Soňky iki hepdäniň dowamynda başga şäherlerden Aşgabada barýan awtoulaglaryň sürüjileri we ýolagçylary nobatdaky problema bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu sapar başga ýerlerden gelen, şol sanda welaýatlaryň belgileri bolan awtoulaglary saklap, şäheriň daşyndan aýlanyp geçmäge mejbur edýärler.
Aşgabadyň özüne barýan awtoulaglar öz ýolagçylaryny Çoganlydaky awtowokzalda düşürmeli bolýarlar, sürüjiniň özi-de şähere barmaly bolsa, onda ol ulagyny awtowokzalda goýup, jemgyýetçilik transportdan peýdalanmaly ýa-da taksi tutmaly bolýar.
Şol bir wagtda-da Aşgabadyň üstünden geçýän tranzit ulaglar şäheriň daşyndan aýlanyp geçmeli bolýarlar.
Şuňa meňzeş çäklendirmeler ozal hem girizilipdi, emma olar gysga möhletli bolup, adatça Aşgabada ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň barmagy we Garaşsyzlyk güni ýaly milli baýramçylyklar bilen bagly bolupdy.
Häzirki çäklendirmeleriň ýetip gelýän Aziýa oýunlary, ýa-da ýaryşyň öňüsyrasyndaky “türgenleşikler” we “repetisiýalar” bilen bagly bolmagy mümkin. Emma käbir synçylar Aziadanyň öňüsyrasynda şähere barylmagyna girizlen çäklendirmeleriň Aziýa oýunlarynyň soňuna çenli we daşary ýurtly myhmanlaryň ählisi gidýänçä saklanjakdygyny aýdýarlar.
Bu çäklendirmeler hususy taksileriň hyzmatyna dessine täsir ýetirdi, olaryň sany azaldy, bahasy biraz gymmatlady. Paýtagtda hususy ulag hyzmatlarynyň uly bölegini başga şäherleriň, hatda welaýat şäherleri Tejen, Serdar, Gökdepe, Mary we Türkmenabat (Çärjew) ýaly şäherleriň ýaşaýjylarynyň üpjün edýärler.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, başga şäherli transportyň Aşgabada barmagyna girizilen çäklendirmeleriň paýtagtdan propiskasy bolmadyk raýatlaryň çykarylmagy ýaly çäreleriň dowamy boldy. Soňky 6-8 aýyň dowamynda polisiýa ýerli häkimiýetleriň wekilleri bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlara baryp, jaýy kireýne alýan we paýtagtda ýazgyda durmadyk raýatlary anyklamak boýunça barlaglaryň ençemesini geçirdiler. Anyklanan başga şäherlileriň ählisine paýtagty dessine terk etmek tabşyryldy we administratiw jogapkärçilige çekilmek ýaly jeza bilen haýbat atyldy.
Aşgabada barmak bilen bagly soňky çäklendirmeler daýhanlaryň uly kynçylyklara duçar bolmagyna getirdi, olar gök önümleriň esasy hyrydary bolan paýtagta öz oba hojalyk önümlerini eltip bilmeýärler. Bu işe dessine lomaý söwda bilen meşgullanýan araçylar goşuldylar we şäheriň daşynda harytlary satyn aldylar, olar şähere barmakdan mahrum edilen çykgynsyz ýagdaýdaky daýhanlaryň önümlerini arzan bahadan satyn aldylar.
Aşgabadyň Çoganlydaky awtowokzalynyň şertlerinde aýratyn durup geçmek gerek.
Awtowokzal Aşgabadyň ýaşaýyş böleklerinden 7 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Awtowokzalda jemgyýetçilik transporty bar, emma başga şäherlerden baran adamlar köplenç eli goşly barýarlar. Köplenç olaryň goşy agyr bolýar we özlerine hem paýtagtyň ýolagçylaryna dürli oňaýsyzlyklary döredýär.
Şäheriň taksileri bolsa awtowokzalda ok diýen ýaly.
Şuňa meňzeş problemalar şäheri terk etmek isleýänlerde hem döreýär. Başga şäherlerden barýan taksi sürüjileri öz müşderilerini Aşgabadyň gyrasynda garşy almaly bolýarlar. Potensial müşderiler şol ýere barýarlar we “müşderiler toparlaryna” jemlenýärler, sebäbi bir ýeňil awtoulag adaça 3-4 müşderini alýar.
Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň içinde we şäherleriň arasyndaky ýollardan hereket etmegine degişli çäklendirmeler öňki prezident Nyýazowyň goly astynda hem bardy. Şonda welaýatlaryň çäklerinde polisiýanyň we beýleki ýörite gulluklarynyň barlag nokatlary ýerleşýärdi, her bir ulaga degişli maglumatlar we onuň içindäki sürüjä hem ähli ýolagçylara degişli maglumatlar hasaba alynýardy. Ýurduň raýatlarynyň paýtagta barmagy sebäbi düşündirilmezden ýatyrylyp bilinýärdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen şeýle çäklendirmeleriň ählisi ýatyrylypdy. Aziada oýunlarynyň öňüsyrasynda şol tejribelere dolanyp barmagyň wagtynyň gelen bolmagy ähtimal, emma häzirki wagtda bu tejribeler öň görülip-eşidilmedik derejä ýetdi hem Nyýazow döwründen has pugtalandyryldy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabatda 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Türkmenistan döwlet baştutanynyň ýörite görkezmesi boýunça bu sport çäresini “ýokary guramaçylyk derejesinde” geçirmäge taýýarlanýar we onuň ýurduň halkara derejesindäki abraýyny artdyrmagyna garaşýar.
Aziadanyň öňüsyrasynda häkimiýetleriň amala aşyrýan öň görlüp-eşidilmedik guramaçylyk işleriniň çäginde ýurt ýaşaýjylarynyň paýtagta barmagyna we ýaşamagyna girizilen çäklendirmeler bilen bir wagtda, resmiler tarapyndan “gowy geýinmedik” diýlip hasaplanan adamlary saklamak, şäheriň köçelerinden köne awtoulaglary aýyrmak we geçmişde tussaglygy başdan geçiren adamlara şäheriň merkezinde görünmegi gadagan etmek ýaly çäreleriň ençemesiniň geçirilendigi habar berilipdi.
Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň daşynda, welaýatlardan barýan ýollaryň ugrunda welaýat belgili awtoulaglary goýmak üçin iki sany awtoduralganyň gurluşygy amala aşyryldy.