“Talyban” biri Türkmenistana golaý iki etrabyň merkezini eýeledi

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri

Owgan resmileri “Talyban” jeňçileriniň Owganystanyň demirgazygynda we merkezinde iki etraby ele geçirendigini aýdýarlar. Muňa garamazdan, ýurduň Goranmak ministrligi çaknyşyklaryň henizem dowam edýändigini mälim edýär.

Farýab welaýat polisiýasynyň metbugat wekili Abdul Karim Ýureşiň aýtmagyna görä, 23-nji iýulda söweşijiler Kohistan etrabyny, şol sanda hökümet binalaryny ele saldylar. Farýab welaýatynyň Kohistan etraby Owganystanyň Türkmenistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýär.

Ghor welaýat polisiýasynyň başlygy Mohammad Mustafa Mohseni 22-nji iýulda giçlik bolan çaknyşyklaryň yz ýany, Taýwara etrabynyň söweşijiler tarapyndan basylyp alnandygyny aýtdy. Mohseni Ghor welaýatyndaky söweşijilere garşy çaknyşyklarda azyndan sekiz polisiýa işgäriniň öldürilendigini hem belledi.

Resmiler “Talyban” söweşijileriniň Taýwara etrabyndaky keselhanada birnäçe doktory we näsagy öldürendigini belleýärler. Habar agentlikleri ýerli resmilere salgylanyp, 23-nji iýulda “Talyban” jeňçileriniň Taýwara etrabyndaky keselhananyň koridorlarynda owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalaryny gözleýän mahaly, birnäçe adamy öldürendigini habar berdiler.

Keselhanada ölenleriň sanynyň 2-den 12 adama ýetendigi habar berilýär. “The Associated Press” neşiriniň bu welaýatyň saglyk resmisine salgylanyp aýtmagyna görä, söweşijiler näsaglaryň käbirlerini polisiýa ýa-da harby işgärdir öýdüp öldüripdirler.

“Talyban” özüniň ýaýradan beýanatynda Kohistan we Taýwara etraplaryny basyp alandygyny yglan etdi.

Bu aralykda, Owganystanyň Goranmak ministrligi hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklaryň henizem dowam edýändigini nygtap, “gürrüňi edilýän iki etrap söweşijileriň kontrollygyna geçmedi” diýdi.

Ýureş Farýab welaýatyndaky jeňçileriň birnäçe sagat içinde etraby basyp alandygyny we söweşde iki sany polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy. Bu welaýatda owgan howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasynda ýygy-ýygydan söweşler bolýar.

Ýureş polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň welaýatyň Türkmenistan bilen serhetdeş sekiz etrabynda jeňçilere garşy söweşýändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň Farýab welaýat geňeşiniň käbir deputatlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab welaýatynyň Kohistan etrabynda 200 çemesi owgan harbysy henizem jeňçileriň gabawynda galýar.

“Demirgazyk Owganystanyň Farýab welaýatynyň beýleki alty etrabynda – Şirintegap, Döwletabat, Hojasebizpoş, Almar, Gaýsar ýaly etraplarynda-da uruş barýar. Mazar-e-Şerif şäheri bilen Farýab welaýatynyň paýtagty Meýmene şäherini birleşdirýän şaýoly hem ýolagçylara ýapyklygyna galýar, hatda owgan harbylarynyň kerweni hem geçip bilmeýär. Türkmenistandan iberilýän elektrik togunyň liniýasyna hem zeper ýetdi. Jeňçiler elektrik togunyň sütünlerini raketa atyp ýumrupdyr we elektrik liniýalary kesildi. Häzir Türkmenistandan gelýän elektrik togy hem kesildi” diýip, Myrady gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol Farýab welaýat geňeşiniň agzasy Seýit Abdulbaky Haşemä we bu geňeşiň sekretary Akmuhammet Nura salgylanyp, “Talyban” we “Yslam döwleti” toparlaryna garşy göreşýän “Arbaki” atly ýerli ýaragly toparlaryň hem öz ok-däri serişdeleri gutaransoň, özlerini “Talyban” jeňçilerine tabşyrmaga mejbur bolandygyny belledi.

Farýab welaýatynyň 14 etrabyndan dokuz sanysynyň Türkmenistan bilen serhetleşýändigi we sekizisinde (Hançarwa, Antgoý, Garamgol, Gorgan, Şirintegap, Almar, Gaýsar, Döwletabat) etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýandygy advylvar.

Farýab welaýat geňeşiniň başlygy Muhammetsemi Haýyrhan Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysyna beren maglumatynda agzalýan etraplarda jeňçiler bilen çaknyşyklaryň dowam edýändigini we olaryň hem söweşijileriň kontrollygyna geçmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Ýatladyp geçsek, mundan öň, ýagny 20-nji iýunda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary ilkinji gezek demirgazyk-günbatar Owganystanda bir etraby, ýagny ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan welaýatynyň Darzap etrabyny basyp alandygyny öňe sürüpdi.