Aşgabatda ýene onlarça ýaşaýyş jaýy ýykylýar

Aşgabatda ýykylan jaýlar. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň öňki Hudaýberdiýew, häzirki Atamyrat Nyýazow köçesiniň günortasynda onlarça ýaşaýyş jaýynyň ýykylýandygy barada habar berilýär. Bu sebitde häzire çenli 60 çemesi jaý ýykylan bolsa, ýene 200-den gowrak jaýyň ýykylmagyna garaşylýar.

Aýdylmagyna görä, jaýlaryň ýykylmagynyň sebäpleri barada ilat köpçüligine haýsydyr bir maglumat berilmeýär. Şeýle-de, ýykylýan jaýlaryň deregine nähili desganyň guruljakdygy ýa-da gurulmajakdygy barada hem bir zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatda ýene onlarça ýaşaýyş jaýy ýykylýar