Türkmenistan: Güýçlendirilen howpsuzlyk düzgüni girizilýär, serhet ýapylýar, wiza düzgüni çäklendirilýär

Türkmenistanyň prezidenti žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, Aşgabat, 11-nji awgust, 2017.

Türkmenistanda harby we kanun goraýjy gulluklaryň güýçlendirilen iş tertibi, şeýle-de serhetiň ýapyljagy we wiza düzgünleriniň çäklendiriljegi yglan edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji awgustda geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda gol çeken buýrugyna görä, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny doly üpjün etmek boýunça bu düzgün 17-nji awgustdan güýje girer we 27 sentýabra çenli dowam etdiriler.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirýän ýurt hökmünde bu oýunlaryň geçirilýän döwründe howpsuzlygyň doly üpjün edilmegini tabşyrdy.

“Şu döwürde ýurduň ähli harby we hukuk goraýjy edaralary gije-gündiziň iş düzgünine geçýärler. Serhet ýapylýar, wiza düzgünleri hem çäklendirilýär, gümrük gözegçiligi güýçlendirilýär” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, mundan başga-da çäreler göz öňünde tutulýar.

“Ýurdumyza gelmek we ýurdumyzdan gitmek düzgüni boýunça adamlara V Aziýa oýunlaryny üpjün etmek. Şahsy hem durmuş meseleleri bilen bagly şeýle hem haýsy-da bir ozal ylalaşylan halkara çärelerine gatnaşmak üçin rugsat berilýär. Ýöne welin, islendik halatda bu meselelere ýörite topar tarapyndan serediler” diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti agzalan döwürde Aşgabatda göz öňündetutulan halkara sergileriň geçiriljek wagtynyň yza tesdiriljekdigini aýdyp, “biz bu meselelere düşünmek bilen garaýan beýleki döwletleriň ýolbaşçylaryna elbetde minnetdar” diýdi.

Prezident Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryň ýurduň halkara derejesinde abraýyny galdyrmagyna umyt baglaýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary 17-27-nji sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen baglylykda 200 müňden gowrak daşary ýurtlynyň Türkmenistana barmagyna garaşýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aziada bilen baglylykda daşary ýurtlularyň hökmany suratda ýolbeletli hereket etmegini tabşyrypdy, şeýle-de ýurduň öz raýatlarynyň paýtagta barmagyna we ýaşamagyna çäklendirmleri girizilipdi.