“Talyban” janyndan geçen hüjümçi ýetişdirmek üçin "çaga ogurlaýar"

Gazny welaýatynda azat edilen käbir çagalar.

Owgan polisýasy adam söwdasy bilen meşgullanýan toparyň agzalaryny tussag etdi. Polisiýanyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän topar 25 çagany gizlinlikde Pakistana alyp gaçyp, ol ýerde olary “Owgan talybanyna” janyndan geçen edip taýýarlajak ekeni.

Etrap häkiminiň aýtmagyna görä, janyndan geçen edip ýetişdirilmeli çagalaryň azyndan bir sanysy 4 ýaşynda ekeni we olara neşe serişdesiniňem berlen bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar.

9-nji iýul güni polisiýa gulluklary ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Gazny welaýatynda geçiren operasiýalarynda, adam söwdasy bilen meşgullanýandygy aýdylýan dört adamy iki sany ýük ulagda çagalary serhetden alyp gaçyp barýarkalar ele salypdyr.

Olar çagalary Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kwetta şäherine alyp barýan ekeni. Resmileriň aýtmagyna görä, “Owgan talybanynyň” merkezi şol ýerde ýerleşýär.

Gürrüňi edilýän waka hukuk goraýjy guramalar “Janynadan geçeniň missiýasyny berjaý etdirmek üçin ýa-da partlaýjy bombalary ýerleşdirtmek üçin “Talyban” çagalary özüne çekip olary taýýarlaýar” diýip duýduryş berýän wagtynyň yzýanyna gabat geldi.

Gaznynyň häkimi Abdul Karim Matin, ogurlananlaryň 4 bilen 14 ýaş aralagyndaky çagalardygyny aýtdy. Şeýle-de, häkim alnyp gaçylan çagalaryň häzirki wagtda welaýatyň paýtagtyndaky bir ýetimler öýüne ýerleşdirilendiklerini aýtdy we olaryň neşe serişdesi berlene çalym edýändiklerini sözüniň üstüne goşdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Matin: “Çagalar medisina barlagyndan geçirildi we olar häzir bejergi alýarlar. Olara [jenaýatçylar tarapyndan] neşe berlipdir. Şonuň täsirinden çagalaryň başy aýlanyp özlerini ýitiripdirler. Olar hiç zady duýmandyrlar”, diýdi.

Matin çagalaryň ählisi gaznylydyr diýip pikir edýär. Häkim polisiýa gulluklarynyň, çagalary hossarlaryna we garyndaşlaryna gowşurmak üçin tagalla edýändigi aýdýar.

Matin dört adamyň tussag astyna alnandygyny we jezalandyryljakdygyny aýtdy, ýöne giňişleýin maglumat bermekden saklandy.

Gazny welaýatynyň polisiýa bölüminiň metbugat wekili Fahim Amerhaýylyň sözlerine görä, çagalary “terroçylykly işleri” üçin Kwetta äkidip barýan ekenler.

Amerhaýyl çagalaryň köpüsiniň ýetim çagalardygyny we olara neşe berlip “fiziki we psihiki taýdan basyşa duçar edilendigini” aýtdy.

9-njy iýulda geçirilip çagalaryň halas edilen operasiýasy “Talybanyň” gol astyndaky Garabag we Abband etraplarynda amala aşyryldy. Agzalýan etraplar Gazny welaýatynyň düzüminde ýerleşýär.

“Talyban” 90-njy ýyllardan bäri çagalary ulanmakda aýyplanyp gelýär.

“Human Rights Watch” guramasy 2016-njy ýylyň fewral aýynda ýaýradan hasabatynda, “Talybanyň” hususan-da demirgazyk welaýatlarda çagalary öz hataryna çekýändigi aýdylýar.

Hukuk goraýjy toparlar “Talybanyň” Gunduz welaýatynda çagalary öz hataryna çekmekde medreselerden peýdalanýandygyny aýdýar. Muňa köplenç çagalaryň ene-atalary garşy çykýar. Hukuk goraýjy toparlaryň Gunduzda alyp baran işleriniň dowamynda, çagalaryň mekdeplere aldaw bilen gabalandyklarynyň we olaryň daşary çykmaklaryna rugsat berilmändiginiň üsti açyldy.

“Human Rights Watch” guramasynyň Owganystandaky edarasynyň ýokary derejeli işgäri Patrisiýa Gossman, çagalardan janyndan geçen hüjümçi taýýarlamak üçin alnyp gaçylýan ýagdaýlaryna öz guramalarynyň entek duş gelmändigini aýtdy. Ýöne ol çagalara göz dikýän “Talybany” ýazgaryp:

““Talybanyň” çagalary öz hataryna çekmek strategiýasy hem zalymlyk, hem bikanunylyk bolýar. Hiç bir ýaragly topar owgan çagalaryny asla uruşda ulanmaly däl”, diýdi.