Türk işçisi Erdogandan Türkmenistandaky bergisini almaga kömek etmegi soraýar

Aşgabatdaky daşary ýurt firmalarynyň birinde işleýän işgärler. Arhiwden alnan surat

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistandaky gurluşyk firmalarynyň birinde işländigi aýdylýan türk işgäriniň öz aýlyklaryny alyp bilmeýändigi barada kömek sorap, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogana eden ýüzlenmesini çap etdi.

Bu neşiriň 3-nji awgustda çap eden maglumatynda, gürrüňi edilýän işçiniň YouTube saýtynda paýlaşandygy aýdylýan wideosy hem köpçülige ýetirilip, onda türk işçisi özüniň we başga-da 30-a golaý işgäriň gürrüňi edilýän türkmen gurluşyk firmasynyň özlerine ýarym million amerikan dollaryna golaý möçberde karzynyň bardygyny öňe sürýär.

“Türkmen firmasy bize aýlyklarymyzy heniz hem tölemän gelýär. Türkmenistanyň hökümeti bilen geçiren duşuşyklarymyzdan soň, olar tölegleriň amala aşyryljakdygyny wada berdiler, ýöne olaram öz beren sözüni henizem ýerine ýetirilmän gelýärler. Biz 30 işçi türkmen firmasynda inžener, arhitektor we elektrik ussasy bolup işledik we bize jemi 500 müň amerikan dollaryna golaý töleg edilmeli. Türkmen häkimiýetlerine ençeme gezek şikaýat bilen ýüzlenendigimize garamazdan, bu ýüzlenmämize jogap alyp bilmedik. Türkmen firmasy henizem biziň aýlyklarymyzy tölemän gelýär” diýip, türk işçisi aýdýar.

Ol türk işçileriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, türkmen gurluşyk firmasynda 1,5-2 ýyla golaý işländigini we özleriniň maňlaý derini döküp, ar-namys bilen işläp gazanan halal aýlyk haklaryny almak isleýändigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Hormatly prezidentimiz biz sizden gürrüňi edilýän firmanyň aýlyklarymyzy tölemelidigi barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagyňyzy haýyş edýäris. Bu ýerde indi alty-ýedi aý bäri maşgalamyz we çagalarymyz bilen kynçylyk çekýäris. Tölegleri amala aşyrmaga mümkinçiligimiz bolmany sebäpli, banklar we aklawçylar her gün diýen ýaly gapymyza gelýär. Biz sizden çagalarymyz, tutuş maşgala bolup haýyş edýäris, bize kömek ediň!” diýip, işçi türkmen firmasyndan aýlyklaryny almak üçin, iň soňky çäre hökmünde türk prezidentine ýüzlenendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosyna bu wideonyň YouTube saýtynda paýlaşylan wagtyny we oňa türk prezidentiniň jogap berip-bermändigini anyklamak başartmady. Şeýle-de, bu barada gürrüňi edilýän türkmen firmasyndan hem haýsydyr bir kommentariý almak mümkin bolmady.

Emma bu türk firmalary we türk işçiler bilen Türkmenistanyň hökümetiniň ýa-da türkmen firmalarynyň arasyndaky algy-bergi dawalary barasynda media serişdelerinde çykan ilkinji habar däl.

Şu ýylyň maý aýynda türkiýeli Erol Egrek 2004-nji ýylyň 20-nji martyndan, 2009-njy ýylyň 27-nji iýulyna çenli Türkmenistanda maşgalasy bilen bilelikde ýaşap, Balkan welaýatyndaky, Kaka etrabyndaky we Gypjak obasyndaky dürli kärhanalarda elektrik-elektronik tehniki hünärmen bolup işländigini, emma işden çekilende özüne tölenmeli iş we sosial kompensasiýanyň berilmän gelýändigini habar beripdi.

Onuň talap edýän kompensasiýasynyň mukdary 80 müň amerikan dollaryna barabar bolup, ol munuň dürli iş hem sosial kompensasiýalary, aýlyklary, artykmaç çekilen zähmetiň hakyny, ýyllyk iş rugsadynyň tölegini, sosial haklaryň tölegini, dini we resmi dynç alyş günlerinde işlän zähmet haklaryny öz içine alýandygyny aýdypdy.

Ýatladyp geçsek, mundan öň türkmen hökümeti bilen işleşen türk kompaniýalarynyň 20 töweregi Türkmenistanda alyp baran işleri üçin tölegleriň tölenmeýändigini aýdyp, Aşgabady halkara suduna berýändiklerini habar beripdiler.

Sözümiziň ahyrynda ýene bir gezek ýatladýarys, Azatlyk Radiosyna ýokarda agzalan ýagdaýlar barasynda, Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli taraplaryndan haýsam bolsa bir kommentariý ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmady.