Aşgabadyň Parahat etrapçasynyň käbir ýaşaýjylary häzirki wagtda howanyň gyzgynlygy 40 gradusa golaýlan mahaly, özleriniň kondisionersiz kösenýändiklerini aýdýarlar.
Parahat 4/2 etrapçasynyň özüni Mähri daýza diýip tanyşdyran ýaşaýjysy mundan iki hepde çemesi ozal, bu sebitdäki jaýlaryň ýene azyndan 10-a golaýyndan kondisionerleriň sökülip aýrylandygyny we munuň netijesinde şu günler özleriniň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny belleýär.
“Şäheriň ‘10 ýyl abadançylyk’ we Nurmuhammet Andalyp köçeleriniň çatrygynda täze awtoulag geçelgesi açylmazdan ozal, ýagny aprel aýynyň soňky on günlüginde Parahat 4/2 we Parahat 2/4 etrapçalarynyň köçe tarapyndaky jaýlaryň kondisionerlerini söküp aýyrdylar. Bu sebitdäki jaýlardan kondisionerleri mundan üç ýyl çemesi ozal hem aýrypdylar. Ýöne geçen ýyl ýa-da ondan öňki ýyl ýaşaýjylar tomsuň jokrama yssysyna çydaman, kondisionerleriň käbirlerini gaýtadan oturdypdylar. Ynha, ýene kondisionerlerimizi hiç hili düşündiriş bermezden aýyrdylar. Howa yssy, kondisionersiz jaýda oturar ýaly däl. Näme etjegimizi bilemizok” diýip, Mähri daýza aýdýar.
Ýatladyp geçsek, türkmen häkimiýetleri Aşgabat şäheriniň uly köçeleriniň ugrundaky jaýlardan kondisionerleri söküp aýyrmak çäresine mundan üç ýyl çemesi ozal başlapdy. Türkmen resmileri tarapyndan “şäheri abadanlaşdyrmak” çäresi diýlip düşündirilýän bu kampaniýanyň çäginde müňlerçe kondisioner sökülip aýryldy.
Paýtagtyň Parahat 4/2 we Parahat 2/4 etrapçalarynyň ençeme ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, kondisionerler sökülip başlan mahaly, özlerini Aşgabat şäher häkimliginiň resmileri diýip tanyşdyran adamlar ýaşaýjylara kondisionerleriň “täze görnüşde” oturdyljakdygyny aýdyp, bu baradaky shemany görkezipdirler.
Emma Parahadyň ýaşaýjylary türkmen häkimiýetleriniň wada beren täze kondisionerleri henize çenli gaýtadan oturdyp bermeýändiklerini aýdyp, olaryň wadasynda tapylmaýandygyny belleýärler.
Mähri daýza kondisionerleriň aýrylmagynyň ýaşaýjylara, hususan-da, köp maşgalaly hojalyklara ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdyp, munuň käte maşgalalarda oňşuksyzlygyň döremegine hem sebäp bolýandygyny belledi.
“Häzir bir jaýda bir gelinli ýa-da iki gelinli ýaşaýan maşgalalar köp. Jaýlarda sowadyjyly otaglaryň çäkli bolmagy, maşgalalarda ‘kimiň otagynda sowadyjy bolar, kimiňkide bolmaz’ diýen ýaly dawalaryň döremegine hem sebäp bolýar. Şeýlelikde, maşgalada oňşuksyzlyk köp bolýar” diýip, Mähri daýza aýtdy.
Ol häzirki wagt ýaşaýjylaryň öz kondisionerlerini jaýyň girelgelerinde, ýerzeminlerinde ýa-da üçeklerinde oturdyp başlandygyny, emma girelgelerdäki sowadyjylaryň her pursatda adamlara howp abandyrýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Adamlaryň köpüsi tomsuň jokrama yssysynda gün görmek üçin, alçysyz, öz sowadyjylaryny girelgelerde ýerleşdirýär. Jaýyň her gatynda azyndan üç kondisioner işleýär. Sowadyjylaryň çykarýan gyzgyn howasy zerarly girelgelere girer ýaly däl, gaty yssy. Liftden çykyp, barjak jaýyňa girýänçäň, girelgedäki gyzgyn howa adamy demikdirip barýar. Girelgelerdäki sowadyjylar oturdylanda, ýangyn howpsuzlygy hem göz öňünde tutulmaýar, oňa gözegçilik hem edilmeýär. Şol sebäpli girelgelerde ýangynyň döremegi hem juda ähtimal” diýip, Mähri daýza aýtdy.
Ýatladyp geçsek, mundan üç ýyl çemesi öň Aşgabadyň köçä tarap seredýän jaýlaryndan kondisionerler sökülip başlanan mahaly, şäheriň käbir sebitlerinde, şol sanda Parahat 7 etrapçasynda käbir ýaşaýjylar köçä çykyp, öz nägileliklerini beýan etmek üçin protest çäresini hem geçiripdiler.
Emma şonda türkmen häkimiýetleri ýaşaýjylaryň nägileligine garamazdan, jaýlardaky kondisionerleri söküp aýrypdylar.
Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistanyň resmileri ýa-da media serişdeleri şäherde kondisionerleriň sökülmegi, olaryň sebäpleri we munuň netijesinde ýaşaýjylaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barada henize çenli ilat köpçüligine maglumat bermän gelýär.