Aktiwistler Aşgabady eýesiz haýwanlardan 'arassalamak' boýunça işleriň ýaýbaňlanandygyny aýdýarlar

Aşgabadyň Parahat etrapçasy

Şu günler Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň ähli künjeklerinde öýsüz haýwanlary awlamak boýunça giň göwrümli çäre geçirýärler diýip, Aşgabadyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna habar berýärler.

“Olar köçeleri we gyrak-bujak ýerleri barlap çykýarlar, parklarda we şäheriň eteginde itleri we pişikleri demir taýaklar bilen urup öldürýärler, jaýlaryň töwereginde, henizem diri haýwanlaryň bolan ýerlerine awy taşlap çykýarlar” diýip, graždan aktiwisti Natalia Şabunts Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň haýwanlary ýok etmek boýunça soňky çäreleri baradaky habar Türkmenistanyň prezidentiniň aprel aýynyň aýagynda, paýtagta dikuçarly aýlanyp, şäherdäki ýagdaýlar bilen tanyşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň ähli ýerlerinde, haýwanlar babatynda çäre görýän işgärler tarapyndan ulanylýan gyzgylt reňkli ýörite ulaglary görmek mümkin. Şeýle-de, haýwanlary gözleýän eli demir taýakly adamlaryň häli-şindi göze ilýändigi habar berilýär.

Öz itlerini ýüp bilen daşarda gezelenç etdirýän ýaşaýjylaryň öý haýwanlarynyň ellerinden gaňrylyp, zor bilen äkidilýän pursatlaryň hem duş gelýändigi aýdylýar.

“Şu aýyň başynda Parahat-6 etrapçada garryja aýal kiçijik güjügi bilen gezelenç edýän wagtynda, eli taýakly adamlar onuň ýanyna baryp, itini elinden güýç bilen alyp gitdiler” diýip, graždan aktiwisti Natalia Şabunts gürrüň berdi.

“Ýakyn günlerde sosial pudakda bir aýal Şewçenko köçesindäki metjidiň garşysynda iki güjükli bir it barada gürrüň berdi, onuň hoş söz we iýmite minnetdar bolup, adamlara gysmyljyraýandygyny ýazdy. Ol enaýy haýwanlaryň suratyny hem ýerleşdirip, olara täze eýe tapyljagyny umyt etdi we ýerleşýän takyk ýerini görkezdi. 5-nji maýda bolsa “döwletiň nökerleri” peýda boldular we itleri ýörite ulagda äkitdiler. Haýwanlary goraýjylar itleri pula satyn almak üçin, olaryň yzyndan eňdiler, emma haýwanlar ýok edilýän Arzuw atly ýerde olara gülüp, ýaňy garny ýarylyp öldürlen haýwanlaryň jesetlerini görkezdiler. Ulagyň içi pişijikleriň, itleriň, güjükleriň jesetlerinden doludy. Bu ganly bir garym-gatymlykdy...” diýip, Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlaryň birinde aýdylýar (Hatyň awtorynyň ady howpsuzlyk sebäpli görkezilmeýär).

Aşgabatly aktiwistleriň sözlerine görä, paýtagtyň etegindäki Arzuw atly ýerde kommunal hojalyk guramalaryna degişli, daş-töweregi berkidilen ýere tutulan we öldürilen haýwanlar eltilip, ýygnalýar.

Soňky wagtda Azatlyk Radiosyna paýtagtyň häkimiýetleri tarapyndan öldürlendigi aýdylýan haýwanlaryň suratlary yzygiderli gelip gowuşýar.

Aşgabady eýesiz haýwanlardan 'arassalamak' boýunça çäre geçirilýär

Mart aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda öýsüz haýwanlary tutmak boýunça giň göwrümli işleriň geçirilendigini we munuň bilen bir wagtda, öli haýwanlaryň has köp jesediniň köçelerde peýda bolandygyny habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky söhbetdeşleri şäheriň öýsüz haýwanlardan arassalamak boýunça çäreleriň göwrüminiň giňelmegini ýerli häkimiýetleriň paýtagty Aziada-2017 halkara sport çäresine taýýarlamak boýunça geçen aýlarda amala aşyrylýan işleri bilen baglanyşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosy öýsüz haýwanlaryň awlanmagy bilen bagly soňky ýagdaýlar barada garaşsyz çeşmelerden gowuşýan maglumatlary Aşgabadyň häkimiýetleri tarapyndan resmi derejede tassyklatmaga synanyşdy. Türkmen häkimiýetleri, şol sanda Aşgabadyň kommunal edaralarynyň, ýagny öý hojalyk gulluklarynyň işgärleri bu ýagdaýy kommentirlemediler. Bu mesele Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdelerinde-de düýpden gozgalmaýar.

Bellemeli ýeri, Türkmenistan uly dabara bilen taýýarlanýan Aziada-2017 halkara sport çäresiniň resmi tumary hökmünde türkmen iti alabaýyň şekilini saýlap aldy.