Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşyp, beýleki meseleler bilen bir hatarda, ekstremist toparlaryň regiona abandyrýan howpy barada maslahat etdi.
Eýranyň media serişdeleriniň maglumatyna görä, Meredow 5-nji awgustda Tährana sapar edip, prezident Hassan Rohaniniň ikinji möhlete prezidentlige kasam ediş dabarasyna gatnaşdy.
“Iran Front Page” neşiriniň maglumatyna görä, bu dabaranyň yz ýany, türkmen resmisi Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşdy we iki resmi ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, terrorist we ekstremist toparlaryň regionyň ähli ýurtlaryna abandyrýan howpunyň artmagy we oňa garşy bilelikde göreşmek barada maslahat etdiler.
Eýranyň media serişdelerinde bu mesele boýunça anyk nämeleriň maslahat edilendigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Türkmen mediasynda bolsa, bu duşuşyk barada, umuman, hiç zat aýdylmady.
Ýeri gelende bellesek, bu gepleşikler Owganystanyň Türkmenistan we Eýran bilen serhetleşýän welaýatlarynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşan döwrüne gabat geldi.
Ýatladyp geçsek, ýakynda owgan resmileri, ýerli harby komandirler we obalylar “Talybanyň” Owganystanyň gündogardaky Jöwüzjan welaýaty bilen günbatardaky Hyrat welaýaty aralygynda Farýaby, Badgysy hem öz içine alýan onlarça etrapda öz hökümini ýöredýändigini ýa-da ýöretmäge dyrjaşýandygyny habar beripdiler.
23-nji iýulda bolsa, “Talyban” biri Türkmenistana golaý iki etrabyň merkezini, ýagny Farýab welaýatynyň Kohistan etrabyny we Ghor welaýatynyň Taýwara etrabyny eýeledi. Muny ýerli polisiýa resmileri hem tassykladylar.
Mundanam başga, 20-nji iýunda “Yslam döwleti” (‘YD’) toparynyň jeňçileri Jöwüzjan welaýatynyň Darzap etrabyny basyp alandyklaryny öňe sürdüler. Owgan resmileri-de, “Talyban-da” ‘YD-yň’ Darzapdadygyny tassyklapdylar.
Şeýle-de, geçen aýyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Goranmak ministrligindäki çeşmeleri ýurduň günorta-gündogarynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört türkmenistanlynyň saklanandygyny we olaryň Owganystanyň Hyrat welaýatyndan ýurda syzyp girendigini habar beripdiler.
Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýa-da media serişdelerinde ýokarda agzalan meseleler barada, ilat köpçüligine häzirlikçe maglumat berilmän gelýär. Şeýle-de, Azatlyk Radiosyna Meredow bilen Zarifiň arasynda geçirilen bu duşuşygyň ýokarda gürrüňi edilen meseleler bilen näderejede arabaglanyşygnyň bardygyny ýa-da ýokdugyny hem anyklamak başartmady.
Galyberse-de, Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky bu duşuşyk iki ýurduň arasynda gaz söwdasy bilen baglanyşykly dawanyň dowam edýän mahalynda bolup geçdi.
Ýatladyp geçsek, Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 2 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdyp, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi.
Şondan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasy akdyrylýan tebigy gazy keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip, “Türkmengaz” döwlet konsernini halkara arbitraž suduna berjekdigini we bu babatda ähli resminamalaryň taýýarlanylandygyny aýdyp gelýär.
Media serişdelerinde ýa-da Eýranyň we Türkmenistanyň resmi websaýtlarynda Meredowyň we Zarifiň duşuşygynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy barada gürrüň edilip-edilmändigi hem häzirlikçe aýdyňlaşdyrylmaýar.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylypdy.