Aşgabatda içerki migrantlary öz sebitlerine ugratmak ýene güýçlendirildi

Aşgabatda ýol gurluşyk işlerini amala aşyrýan işçiler. Arhiwden alnan surat

7-nji awgustdan başlap Aşgabatda ýurduň beýleki regionlaryndan gelip işleýän gurluşyk işçilerini saklamak çäresi başlandy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 10-njy awgustda beren maglumatyna görä, işçileri saklaýan polisiýa işgärleri olaryň aglabasynyň Aşgabatda wagtlaýyn hasaba durandygy baradaky resminamasynyň we işlemek hakyndaky rugsatnamasynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

“Bu çäräniň netijesinde Aşgabatdaky gurluşyk işleriniň köpüsi togtady. Hususan-da, Mir-7 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy togtady. Polisiýa tarapyndan saklanan işçiler otluda öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar. Ýol çykdajylary işçileriň hasabyna amala aşyrylýar” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazýar.

Welaýatlardan Aşgabada gelip, dürli gurluşyk obýektlerinde işleýän içerki migrantlaryň öz ýaşaýan sebitine ugradylmagy bilen baglanyşykly çäräniň ýene güýçlenendigini Azatlyk Radiosynyň ýurt çindäki çeşmeleri hem tassyklaýarlar.

Aşgabadyň Parahat-7 we Parahat-8 sebitlerinde ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyny amala aşyrýan hususy eýeçilikdäki firmalaryň käbir eýeleriniň Azatlygyň ýurt içindäki çeşmelerine aýtmagyna görä, şu günler polisiýa resmileri günde azyndan iki gezek gurluşyk barýan sebitlere aýlanyp, işçilerden şahsyýetini anyklaýan dokumentleri, ýaşaýan jaýynyň we Aşgabatda ýazga durandygy hakyndaky resminamalary görkezmegi talap edýärler.

“Polisiýa bu dokumentleri bolmadyk işçilere dessine ‘ýaşamagyň düzgün-tertibini bozandygy’ hakynda aýyplama bildirýär. Biz käbir işçilere kireýine jaý tutup, goşmaça çykdajy etmesin diýip, gurluşygyň tamamlanan jaýlarynda ýatyp-turmagyna rugsat berýärdik. Olarda Aşgabatda kireýine jaý alandygy barada resminama ýok. Şeýlelikde, köp işçimiz yzyna, öz welaýatlaryna dolanmaga mejbur boldy” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran hususy gurluşyk firmanyň eýesi aýtdy.

Käbir hususy firma eýeleri bolsa, oktýabr aýynyň birinji on günlügi tamamlanýança gurluşyk işleriniň togtadylýandygyny we şol sebäpli işçileriň öz ýaşaýan sebitlerine ugradylandygyny aýdýarlar.

“Mundan birnäçe gün ozal geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň içeri işler ministri Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe, Aşgabat şäherinde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendiriljegi hakynda döwlet baştutanyna hasabat berdi. Bu biziň öz işgärlerimizi wagtlaýyn işden boşatmagymyza sebäp bolan zatlaryň biri. Sebäbi paýtagtda awtoulaglaryň hereketi çäklendirilse, bu, birinjiden, işçileriň wagtynda işe gelmegini, ikinjiden, uly ýük maşynlarynda gurluşyk materiallaryny getirmek mümkinçiligini bökdär. Şol sebäpli biz işçilerimize wagtlaýyn öz ýaşaýan sebitlerine dolanmagy maslahat berdik” diýip, hususy gurluşyk firmanyň eýesi aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabatda ýazga durmadyk ýa-da ýaşamaga jaýy kireýine alandygy hakyndaky resminamasy bolmadyk welaýatdan gelen türkmenistanlylaryň öz ýaşaýan sebitlerine ugradylmagy bilen baglanyşykly çäräniň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýa-da düşündiriş bermän gelýärler.

Ýatladyp geçsek, Aşgabada ýurduň beýleki künjeklerinden işlemäge we, umuman, paýtagta gelýän welaýatlylara garşy resmi derejedäki dürli çäklendirmeler 2015-nji ýylyň aýagyndan girizilip başlanypdy.

Şonda Aşgabada welaýat belgili ulaglaryň girmegi gadagan edilip, bu düzgüni bozanlara administratiw çäre görlüp başlandy. Şeýle-de, paýtagtda işlemekçi bolýan welaýatlylaryň diňe “iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soň işe kabul edilmelidigi” barada täze düzgün girizilipdi.

Bu çäklendirmeler şu ýylyň mart aýyndan has-da güýçlendirilip, paýtagtda polisiýa işgärleri sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz görünýän raýatlary saklap, dokumentleri barlap başladylar. Şol adamlar paýtagtda ýazgyda durmadyk bolsalar, jerime salnyp, soňy bilen-de ýaşaýan sebitlerine ugradylýarlar.

Käbir ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ýerli türkmen häkimiýetlerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu çäre şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly bolup, bu sport çäresi başlanýança paýtagtda ýazga durmadyk türkmenistanlylary öz ýaşaýan sebitlerine ugratmak göz öňünde tutulýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, garaşsyz aklawçylaryň ençemesi Aşgabatda alnyp barylýan bu çäreleriň ýurduň Konstitusiýasyna “çapraz gelýändigini” nygtaýar.

Bu aralykda, gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ne Aşgabat häkimliginden, ne-de polisiýasyndan nähilidir bir maglumat almak başartdy. Ýurduň resmi metbugaty hem Türkmenistanyň raýatlarynyň Aşgabatdan zor bilen çykarylmagy dogrusynda, häzirki güne çenli dymyp gelýär.