Forbes: Türkmenistan eksportýorlar krizisinden ýiti ejir çeker

Forbes

“Forbes” neşiri halkara eksportlaryna çenden aşa bagly we global eksportýorlar krizisinden ýiti ejir çekjek 16 ýurduň sanawyny çap edip, onda Türkmenistany aýgytly çäkdäki döwletleriň hatarynda ýerleşdirdi.

Bu neşir özüniň 11-nji aprelde çap eden maglumatynda, dünýäniň häzir eksportýorlar krizisiniň ortasyndadygyny aýdyp, sarp edişiň global derejede durgunlaşmagy we çig mal nyrhlarynyň pese gaçmagy halkara eksportlaryna çenden aşa bagly ýurtlarda durnuksyzlygyň we ähtibarsyzlygyň artmagyna getirdi diýýär.

“Forbes” global eksportýorlar krizisinden ejir çekmäge iň goragsyz ýurtlary dört kategoriýa bölüp, Azerbaýjany, Gazagystany, Türkmenistany, Mongoliýany we Nigeriýany aýgytly çäkdäki döwletleriň hatarynda ýerleşdiripdir.

“Bu ýurtlaryň ykbaly uly döwletler bilen gatnaşyklary sebäpli möhüm bolup, islendik ýagdaýda, durnuksyzlyk we ykdysady çökgünlik täze krizisiň döremegine ýa-da bar bolan krizisiň töwerekdäki regional güýçlerde has-da möwjemegine getirip biler” diýip, neşir belleýär.

Ykdysady kynçylyklar

“Forbes” eksportýorlar krizisiniň esaslarynyň 2008-nji ýyldaky maliýe krizisi zerarly Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň başdan geçiren ykdysady durgunlygyna daýanýandygyny nygtap, Hytaýy, Russiýany, Saud Arabystanyny we Germaniýany “esasy güýçli döwletler” diýlip kesgitlenen kategoriýada ýerleşdirýär. Bu ýurtlaryň regional güýçlerdigi we beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetinde tolkunlar döredip biljek derejede güýçli ykdysadyýete eýedigi aýdylýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy bölegi Hytaýa eksport edilýän türkmen gazyna bagly bolup, bu ýurda ýylda takmynan 30 milliard m3 gaz akdyrylýar. Geçen aýyň başynda Türkmenistanyň gaz ýataklaryny Hytaýa birikdirýän dört gaz geçiriniň iň ulusy, ýagny “D” liniýasynyň gurluşygynyň togtadylandygy habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde-de, halkara ekspertleri dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy, Moskwanyň we Tähranyň Aşgabat bilen gaz ylalaşygyny ýatyrmagy netijesinde, häzirki wagt Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini nygtaýarlar.

Mundanam başga, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hytaý kompaniýasyna 2,5 million amerikan dollaryna golaý karzyny indi iki ýyla golaý wagt bäri tölemän gelýändigi barada hem maglumatlar peýda boldy.

Karz tölenmän ‘gelýär’

“‘Türkmengaz’ döwlet konserni Marydaky №2 belgili bazasyna satyn alan ‘manýowr lokomotiwi’ üçin, Hytaýyň ‘CSR Ziyang Co., Ltd’ kompaniýasyna $2.451.000 möçberindäki karzyny indi iki ýyl bäri tölemän gelýär” diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri öz redaksiýasyna gelip gowşan maglumatlara esaslanyp ýazýar.

Aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän lokomotiwler 2015-nji ýylyň 13-nji awgustynda “Farap” stansiýasyna getirilýär. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Nepes Bäşimow partnýorlaryna karzyň “ýakyn wagtda” tölenjekdigini aýdýar. Emma aradan bir ýylyň geçendigine garamazdan, bu karz henize çenli tölenmän gelýär.

“Şondan bäri biziň telefon arkaly habarlaşmak, duşuşmak synanyşyklarymyzyň hiç biri başa barman gelýär. Şeýle-de, döwlet konsernine ýazan hatlarymyzy hem bu edaranyň ýolbaşçylary häzire çenli duşundan geçirýär” diýip, “CIS Debt Recovery Solutions” atly halkara ýuridiki firmasynyň ýokary derejeli maslahatçysy Taras Kopiý aýdýar.

Bu firma häzirki karz dawasyny çözmek üçin, Hytaýyň “CSR Ziyang Co., Ltd” kompaniýasy tarapyndan ýuridiki wekil hökmünde ygtyýarlandyryldy diýlip, maglumatda bellenilýär.

Bu iş halkara arbitraž suduna ‘geçip biler’

Bu firmanyň wekiliniň aýtmagyna görä, häzir ol we onuň kärdeşleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň ygtybarsyzlygy we agyr ykdysady ýagdaýlary başdan geçirýändigi barada, ähli potensial partnýorlaryny habarly edýärler. Şeýle-de, bu baradaky maglumatlary TOPH taslamasyna potensial gatnaşyjy ýurtlar Pakistana we Hindistana ugradýarlar.

“Biz ätiýaçlandyryş kompaniýasy we bank-kreditorlary arkaly Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalaryna hem ýüz tutarys. Bu hem kömek etmese, onda bu iş halkara arbitraž suduna geçip biler” diýip, Taras Kopiý belleýär.

Bu aralykda, Türkmenistanda prezident G. Berdimuhamedow 11-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi üçin Myrat Arçaýewi belledi. Arçaýew öň bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Mundan bir hepde çemesi ozal, “Türkmengaz” döwlet konserniniň öňki başlygy Maksat Babaýew hökümet başlygynyň nebit-gaz senagaty pudagyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenilipdi.