?

Nataliýa Şabunts: Dükanyň öňünde adamlar jemlenip durdy. Käbirleri çete çekildiler, iti aýagy bilen depmäge synanyşanlar hem boldy, emma köpüsi ol aýallara: “Size näme gerek? Goýuň ony öz erkine” diýip, maňa goldaw bildirdiler. Bir türkmen adam aýallaryň üstüne gyryranda, olar biraz saklandy, men hem öýe girip gitdim. Aýallar meniň yzymdan her hili elhenç zatlary gygyryp, haýbat atyp galdylar. “Git, Orsýete, bärde hemme zat gowy, biz näme islesek edýäris, biz bagtly ýaşaýarys, git Orsýete” diýip gygyryp galdylar.

Çynymy aýtsam, şeýle zada asla garaşmandym.

Itlerimi öýe eltdim, derrew yzyma çykyp, olary surata düşürjek boldum, emma aýallar eýýäm gidipdir. Meniň pikirimçe, olar prowokasiýa gurnajak boldular. Olar ýaş çagalar bilen şeýle irki sagatlarda köçede näme işleýärler? Men olar ýörite bahana gözläp, ýagdaýy urşa ýetirjek boldular diýip pikir edýärin.