Kärizow: Atçapyşyk ýene Berdimuhamedowyň mahabatyna öwrüldi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanda milli Bedew baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan her ýyl aýratyn üns berilýär.

Döwlet mediasy 29-njy aprelde Türkmen bedewiniň gününiň hormatyna Aşgabadyň etegindäki Ahal-teke atçylyk toplumynyň aýlawynda geçirilen atçapyşykda Berdimuhamedowyň atynyň ýeňiji bolandygyny habar berdi.

Şondan bir gün öň “Ýylyň iň owadan ahal-teke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geçirildi.

TDH beýleki alty çapan tejribeli çapyksuwarlaryň öz çapjak atlaryny özleriniň seýisländigini, emma prezidentiň çapan atyny – Mirasy döwlet baştutanynyň agtygy, ýaş seýis Kerimgulynyň 'okuwdan boş wagtynda' seýisländigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy şenbe güni geçirilen atçapyşykda Berdimuhamedowyň atynyň ýeňiş gazanmagy barada reaksiýasyny almak üçin “Ýanardag” halkara ekspertler merkeziniň ýolbaşçysy, görnükli atşynas Geldi Kärizow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Kärizow: Atçapyşyk ýene Berdimuhamedowyň mahabatyna öwrüldi