Gyt harytlaryň satylyp başlanmagynyň sebäbi näme?

Aşgabadyň söwda merkezi

Soňky günlerde Aşgabadyň dükanlarynda azyk harytlarynyň san we görnüş taýdan ozalkysyndan has köpelen döwründe “The Ekonomist” neşri polisiýa döwleti hökmünde tanalýan Türkmenistanyň geljek ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda ýurduň ykdysady durnuklylygy barada pikir döretmek isleýändigini belleýär.

Bolçulyk, çilim hem bar

Soňky hepdäniň dowamynda Aşgabadyň lomaý we bölekleýin söwda edýän dükanlaryň ençemesinde, il içinde «Optowyý» diýlip tanalýan bazarda, «Berkarar» söwda merkeziniň «Kämil» dükanynda ilkinji nobatda spirtli içgileriň dürli görnüşleri, Orsýetde öndürilen süýjüler, şeýle-de Ukrainanyň «Roşen» fabriginiň süýjüleri köp mukdarda peýda boldy. Orsýetde öndürilen et önümleri ýene-de satuwda peýda boldy diýlip, soňky günlerde Azatlyk Radiosyna Aşgabatdan gowuşan maglumatlarda aýdylýar.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň prezidentiniň täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda halky azyk önümleri we harytlar bilen üpjün etmegi tabşyryp eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda şu ýylyň dowamynda azyk önümleriniň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň ýüze çykmagyna ýurduň daşyndan haryt satyn alýan ýerli telekeçilere daşary ýurt pulunda hasaplaşyk etmek mümkinçiliginiň resmi derejede ýatyrylmagy öz täsirini ýetiripdi.

«Daşary ýurt walýutasynda daşary ýurtlar bilen söwda etmäge hukuk berlen kärhanalaryň sany örän çäkli. Şu günler içerki bazarda köp mukdarda daşary ýurt harytlarynyň peýda bolmagy, lomaý söwda edýän kärhanalaryň ýene ençemesine pul çalşygyna rugsat berlen bolmagyny çak etmäge esas döredýär» diýip, ýurtda söwda ugrundaky düzgünlerden habarly çeşmämiz habar berýär.

15-nji dekabrda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 40 günlük arakesmeden soň çilim satylyp başlandy we munuň üçin ýene uly nobatlar döredi.

Aýlyklar hem berildi

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, paýtagtda döwlet edaralarynyň işgärlerine ençeme aý bäri gijikdirilen aýlyklar berlipdir, şeýle-de döwlet edaralary bilen işleşen hususy kärhanalaryň ençemesinde hem işgärler bilen hasaplaşylypdyr.

Şol bir wagtda-da şu günler puly nagtlaşdyrmagyň problema bolmagynda galýandygy habar berilýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň aýtmaklaryna görä, bankomatlaryň azlyk etmegi, olaryň köpüsinde ýeterlik möçberde puluň bolmaýandygy, ençemesiniň asla işlemeýändigi ilatyň öz pullaryny alyp bilmän kösenmegine sebäp bolýar. Işleýän bankomatlaryň öňünde adatça uly nobatlar döreýär.

Käbir ýerli synçylar soňky günlerde Türkmenistanda harytlaryň çürt-kesik köpelmegine, ençeme aý bäri öz zähmetkeşleriniň öňünde bergidar bolan döwlet kärhanalarynyň bergilerini üzlüşmäge ukybynyň artmagyna Türkmenistanyň daşardan gelen goşmaça maliýe serişdesine eýe bolmagynyň sebäp bolandygyny çak edýärler.

'Türkmenistanyň Orsýetden karz sorandygy aýdylýar'

Türkmenistanyň prezidentiniň noýabr aýynda Orsýete eden sapary wagtynda karz sorandygy barada habar berilýär. Hususan-da, Orsýetiň mediasy G.Berdimuhamedowyň rus kärdeşi Wladimir Putinden 2 milliard dollar möçberinde kredit sorandygyny habar berdi. 1-nji noýabrda Soçide geçiren şol gepleşikler ýapyk gapylaryň aňyrsynda bolupdy.

Britaniýanyň “The Economist” neşiri dünýäde gazyň bahasynyň ýokary bolan wagtynda ýylda 10 milliard dollar möçberinde girdejä eýe bolan Türkmenistanyň şol puluň aglabasyny awtoritar prezident G. Berdimuhamedowyň kaşaň proýektlere harç edendigini belläp, ýurduň umumy içerki önümçiliginiň soňky ýyllardaky 10% ösüşden 3% möçberindäki defisit derejesine ýetendigini, walýuta rezerwleriniň ýylyň dokuz aýynda gowşandygyny aýdýar.

Neşir Türkmenistanyň ykdysady yza gaýdyşynyň adaty raýatlara has güýçli agram salýandygyny belleýär we hususan-da, milli manadyň daşary ýurt pullaryna öwrülişiginiň resmi derejede ýatyrylmagynyň harytlaryň 28% gymmatlamagyna getirendigi, şeýle hem esasy azyk önümleriniň gytçylygynyň döremegine, döwlet kärhanalarynda işgärleriň sanynyň azaldylmagyna getirendigi aýdylýar.

Şeýle-de, “The Economist” neşriniň bellemegine görä, yzyly-yzyna kitap çap etdiren, altyn çaýylan heýkelini dikdiren prezident G.Berdimuhamedow öz şahsyýet kultuny güýçlendirmegini dowam etdirýär, şol bir wagtda-da ol Türkmenistana polisiýa döwleti hökmünde giň derejede garalýan hem bolsa, geljek ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda ýurduň ykdysady durnuklylygy barada pikir döretmek isleýär.

Türkmenistanda dörän azyk önümleriniň gytçylygy, gymmatlaşyklar, aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň gijikdirilmegi we beýleki ykdysady kynçylyklar barada ýurt resmileri we habar beriş serişdeleri resmi derejede söz aýtmadylar.

Türkmen hökümeti ýurtda ykdysady kynçylyklaryň güýçlenen wagtyda “Azyk howpsuzlygy barada kanun” kabul etdi.