Eýranlylar 19-njy maýda dört kandidatyň bäsleşmeginde prezident saýlamak üçin ses berýärler. Bu saýlaw netijesinde Günbatar bilen arada dörän ykdysady we diplomatik maýylganlygyň güýçlenmegi ýa-da dört ýyllyk arakesmeden soň, hökümetiň ähli gatlagyna berk liniýaly ruhanylaryň agalygy dolanyp, Günbatar bilen aradaky tuty galňadylmaly.
81 million çemesi ilatly, ruhanylar tarapyndan agalyk edilýän yslam ýurdunda geçirilýän saýlawlarda oňe saýlananlar iş başyndaky prezident, degişlilikde aram hasaplanýan Hassan Rohani bilen ozalky prokuror, konserwatiw Ebrahim Reýsi bolup durýar.
Dünýä döwletleri bilen sanksiýalary ýatyrmak babatda gelnen we böwsüş bolan ýadro ylalaşygyna gözegçilik eden Rohani Günbatar bilen gatnaşyklary ýygjamlatmagy we agyr işsizlik zerarly daşary ýurtlardan gazanç agtarmaga ýykgyn edýän eýranlylar üçin has kän azatlygy wada berdi.
"Biziň döwletimiz 19-njy maýda parahatçylyk ýoluny dowam etdirýändigini ýa-da dartgynlyklar ýodasyny saýlaýandygyny yglan eder” diýip, 68 ýaşyndaky Rohany golaýdaky kampaniýa çykyşynda aýtdy.
56 ýaşyndaky Reýsiniň ýurduň iň esasy şahsyýeti, ýokary lider, Eýranda syýasy, harby we dini ygtyýarlyklary elinde jemleýän we kampaniýany bozup ýa prezidentiň planlaryny ýatyryp bilýän aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan ynanylýan adamdygy aýdylýar. Reýsiniň ady 77 ýaşyndaky Hameneýiniň mümkin bolan yztutary hökmünde hem tutulýar.
Reýsi öz-özüňi üpjün etmek we ykdysadyýeti kuwwatlandyrmak babatynda Hameneýiniň we beýleki berk liniýaly syýasatçylaryň edýän çagyryşlaryny gaýtalady. Şeýle-de ol Rohanini dünýä gowşaklygyny görkezmekde aýyplady. Reýsi saýlawçylaryň “netijesizlik” bilen “netijeliligiň” arasynda ikiden birini seçmelidigini aýtdy.
Eýranyň kuwwatly sud sistemasynyň weterany bolan Reýsi Rohaniniň eýran jemgyýetindäki deňsizlikleri düýpli çuňlaşdyrandygyny hem öňe sürdi.
“Siz näme üçin öz azaşdyryjy syýasatyňyz arkaly baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudy ýokarlandyrdyňyz?” diýip, Reýsi 16-njy maýda Tähranda sözlän sözünde aýtdy. Ol Rohanini eýran ykdysadyýetiniň problemalaryny çözmekde daşary ýurt maýalaryna aşa artykmaç bil baglamakda aýyplady.
Saýlawlaryň öň ýanyndan geçirilen garaşsyz pikir soramalar Rohaniniň Reýsiden 20 dereje öňde barýandygyny görkezdi, ýöne Eýranda pikir soramalara bil baglarlyk ýagdaý ýok we, aýdylmagyna görä, saýlawçylaryň arasynda belli bir karara gelip bilmedikler hem kän.
Aslynda saýlawlara gatnaşmak üçin alty kandidat tassyklanan hem bolsa, olaryň ikisi ses berişlik başlanmazyndan birnäçe gün öň bäsleşikden çekildi. Galan iki kandidat – konserwatiw, ozalky medeniýet ministri Mostafa Mirsalim we merkezçi, Eýranyň Olimpia komitetiniň ozalky başlygy Mostafa Haşemitaba bolsa, daşdaky oýunçylar hasaplanýar.
Hameneýi ýerli wagt bilen ir sagat 8-de, saýlaw nokady açylan badyna Tährande ses berdi we eýranlylary saýlawlara köpçülikleýin gatnaşmaga çagyrdy.
Rohani hem paýtagtda ses berdi we saýlanan kim hem bolsa, onuň tutuş ýurt tarapyndan goldanylmalydygyny aýtdy.
"Saýlanan islendik kandidata, bu agyr wezipäni ýerine ýetirmegi we öz jogapkärçiligine hötde gelmegi üçin, kömek berilmeli” diýip, ol aýtdy. “saýlanan islendik adama ertirden başlap agzybirlik, hoşwagtlyk we lezzet bilen ýardam edilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Reýsi žurnalistlere hemmeleriň saýlawlaryň netijelerine doly tabyn bolmalydygyny aýtdy.
"Eger men, mysal üçin, netijeleri özüm üçin göwnejaý tapmasam, bu saýlawlaryň bozulmagyna eltmeli däl” diýip, ol ses bereninden soň aýtdy.
Döwlet telewideniýesi birnäçe şäherde saýlaw nokatlarynda ses bermek üçin nobata duran adamlaryň uzyn hatarlaryny görkezdi.