Balkan: Mugallymlaryň boýnuna kärende ýeri zorluk bilen ýüklenýär

Illýustrasiýa

Balkan welaýatynyň resmileri Serdar (Gyzylarbat), Bereket (Gazanjyk) we Magtymguly (Garrygala) etraplaryndaky mekdep müdirlerini döwletden kärendesine ýer almaga we ony mugallymlara tabşyrmaga mejbur edýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, düýn we şu gün irden gürrüňi edilýän etraplaryň Bilim müdirlikleriniň hem-de etrap häkimlikleriniň bilime we medisina gözegçilik edýän resmileri mekdepleriň ýolbaşçylaryny ýygnap, olardan azyndan 15-20 gektar ýeri kärendesine almagy we şol ýerlerde gök-bakja ekinlerini ekmegi talap edýärler.

“Bize şu günden başlap işe girişmelidigimizi, paýlanyp berlen ýerlerde ekin eker ýaly, zerur işleri geçirmelidigimizi tabşyrdylar. Elimize-de haýsy daýhan birleşiginden ýer berlendigi baradaky kartany berdiler” diýip, adynyň tutulmazlygyny soran Serdar etrabyndaky mekdep müdiri aýtdy.

Ol mekdep müdirleriniň käbirleri hiç hili soralmazdan ýa-da öňünden duýduryş berilmezden, kärende ýerleriniň öz boýunlaryna mejbury dakylýandygyny aýdyp, etrap resmilerine nägilelik bildirenlerinde, olara gödeklik bilen jogap berlendigini sözüniň üstüne goşdy.

"Ikisinem başararsyňyz"

“Biz etrap resmilerine ‘Mekdeplerde häzir okuw ýyly tamamlanýar, soňam klasdan klasa geçiriş, gutardyş ekzamenleri geçirilýär. Mugallymlaryň ýere ideg etmäge, şitilleri oturtmaga, olary suwarmaga wagty ýok. Biz mekdepde okuwçy okatmalymy ýa-da daýhan bolmaly?’ diýip, soranymyzda, ‘Aýdylany bilen boluň, ikisinem başararsyňyz’ diýip, gödeklik bilen jogap berdiler” diýip, mekdep müdiri aýtdy.

Mundanam başga, ol käbir mekdeplere kärendesine berilýän ýerleriň 200-350 kilometr daşlykda ýerleşýändigini, ol ýere ideg edip, ekin ekmek üçin, käbir mugallymlaryň şol ýerde, belkem, gijesi bilen galmaly boljakdygyny belledi.

Gürrüňi edilýän etraplaryň käbir resmileri Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine beren maglumatynda, munuň “ýokardan berlen görkezmedigini”, ony berjaý etmediklere işden kowulmak ýaly çäreleriň görüljekdigini aýtdylar.

“Munuň akyla sygmajak işdigini bilýäris. Ýöne bu ýokardan berlen görkezme, ony ýerine ýetirmesek, özümizem çykgynsyz ýagdaýa düşeris. Hatda etrabyň bilim bölüminiň müdirleri ýa-da mekdep ýolbaşçylary işden boşadylar. Alajymyz ýok, berlen görkezmäni berjaý etmeli bolýarys” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran etrap resmisi aýdýar.

Ýeri kärendesine almak isleýänler "azalýar"

Azatlyk Radiosy mekdep mugallymlarynyň boýnuna kärende ýeriniň zorluk bilen ýüklenmegi we onuň sebäpleri barada maglumat almak üçin, Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň Serdar, Bereket we Magtymguly etraplarynyň häkimlikleri we bilim bölümleri bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Bu barada resmi metbugatda hem kelam söz aýdylmaýar.

Emma ýerli synçylaryň we daýhanlaryň käbirleri munuň sebäplerini welaýatda ýeri kärendesine almak isleýän adamlaryň sanynyň azalmagy bilen düşündirýärler.

“Soňky ýyllarda kärendeçilere salynýan salgytlaryň artdyrylmagy we hasylyň döwlet tarapyndan juda pes bahadan satyn alynmagy hem-de girizilen käbir çäklendirmeler ýeri kärendesine almak isleýänleriň sanyny azaltdy. Şol sebäpli indi bu ýerleri mugallymlaryň boýnuna dakyp başladylar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran 57 ýaşyndaky balkanly daýhan aýdýar.

Mundan öňki tejribe

Käbir mekdep müdirleri şuňa meňzeş tejribäniň mundan dört ýyl çemesi ozal hem bolandygyny, ýöne şondan bir ýyl soň dessine ýatyrylandygyny we şonda mugallymlaryň uly kynçylyklary başdan geçirendigini gürrüň berdiler.

“Mundan dört ýyl öňki tejribede mugallymlar döwlet tarapyndan ýylda 45 gün berilýän tomusky dynç alyşlaryny kärende ýerlerinde geçirmäge mejbur boldular. Soň şol ýerden alnan hasyl üçin döwlet tarapyndan mekdebe berlen ujypsyzja girdeji bolsa, mekdepde abatlaýyş işlerini geçirmäge hem ýetmändi” diýip, mekdep müdiri aýdýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçiren maslahatynda, Balkanda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelnipdi.

Şonda türkmen hökümeti bu welaýatda gowaça derek iýmlik däne, miwe we bakja ekinleriniň ekiljekdigini aýdypdy. Emma balkanly kärendeçiler ýurtda ýeriň döwlet eýeçiliginde saklanyp galýandygyny we ekjek ekinleriniň we onuň satuw bahasynyň henizem döwlet tarapyndan kesgitlenýändigini aýdyp, öz isleýän ekinlerini ýetişdirmek mümkinçilikleriniň örän çäklidigini belleýärler.