Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habarçysyna ýene hüjüm edildi


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa geçen hepdäniň aýagynda ýene hüjüme sezewar boldy.

Açylowa Aşgabatda geçirilýän welosiped çäresinden maglumat taýýarlamak üçin, 29-njy iýulda ir sagat dokuz töweregi öýünden çykandygyny we şonda jaýyň gapdalynda duran adamlara gözüniň düşendigini gürrüň berdi. Ol 27-28-nji iýulda amala aşyrylan hüjümler sebäpli ätiýaçlyk üçin, öz ýany bilen çagalarynyň birini alyp gidendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Biz öýden çykanymyzda, jaýyň gapdalynda duran garawullara gözümiz düşdi. Olar bize görünmejek bolup, gapdaldaky jaýyň girelgesinde gizlendiler. Men duralga tarap ýöräp barýarkam, meni görüp maňa tarap ädimini tizleşdiren gara futbolkaly, gara kepkaly oglany uzagrakdan surata düşürip ýetişdim. Ol oglan biziň münen awtobusymyza mündi we meniň gapdalymda durdy. Men uly ýoldan welosipedli gelýänleri surata düşürmek üçin, awtobusyň açyk aýnasyna fotoapparatymy gönükdirenimde, ol meniň elime ýapyşdy. Meniň ýanymdaky gyzym biziň aramyza düşüp, meniň elimi onuň elinden sypdyrdy” diýip, habarçymyz Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Açylowa şondan soň gürrüňi edilýän oglanyň özlerine paýyş sözler bilen hüjüm edip başlandygyny hem-de onuň özüne ölüm we gyzyna aýagyny döwmek bilen haýbat atandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Ol maňa garap ‘Sen indi diňe ölýärsiň’ diýip haýbat atdy. Gyzyma garap ‘Seniň häzir aýagyňy döwýärin. Ejeň ölenden soň, nädip ýaşarsyň? Siz ýurdy masgara edýäňiz. Haramzadalar’ diýen paýyş sözler bilen awtobusyň içinde üstümize dyzap, bolup bilenini boldy. Biz öňümizdäki [awtobus] duralgasynda düşüp, yzymyza öýe dolandyk. Öýe girýänçäk ýanymyzdan aýrylman, ol paýyş sözler bilen bizi ugratdy. Her iki sözüniň birinde meni öldürjekdikleri barada gaýtalaýardy. Bu bolup geçen ýagdaýlardan meniň janyma kast etmegiň ugruna çykylandygyna doly ynanýaryn” diýip, habarçymyz aýdýar.

Açylowa şu gün, ýagny 31-nji iýulda ir sagat 08:30 töweregi öýüniň golaýyndaky awtobus duralgasyna baranda, gürrüňi edilýän adamyň ýanyna gelendigini hem habar berdi. Açylowanyň sözlerine görä, agzalýan adam özüniň polisiýadan ugradylandygyny we oňa surat aldyrmazlyk barada özüne görkezme berlendigini aýdýar.

“Eger-de fotoapparatymy çykaraýsam, erbet boljagyny aýtdy. Men Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Maglumat serişdeleri merkezine, ondan çykyp bazara gitdim. Ol öýe gelýänçäm, ýanymdan bir ädimem aýrylmady. Maglumat serişdeleri merkezine girmedi, ýöne daşarda garaşyp durdy. Men erbet ýagdaý bolmasyn diýip, fotoapparatymy sumkamdan çykaryp bilmedim. Garawullar öňküsi ýaly öýüň daşynda durlar. Öýden çykdygym, jaň edip habar berýärler. Onsoň yzyma başga biri düşüp gidýär” diýip, Açylowa 31-nji iýulda email arkaly ugradan hatynda aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, bu Azatlyk Radiosynyň habarçysy 67 ýaşly Soltan Açylowa üç günüň dowamynda yzly-yzyna edilen şuňa meňzeş üçünji hüjümdir.

27-nji iýulda Açylowa ir sagat 11:40 töweregi Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Maglumat serişdeleri merkezinden çykyp, awtobusa münendigini, soňra awtobusyň penjiresinden köçäni surata almakçy bolanda, arkasyndan bir erkek adamyň eline ýapyşandygyny habar beripdi. Ol şondan soň, agzalýan adamyň ‘sen meniň aýal doganymyň suratyny alyp, internete goýupsyň’ diýip, üstüne paýyş sözler bilen hüjüm edendigini aýtdy.

28-nji iýulda bolsa, Açylowa ir sagat 10:15 töweregi Maglumat serişdeleri merkezinden çykyp, awtobus duralgasyna tarap ýörände, köçäniň ugrunda ýene hüjüme sezewar edilýär. Ol köçäniň ugrundaky bir gyzy surata düşürmekçi bolanda, 20 ýaşlaryndaky bir oglan gelip, onuň elini gaňyrýar.

2016-njy ýylyň ahyrynda edilen hüjümden soň, Soltan Açylowanyň elinde gök tegmiller emele gelipdi.
2016-njy ýylyň ahyrynda edilen hüjümden soň, Soltan Açylowanyň elinde gök tegmiller emele gelipdi.

Soltan Açylowa mundan dokuz aý çemesi ozal, ýagny 2016-njy ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda hem yzly-yzyna üç gezek hüjüme sezewar edilipdi. Bu hüjümlerden soň, ýagny geçen ýylyň noýabr aýynda Açylowanyň aragatnaşyk mümkinçilikleri çäklendirildi. Häzirki wagtda onuň öý we mobil telefonlaryndan daşary ýurtlara jaň edip ýa-da daşary ýurtlardan gelýän jaňlary kabul edip bolmaýar.

Bu wakalardan soň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalaryň ençemesi, şol sanda “Human Rights Watch” we “Serhetsiz Reportýorlar” (Reporters Without Borders) guramalary Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna, şol sanda Soltan Açylowa edilýän hüjümleri ýazgaryp beýannama ýaýratdylar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber “Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk” diýdi.

Türkmenistan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda indi ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG