Býujet işgärlerine aýlyk berilmeýär, döwlet resmilerine käýinç paýlanýar

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň indi mart aýyndan bäri öz zähmet haklaryny alyp bilmeýändigi we munuň bilen bagly dürli kynçylyklary başdan geçirýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, bu ýagdaý bilim we saglygy saklaýyş pudagynda hem-de nebit-gaz we himiýa senagaty pudagynda göze ilip, esasan-da, şäherde ýaşaýan döwlet işgärlerine has-da ýaramaz täsir ýetirýär.

“Diňe aýlykdan-aýlyga zordan ýetirnip oturan intelligensiýa. Şäher ýeri bilen oba ýeriniň bazar korzinasy deňem däl. Şäher ýeriniňki bolmanynda iki-üç esse gymmat. Oba ýeri näme-de bolsa, gapysynda goýun, geçi, sygyr saklaýar ýa-da bir maly üýşüp öldürip, şony 10-12 adam bolup paýlaşýarlar. Obalylaryňky nätse-de oňuşarlykly welin, şäherde mugallymlar, lukmanlar we medeniýet işgärleri hasam kösenýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýurtda býujet işgärleriniň ençemesiniň indi üç aý bäri aýlyksyz oturandygy barada, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri hem öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

“Karza ýaşaýarys. Iň soňky gezek mart aýy üçin awans, ýagny öňünden aýlygymy aldym. Ähli soraglar bir jogaby berýärler. ‘Pul ýok, sabyrly boluň!’ diýýärler” diýip, bu neşir Türkmenabatda sport pudagynda işleýän bir raýata salgylanyp ýazýar.

Şol bir wagtda, paýtagtdaky bilim işgärleriniň käbirleriniň bolsa, aprel aýy üçin zähmet haklarynyň plastik kartlaryna ýüklenendigi, emma bankomatlarda ýeterlik derejede nagt pul bolmandygy sebäpli, olaryň aýlyklary nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi, şeýle-de, diňe bir aý üçin berlen aýlyklaryň indi ençeme aý bäri karza ýaşaýan mugallymlaryň çykdajylaryny ödemäge ýetmeýändigi habarda nygtalýar.

Türkmenistanda indi bir ýyldan gowrak wagt bäri mugallymlara, lukmanlara, şepagat uýalaryna we käbir beýleki döwlet işgärlerine aýlyklaryň wagtynda berilmezligi we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili resmi beýanat ýa-da düşündiriş bilen çykyş etmän gelýärler.

Emma 6-njy iýunda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň maliýe-ykdysady we bank toplumynyň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirip, Türkmenistanyň maliýe-ykdysady pudagynyň ýokary derejeli resmileriniň dördüsine berk käýinç yglan etdi.

Berdimuhamedow “garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandyklary üçin” diýip, Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedowa, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarowa, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy S.Gündogdyýewe we wise-premýer B.Hojamämmedowa berk käýinç yglan etdi.

Türkmen lideri “çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler, şol sanda nebitiň we gazyň bahasynyň durnukly pese düşmegi aktiwleriň hem-de maýa goýumlarynyň halkara bazarlarynyň ýagdaýyna täsir edýär. Biziň ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlary bolup durýan döwletlerde hem ykdysady işjeňlik peselýär” diýip aýtsa-da, munuň ýurda ýetirýän täsirleri barada anyk mysallar getirmedi.

Halkara ekspertleriň we ýerli synçylaryň ençemesi dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, olar býujet işgärleriniň aýlyklarynyň aýlap gijikmeginiň, türkmen hökümetiniň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin goşmaça serişdeleri gözleýän, käbir işgärlerden we firmalardan “meýletin” diýilýän “mejbury gatançlaryň” alynýan wagtyna gabat gelendigini belleýärler.