Türkmen DIM-i Meredow-Lawrow duşuşygyny agzamaýar

Moskwada rus we türkmen DIM-leriniň başlyklary duşuşdy.

21-nji fewralda Moskwada, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň duşuşygy boldy.

Emma türkmen metbugaty, şol sanda türkmen DIM-niň saýty iki ministriň duşuşygy barada, näme üçindir, habar bermedi.

Rus DIM-niň saýtynyň maglumatyna görä, iki ýurduň baş diplomatlary 2017-nji ýyl boýunça hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekdiler.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary R.Meredow Moskwa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Rus-Türkmen hökümetara komissiýasynyň egindeş başlygy we türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde geldi diýip, habarda aýdylýar.

Dostlukly we konstruktiw atmosferada geçen söhbetdeşlik mahalynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň ýagdaýyna ýokary baha berlendigi bellenilýär.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýty bu habary göçürip çap etdi.

Emma Türkmenistanyň DIM-niň saýty, näme üçindir, 21-nji fewralda Meredow bilen Lawrowyň duşuşandygyny agzaman, Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara komissiýasynyň nobatdaky onunjy mejlisiniň bolandygyny habar berdi.

Gepleşikler netijesinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň 2017-2019-njy ýyllar aralygyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekildi diýip, türkmen DIM-i ýazýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 18-nji fewralda geçiren hökümetmaslahatynda Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllardaky daşary syýasy ugry boýunça konsepsiýasyny mälim etdi diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Resmi habara görä, Türkmenistan BMG, ÝHHG ýaly halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Orsýetiň regionlary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigi, ýagny orsýetlileriň türkmen bazaryna barha köp gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Ýöne muňa garamazdan, TDN-nyň maglumatyna görä, resmi Aşgabat howpsuzlyk meselesinde Ýewropanyň ýurtlary we ABŞ bilen hyzmatdaşlyk eder.

Rus metbugatyndan çen tutulsa, rus syýasatçylary we harbylary soňky ýyllarda Türkmenistanyň öz serhetleriniň goragyny üpjün etmäge taýýarlygyny barha köp sorag astyna alýarlar we Aşgabadyň bu meselede Moskwadan kömek soramagyna garaşylýandygyny syzdyrýarlar.

Bu pikirler geçen ýylyň noýabrynda, prezident Berdimuhamedow birden Orsýete sapar edip, Soçide prezident Wladimir Putin bilen duşuşandan soň hem gaýtalandy.

Orsýetiň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow şonda türkmen prezidentiniň bu saparynyň “Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady kynçylyklary bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny” aýdypdy. Şondan soň rus metbugatynda türkmen lideriniň Putinden 2 milliard dollar karz sorandygy barada çaklamalar peýda boldy.

Ýöne Soçide bolan duşuşykda prezident Putiniň «Biziň heniz çözülmedik meselelerimiz hem bar. Biz bu gün şolaryň ählisine serederis” diýip, anyk nämeleri göz öňünde tutandygy we olar barada nähili anyk çözgüde gelnendigi şu güne çenli belli bolman galýar.

Şu aralykda, Stokgolmyň parahatçylyk problemalaryny öwrenýän halkara institutynyň täze hasabatyna görä (SIPRI), Türkmenistanyň Orsýetden alýan ýaraglarynyň möçberiniň Türkiýeden we Hytaýdan alýan ýaraglaryndan has azalandygy belli boldy.