Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan esasy problemalarynyň biri jaý üpjünçiligine degişli bolmagynda galýar.
Türkmen hökümetiniň ilaty jaý bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan resmi çäreleriniň arasynda 2010-njy ýylda Ilata mellek ýerlerini hem-de kömekçi hojalyklar üçin ýerleri bölüp bermek baradaky prezidentiň kararyny, şeýle-de ýurduň Jaý kodeksine girizlen goşmaçalara laýykda ýaş çatynjylara ýeňillikli mellek ýerlerini we ýaşaýyş jaý bermek ýaly düzgünleri bellemek mümkin.
Emma bu kanuny düzgünleriň we hatda prezidentiň çykaran öz kararynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeýändigini Azatlyk Radiosynyň türkmenistandaky söhbetdeşleri gürrüň berýärler.
Azatlyk Radiosy ilaty jaý, mellek bilen üpjün etmek baradaky resmi düzgünleriň ýerine ýetirilmeginde döreýän bökdençlikler barada aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar