Berdimuhamedow Aziýa oýunlarynyň ‘alabaý tumaryny’ düýpli tankytlady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň alabaý şekilindäki tumarynyň görkezilen görnüşlerini garaşylmadyk ýagdaýda düýpli tankyt etdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasynyň anna güni beren maglumatynda türkmen lideri “biz Aziada gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň sport ýaryşlaryna tomaşa etmekleri bilen bir hatarda olaryň halkymyzyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýän milli ýörelgelerimiz, ahalteke bedewleri, alabaýlary we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşmaklary üçin, ähli zerur şertler we mümkinçilikler döretmelidiris” diýdi.

“Hut şonuň üçinem milletiň baý mirasy, ruhy we maddy medeniýeti oýunlaryň nyşanynyň üsti bilen beýan edilmelidir. Hususan-da tumaryň şekilinde milli ýörelgeler aýdyň beýanyny tapmalydyr” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 17-nji martda geçiren mejlisinde belledi.

Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Aziada-2017 halkara sport çäresiniň esasy tumaryny “has-da kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri” berendigini hem habar berýär. Emma tumara girizilmeli üýtgetmeler dogrusynda prezidentiň anyk nähili teklipleri we bellikleri edendigi barada hiç bir zat aýdylmaýar.

“Aziada-2017” oýunlarynyň resmi tumary

Hökümet maslahatynyň dowamynda prezident alabaý tumarlarynyň talaba laýyk taýýarlanmandygy üçin, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewe berk käýinç hem berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, şu ýylyň ýanwar aýynda ýaşyl reňkli türkmen iti alabaýyň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň simwol-nyşany hökmünde kesgitlenendigi yglan edildi. Bu tumar türkmenleriň milli eşigindäki gulagy we guýrugy kesilen alabaý itini şekillendirýär.

Prezident özüniň anna güni eden soňky çykyşyndan üç gün ozal bolsa, Aziada-2017 halkara sport çäresiniň tumaryny ýurduň dürli künjeklerinde “göze ilýän ýerlerde” ýerleşdirmek barada resmi tabşyryk berdi.

Türkmen lideriniň 14-nji martda geçirilen wideo şekilli hökümet maslahatynda beren bu tabşyrygynyň “mahabatlandyryjy maksatlar” bilen baglydygy media maglumatlarynda habar berlipdi.

Haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar

Edil häzirki wagtda Berdimuhamedowyň birdenkä tumary tankyt etmeginiň sebäplerini anyklaşdyrmak başartmasa-da, bu waka Azatlyk Radiosynda haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylaryň haýwanlaryň, şol sanda itleriň, hiç hili zerurlyk bolmazdan, bedenlerine şikesleriň salynmagynyň; soňy bilen-de muny mahabatlandyrmagyň alada dörediji ýagdaýdygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Düýbi Russiýada ýerleşýän “Wita” atly haýwanlary goraýjy merkeziň başlygy Irina Nowožilowa türkmen resmileriniň gulagy we guýrugy kesilen iti haýsy matlapdan ugur alyp, tumar hökmünde saýlandyklaryny bilmese-de, haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylaryň arasynda bu tejribelere oňaýsyz garalýandygyny aýtdy.

Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary Türkmenistanda geçiriljek iň ýokary derejeli sport ýaryşydyr. Oňa dünýäniň 62 ýurdunyň sportsmenleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna görýän taýýarlyklarynyň çäginde birnäçe täze desgany, şol sanda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar olimpiýa şäherçesini we 2 milliard amerikan dollaryna barabar halkara aeroporty gurdy.