Balkanda döwlet planyny dolmadyk kärendeçilerden pul jerimesi ‘talap edilýär’

Illýustrasiýa.

Şu günler Balkan welaýatyndan onlarça kärendeçi şeker şugundyry boýunça döwlet tarapyndan kesgitlenen hasyly alyp bilmändigi üçin, 1000 manada çenli pul jerimesini tölemek bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, balkanly käbir daýhanlar habar berýärler.

Ozalky Gyzylarbat, häzirki Serdar etrabyndaky kärendeçiniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, Serdar etrap häkimliginiň oba-hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary göz öňünde tutulan plany dolup bilmedik daýhanlardan “öwez doluş” puluny tölemegi talap edýärler we ony tölemedik kärendeçileriň elinden ýerleriniň alynjakdygy, soňra-da olaryň işiniň suda geçiriljekdigi bilen haýbat atýarlar.

“Serdar etrabynyň Garabogaz we Tutly daýhan birleşiklerinden azyndan 30 kärendeçi şu günler näme etjegini bilmeýärler. Olaryň käbirlerinden 500 manat, käbirlerinden bolsa 1000 manat möçberinde jerime tölemek talap edilýär. Biziň bu ýyl hiç hili girdejimiz bolmady, hatda zyýan çekdik. Onsoň biz puly nädip töläli?” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran balkanly kärendeçi aýdýar.

“Sebäpleri bilen gyzyklanmaýarlar”

Onuň sözlerine görä, daýhan birleşigiň we etrap häkimliginiň resmileri şu ýylyň ýanwar aýynda jemlenen hasylyň näme sebäpden göz öňünde tutulan mukdara ýetmändigi bilen gyzyklanmaýarlar. Hatda olar kärendeçileriň tohumyň hiliniň pesdigi barada öňki eden şikaýatlaryny hem nazara almaýarlar.

“Biz 2016-njy ýylda şeker şugundyryny ekenimizde, döwlet tarapyndan berlen tohumyň hiliniň pesdigini daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylaryna habar berdik. Biz olara tohumyň talaba laýyk gögermändigini, kä ýerlerde ekiniň 35-50%-niň gögermändigini duýdurdyk we olardan bu barada akt ýazmagy soradyk. Şonda biz “ynha, siziň beren tohumyňyz gögermedi. Ýylyň ahyryna bizi bergidar etmäň” diýip haýyş edenimizde, olar şol akty ýazmakdan ýüz öwürdiler. Bize pes hilli tohumy berip, indem bizden öz kesgitlän planlaryny dolmagymyzy isleýärler. Öz kemçiliklerini ýaşyryp, iň soňunda-da daýhany günäli edýärler” diýip, balkanly kärendeçi zeýrenýär.

Kärendeçileriň ençemesiniň aýtmagyna görä, döwlet tarapyndan berilýän tohumyň hiliniň pesligi bilen baglanyşykly ýagdaý dürli daýhan birleşiklerde indi ýylyň-ýylyna gaýtalanyp gelýär. Emma muňa garamazdan, berilýän tohumyň hiliniň pesligi bilen baglanyşykly döwlet derejesinde henize çenli gürrüň edilmeýär.

Gowaça derek şugundyr

Azatlyk Radiosy kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, tohumyň hili, şeýle-de şeker şugundyrynyň hasylynyň pes bolmagynyň bolaýmagy mümkin sebäpleri dogrusynda, Serdar etrabynyň degişli häkimiýetleri bilen habarlaşanda, olardan nähilidir bir maglumat ýa-da komentariý almak başartmady.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçiren maslahatynda, Balkanda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelnip, 2014-nji ýyldan başlap bu welaýatda şeker şugundyryny ösdürip ýetişdirmäge üns berildi.

Şonda resmi metbugatyň habarynda Balkan welaýatynda gowaça ekini üçin 5 müň gektar ýeriň bölünip berlendigi, emma sebitiň toprak-howa şertleriniň her gektardan juda az, 10 sentner töweregi, ýagny ýylda 5 müň tonna pagta almaga mümkinçilik berýändigi aýdylypdy.

Şonda türkmen hökümeti Balkanda gowaça derek iýmlik däne, miwe we bakja ekinleri ekiljekdigini aýdypdy. Emma balkanly kärendeçiler ýurtda ýeriň döwlet eýeçiliginde saklanyp galýandygyny we ekjek ekinleriniň henizem döwlet tarapyndan kesgitlenýändigini aýdyp, öz isleýän ekinlerini ýetişdirmek mümkinçilikleriniň örän çäklidigini belleýärler.