2016: Anti-esaslandyryş partiýalarynyň güýçlenmegi günbatar syýasatyny täzeden şekillendirýär

Fransiýanyň “Front National” (FN) partiýasynyň başlygy Marine Le Pen.

Häkimiýet eýelerine we täsirli gatlaga garşy tutuş Günbatarda turan tolkun açyk serhetler, açyk söwda abadançylygyň açary diýen düşünjä esaslanýan syýasy düzgüni sorag astyna alýar.

Munuň näderejedigini soňky 12 aýyň dowamynda bolan wakalar şeýle görkezýär.

Britaniýada ses berijiler syýasy we ykdysady netijeleri hakda edilen çynlakaý duýduryşlara garaman, Breksidi ileri tutmak bilen ýurdy gepleşikler arkaly Ýewropa Bileleşiginden çykarmaly edip, britan resmilerini kyn ýagdaýa saldy.

Birleşen Ştatlarda hem ses berijiler saýlaw kampaniýasynda Meksiko bilen aralykdaky serhete “uly-uly diwar” çekmek, musulmanlara ýurda girmegi gadagan etmek we möhüm erkin söwda ylalaşyklaryny ýatyrmak barada berlen wadalara eýerip, syýasatdan bihabar milliarder Donald Trampy prezidentlige saýlady.

Ýewropa kontinentinde Polşada milletçi hökümet häkimiýet başyna geldi. Italiýada Ýewropa Bileleşiginiň tarapyny çalýan hökümet çökdi, Awstriýa hem Ýewropa Bileleşiginiň taryhynda ilkinji gezek bir aşa-sagçynyň döwlet baştutany edip saýlanmagynyň öňüni kynlyk bilen aldy.

Bularyň bary bir syýasy hadysanyň bölegi. Analizçiler bu hadysany näme diýip atlandyrjagyny bilenok. Sagçy-ganatyň döremegi, populizmiň döremegi, täsirli gatlaga garşy partiýalar – näme diýilse-de, esasy syýasy partiýalary aňk-taňk eden bu özgerişiň Günbataryň sosial we ykdysady syýasatyny güýçli ýagdaýda täzeden şekillendirmegi mümkin.

“Halkyň uly böleginiň açyk serhetlerden ýa açyk söwdadan yza çekilmegi näme üçin goldaýandygy maňa entek aýdyň däl. Ýöne bu ýerde ikä bölnen jemgyýet bar. Munuň bir bölegi globalizmiň ýa immigrasiýa meseleleriniň öz bähbitlerine bolmandygyna ynanýar. Şol sebäpden ses berişlikde protest bildirýär” diýip, Britaniýanyň Northumria uniwersitetinde ABŞ-nyň taryhy boýunça professor Maýkel Kullinane (Michael Cullinane) aýdýar.

2017-nji ýylda Italiýada, Fransiýada, Germaniýada we Gollandiýada geçjek saýlawlar häkimiýet başyndaky gatlaga garşy ýagdaý barada synag bolup, Ýewropa Bileleşiginiň Breksitden beýläk-de bölünme ähtimallygynyň bar ýa ýokdugyny görkezer. Sebäbi populistik partiýalar Brýussele öz ýurtlarynyň bähbitlerine we kimligine abanýan howp diýip garaýarlar.

“Biziň isleýänimiz gymmatlyklary, kimligi, medeniýeti we puly yzyna getirip, milli bähbitleri gaýtadan dikeltmek” diýip, Gollandiýanyň sagçy populistik Azatlyk partiýasynyň başlygy Geert Wilders aýdýar. Dürli ideologiýalara eýerseler-de, bu suratlandyryş beýleki populistik partiýalaryň-da aglabasyna häsiýetli.

Täsirli gatlaga we düzgüne garşy partiýalar Fransiýada Marine Le Peniň “Front National” (FN) partiýasyny, Germaniýada “Alternative für Deutschland”, solçy-ganatda hem Ispaniýadaky “Podemos” we Gresiýadaky “Syriza” ýaly partiýalary öz içine alýar. Bu partiýalar immigrasiýa we berk tygşytlylyga garşy çykyş etseler-de, olaryň saýlawçylaryny aladalandyrýan iş orunlary, girdeji, globallaşygyň olary işsiz goýmagy, immigrasiýadan gorky, medeni üýtgeme we terrorizm ýaly zatlar.

Britaniýada ses berijiler syýasy we ykdysady netijeleri hakda edilen çynlakaý duýduryşlara garaman, ýurdy gepleşikler arkaly Ýewropa Bileleşiginden çykarmaly diýip ses berdiler.

Häzir Günbatar paýtagtlarynyň köpüsinde orta atylýan esasy sorag bu partiýalaryň öz jemgyýetlerini nädip täzeden şekillendirmäge girişjekdigi.

Analizçileriň aglabasynyň garaýşyça, häzirki wagtda aýratyn howp astynda duran Ýewropa Bileleşigi. Sebäbi geljek ýyl Italiýada, Fransiýada, Gollandiýada we Germaniýada saýlawlar geçýär, özi-de Breksidiň täsiri astynda. Galyberse-de, bu ýurtlarda Brýussele garşy güýçli partiýalar ýa syýasy akymlar bar.

Italiýada populistik partiýa Baş ýyldyz hereketini saýlawçylaryň 30 prosenti goldaýar. Häzir ýurtda ikinji orunda duran bu partiýa Italiýa ýewro zonadan çykmalymy ýa däl diýip referendum geçirilmegini isleýär. Saýlawçylaryň 12 prosentiniň goldawyna eýe beýleki populistik partiýa, ýagny Demirgazyk liga bolsa milletçi we anti-immigrant. Ol Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginden tutuşlaýyn çykmagyny talap edýär.

Gollandiýada hem ýurduň beýleki syýasy liderleri Wilderse häkimiýet başyna gelmegi mümkin her bir koalisiýada ýaranlyga girerden aşa ekstremist diýip garasalar-da, geljek martda geçjek umumy saýlawlarda Azatlyk partiýasynyň sesleriň aglabasyny alaryna garaşylýar.

Fransiýada aprelde prezident saýlanýar. Bu ýerde hem pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, FN-iň başlygy Le Pen öz bäsdeşi orta-sagçy Respublikanlaryň kandidaty François Fillondan sanlyja prosent yzda. Ýewropa Bileleşigine garşy we anti-immigrant Le Pen saýlanan halatynda, Ýewropa Bileleşigini terk etmek ýa terk etmezlik babatda referendum geçirmegi wada etdi.

Germaniýada ýewro zona garşy “Alternative für Deutschland” partiýasy 22-nji oktýabrdan bärde geçmeli edilen saýlawlarda parlamente girmäge taýýarlanýar. Ýewropa Bileleşigine däl-de, umumy pula, immigrasiýa we yslama garşy bu partiýa 2013-nji ýylda döräli bäri köp saýlawçyny özüne çekip, Germaniýanyň 16 sany ýerli parlamentinde orun gazanmagy başardy.

Soňky pikir soralyşyklara görä, ony goldaýanlaryň sany 16 prosent töweregi. Şeýlelikde, bu partiýa esasy oppozision partiýa bolan Sosial demokratlardan (22 prosent) soňra üçünji orunda durýar. Kansler Angela Merkeliň Hristian demokratik bileleşigini goldaýanlar ilatyň 32 prosenti.

“Häzir bilşimiz ýaly, Ýewropa Bileleşigine töwekgelçilikli ýyllar garaşýar” diýip, Brýusseliň Ýewropa syýasatyny öwreniş merkeziniň syýasy analizçisi Marko Inserti aýdýar.

“Käbir ýurtlaryň belli ugurlara gönükmegi bilen Bileleşik soňlanarmy ýa-da bu ýurtlar Ýewropa Bileleşiginden çekilip, ol başga formada ýa kiçeňräk toparlanyşyk bolup galarmy, esasy sorag şu”.

Birleşen Ştatlarda bolsa, Trampyň Respublikan administrasiýasynyň onuň “Amerikany gaýtadan beýiklet” diýen şygary astynda haýsy ugra gönükjekdigini 20-nji ýanwardan soňra görmeli.

“Trampyň özüni nähili alyp barjakdygyny öňünden aýtmak juda kyn. Ol saýlaw kampaniýasynda aýdan ähli zatlaryny amala aşyrmak üçin basyş edermi ýa ol bularyň sanlyjasyny amala aşyrmak islese, onda bular haýsylar bolar. Bu zatlar bir ideologiýa däl-de, ilkinji nobatda, onuň özüne, onuň öz şahsyýetine bagly” diýip, Brýusselde ýerleşýän Garman Marşal fondunyň işgäri Rosa Balfour aýdýar.

Tramp ykdysady taýdan kynçylyk çekýän we öz bähbitleriniň syýasy elita tarapyndan äsgermezlik edilýändigini aýdýan amerikanlara wekilçilik etmegi wada edende bikanun immigrasiýanyň öňüni aljakdygyny, Birleşen Ştatlaryň senagatyny goramak üçin söwda ylalaşyklary barada berk gepleşikler geçirjekdigini öwran-örwan gaýtalady.

Köp analizçileriň garaýşyça, populistik partiýalaryň çalt ösmegine sebäp bolan 2008-nji ýylda bolan maliýe krizisinden bäri Günbatar ýurtlarynda ykdysady ösüşiň haýal gidýänligi.

“Biz 2008-nji ýyl we şol ýyl bolan global maliýe krizisinden bäri tutuş dünýädäki hökümetleriň ykdysady ösüşi adamlaryň durgunlyk ýa depressiýadan soňra garaýşy ýaly ilerledip bilmändigine şaýat bolup gelýäris” diýip, Kullinane belleýär.

Synçylaryň aýtmagyna görä, ykdysady kynçylyklar Günbatardaky has uly problemalaryň alamaty. Häzirki syýasy bulam-bujarlyga-da şonuň sebäp bolýan bolmagy ähtimal.