Soňky ýyllarda Aşgabatda ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň hasabyna täze “elita” diýlip atlandyrylýan köp gatly jaýlar gurulýar. Emma şol jaýlaryň ençemesiniň boş durandygy barada habar berilýär.
Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy şol jaýlardan häzire çenli diňe Aşgabatda “propiska”, ýagny ýazga duran adamlaryň satyn alyp bilýändigini aýdýar. Adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden ahally zenan öz hojalygynda 16 adamyň ýaşaýandygyna garamazdan, döwlet edaralarynda işleýän çagalarynyň heniz hem jaý alyp bilmän, kösenýändigini gürrüň berýär.
Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.