Hökümet haryt bolçulygynyň ýola goýlandygyny aýdýar, ilat nobata düzülýär

Azyk harytlarynyň bazary, Türkmenistan

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen mediasy prezidentiň tabşyrygyna laýyklykda, azyk bolçulygyny üpjün etmek, bazarlarda we dükanlarda azyk önümleriniň we sowgat harytlarynyň bolçulygyny ýola goýmak boýunça çäre görülýändigini habar berdi.

Döwlet telewideniýesiniň 23-nji dekabrdaky gepleşiginde Aşgabadyň söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň “mynasyp orun eýeleýändigi” aýdyp, satylýan harytlaryň görnüşleri ýekeme-ýeke sanalyp geçildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň baýramçylykdan öň azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek barada soňky aýlarda eden tabşyryklary tutuş ýurt boýunça käbir esasy azyk önümleriniň satuwdan ýitirim bolan pursatlaryna gabat geldi.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň alnynda haryt bolçulygyny emele getirmek meselesinde aýdylýan resmi çäreler bilen bir wagtda şu günler hem dükanlaryň öňünde uly nobatlary görmek mümkin. Döwlet eýeçiligindäki bu dükanlardaky nobatlar şeker, pagta ýagy we mesge ýagy ýaly esasy azyk harytlaryny satyn almak üçin döreýär.

“Edil şu gün şeker satylýar diýlip, Aşgabadyň Parahat 2/2 etrapçasynyň 79-njy dükanynda 40-dan gowrak adam nobata durdy. Şol bir dükanyň arka tarapynda ortaça hasapdan 350-500 adamlyk ýene bir nobat bardy. Olar çilimiň nobatynda duran adamlardy” diýip, Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, döwlet dükanlary ir sagat ýediden işläp başlaýar, emma nobatlar dükan entek açylmanka döreýär, gyt harytlaryň satylyp-satylmajagy anyk bolmasa-da, alyjylar üýşüp başlaýarlar.

Şol bir wagtda-da paýtagtyň täze açylan uly bazarlarynda alyjy göze ilmeýär.

“Paýtagtyň gaýtadan gurlup, golaýda açylan öňki “Summar” we “Mir” häzirki ady bilen “Älemgoşar” we “Paýtagt” bazarlarynda harytlar bar, emma harytlaryň görnüşleri we hili taýdan ozalky derejedäki bolçulyk ýok, meselem, ýokary hilli un we dürli görnüşli çaý tapdyranok” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtda açylan baýramçylyk bazarlarynda-da ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, alyjylaryň azdygy aýdylýar. “Baryp ýolkalary ýa-da sowgatlary satyn alýan adam köp göze ilmeýär” diýip, Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Paýtagtlylaryň adatça iň köp barýan ýeri bolan “Ors” we “Teke” bazarlarynda-da gyzgalaňly söwdanyň göze ilmeýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar soňky ýylyň dowamynda ilat köpçüliginiň alyjylyk ukybynyň pese gaçandygynyň sebäbi ýurtda harytlaryň, öý-hojalyk tölegleriniň we beýleki durmuş harajatlarynyň gymmatlandygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň başyndan azyk harytlary azyndan 30% we öý-hojalyk tölegler 10 esse gymmatlady. Benziniň bir litrniň bahasy bir ýylyň dowamynda 60 teňňeden, bir manada ýetdi.

Şu hepdede Türkmenistanyň hökümeti ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýurduň 6,2% derejesinde gazanan ösüşiniň hasaba alnandygyny yglan etdi we öňdebaryjy pudaklaryň arasynda söwda ugruny görkezdi.

Emma ýurtda dowam edýän azyk gytçylygy, gymmatlaşyklar, aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň gijikdirilmegi ýaly ykdysady kynçylyklar ýurt resmileri we habar beriş serişdeleri tarapyndan agzalman gelýär.