Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýene bir uly desganyň – medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen "Ak öýüň" gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýar.
27-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren wideo şekilli hökümet maslahatynyň dowamynda, Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew Nowruz ýaýlasynda gurulýan bu desgada alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Prezident hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Onuň belleýşi ýaly, bu binanyň bezeg işleri milli ýörelgelere we häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir” diýlip, türkmen mediasynyň habarynda aýdylýar.
Emma habarda türkmen lideriniň aýdan bellikleri we girizen düzedişleri, şeýle-de binanyň gurluşygynyň haçan tamamlanyp, ulanyşa beriljekdigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
“Ak öýler” ähli welaýatlarda gurulmaly
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, “Türkmeniň ak öýi” diýlip atlandyrylýan “Ak öýüň” ilkinjisi Mary welaýatynda gurlupdy. 4000 tomaşaça niýetlenen bu “Ak öý” 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ulanyşa berlipdi.
2016-njy ýylyň awgust aýynda türkmen lideri şeýle desgalary Lebapda, Balkanda we Daşoguzda hem gurmagy tabşyryp, Ahalda guruljak “Ak öý” binasynyň taslamasyny “umuman” makullapdy.
Şonda prezident 3000 orunlyk täze desganyň gurluşygynda iri medeni-köpçülikleýin çäreleri, milli we halkara ähmiýetli maslahatlary geçirmek üçin, ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belläpdi.
Ýöne bu desganyň gurluşygyna harçlanjak pul serişdesiniň mukdary, onuň nähili esaslarda maliýeleşdiriljekdigi ýa-da haýsy firma tarapyndan näçe wagtda guruljakdygy aýdylmady.
Şol bir wagtda, käbir ýerli synçylar soňky ýyllarda Türkmenistanda gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlanyp, ulanylmaga berlen onlarça uly desganyň boş durandygyny aýdýarlar.
Ýaşaýyş jaýlary gymmatlaýar
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ähli welaýatlarynda 200-e golaý sport mekdepleri, onlarça Ülkäni öwreniş muzeýleri, ýörite aýlawlar, stadionlar we Medeniýet öýleri guruldy. Häzirki wagtda olarda diňe ýurt derejesindäki çäreleriň geçirilýändigi, galan wagty ýaşaýjylaryň olardan peýdalanmak mümkinçilikleriniň örän çäklidigi aýdylýar.
“Munuň sebäpleri sport mekdeplerinde hünärli kadrlaryň ýetmezçilik etmegi, olaryň sport inwentarlary bilen doly üpjün edilmezligi, ýyladyş we sowadyş sistemalarynyň doly işlemeýändigi bilen baglanyşykly. Käbir beýleki desgalara bolsa, degişli resmiler olaryň “könelmezligi üçin” diýip, ýaşaýjylary goýbermeýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Şol bir wagtda ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň aşa gymmatlaýandygy, ýönekeý adamlaryň jaý edinmeginiň ýyl-ýyldan kynlaşýandygy, täze gurulýan “elitnyý” diýlip atlandyrylýan jaýlardan bolsa, diňe döwlet edara-kärhanalarynyň käbir işgärleriniň satyn alyp bilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanda ýaş çatynjalary goldamak barada ýörite karar bolsa-da, ýaş maşgalalaryň täze jaýlary ýa-da mellek ýerlerini satyn almakda-da uly kynçylyklar çekýändigi habar berilýär.