ÝB türkmen hökümetini Tyrmyýewiň ölümini derňemäge çagrydy

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýew

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenler barada beýannama ýaýratdy.

Ýewropa Bileleşiginiň hemişelik geňeşi tarapyndan 26-njy ýanwarda çap edilen beýannamada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýewiň 13-nji ýanwarda türmede ýogalandygy baradaky maglumatlar bilen baglylykda aladalanma bildirdi.

“Jenap Tyrmyýew Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň ilkinji pidalarynyň biridi we örän tanymal şahsyýetdi” diýlip, ÝB-niň resmi beýannamasynda bellenýär.

Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbalyny anyklamak boýunça iş alyp barýan “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy 15 ýyl çemesi wagtlap tussaglykda saklanan Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýewiň 13-nji ýanwarda aradan çykandygyny habar beripdi.

Ýewropa Bileleşiginiň beýannamasynda Tyrmyýewiň 15 ýyllyk tussaglykda doly üzňelikde saklanandygy, gynamalara we erbet daramalara sezewar edilendigi bellenip, onuň ölümini derňemäge çagyryş edilýär.

“Biz türkmen hökümetini Tyrmyýewiň ölümi bilen bagly ýagdaýy we türkmen türmelerindäki gynamalara degişli aýyplamalary jikme-jik derňemäge çagyrýarys” diýlip, beýannamada aýdylýar.

Şeýle-de beýannamada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen, şol sanda adam hukuklary barada, dialogy dowam etdirmäge taýýardygy mälim edilýär.

“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň düzen sanawy türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilen adamlaryň 80-den gowragyny öz içine alýar.

Mundan öň türkmen häkimiýetleri türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň ikisiniň jesetlerini, Wekil Durdyýewi we Annadurdy Annasähedowy garyndaşlaryna jaýlamaga berdi.

Adam hukuklaryny goraýjy ençeme halkara guramasynyň bilelikde alyp barýan “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasynyň düzen sanawy Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, Türkmenistanyň BMG-daky öňki ilçisi Batyr Berdiýew we ýurduň ýokary wezipeli öňki resmileriniň ýene onlarçasynyň ady bar.

Türkmenistanyň hökümeti agzalan adamlaryň ykbaly barada 15 ýyla golaý wagt bäri açyk maglumat bermän gelýär we ýurtda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi bilen bagly wakalaryň asla ýokdugyny aýdýar.